Türkmenistan — Fransiýa: netijeli gatnaşyklar berkidilýär

23 Iýun 2023
461

19-njy iýunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi.

Ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz döwletara hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek esasynda yzygiderli giňeldilýändigini nygtady.

"Nesil".