Türkmenistan — Ermenistan: ulag-logistika meselelerine seredildi

23 Iýun 2023
697

21-nji iýunda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Andranik Aleksanýan hem-de bu edaranyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy.

Onda Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri ulag-logistika meseleleriniň, hususan hem, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň ermeni ýük daşaýjylary tarapyndan ulanylmagynyň aýratyn möhümdigini bellediler. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.