Zenanlar dialogy: dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp

24 Iýun 2023
541

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan sebit we dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklaryny yzygiderli işjeňleşdirýär. Dostluk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň işi-de netijeliligi, yzygiderliligi bilen öz ornuny pugtalandyrýar.

2020-nji ýylda Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň hem-de Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen zenanlaryň dialogy sebitiň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Ol sebitde gender deňligini üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň has netijeli bolmagyna uly itergi berýär. Gender deňligini üpjün etmek, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek Durnukly ösüş maksatlarynyň 17 ugrunyň biridir. 2021-nji ýylda bu möhüm düzümiň işine Özbegistan Respublikasy, 2022-nji ýylda Türkmenistan döwletimiz ýolbaşçylyk edipdi. 2023-nji ýylda onuň işine başlyklyk etmek Gazagystan Respublikasynyň paýyna düşdi.

Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.