TÜRKMEN — EÝRAN DOSTLUGY: gadymy gatnaşyklaryň täze sahypasy

24 Iýun 2023
1373

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli edýän tagallalary, işlemäge döredýän mümkinçilikleri tutumly işlerimiziň hemmesiniň rowaçlanmagyna ýardam berýär. Iş saparlary bilen daşary döwletlerde bolan wagtymyz muňa doly göz ýetirýäris. Şu ýylyň 30-31-nji maýynda Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar öňden gelýän dostlukly gatnaşyklarymyzyň berkemegine, netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine uly itergi beren ähmiýetli waka öwrüldi.

Her gezek, nesip çekip, iş sapary bilen ýola düşenimizde, gaýry ýurda ilkinji gezek gidýän ýaly tolgundyryjy duýgyny başdan geçirýäris. Bu, belki, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň metbugat wekillerine bildirýän ynamlarynyň täsirinden döreýän bolmagy mümkin. Ynamyň güýji her bir ynsany uly jogapkärçilige borçly edýär. Şol bildirilýän ynamy ýerine salmak bolsa biziň Watanyň öňündäki bergimizdir. Şu gezek hem şeýle boldy. Iş saparyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda bolan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň medeni maksatnama esasynda baryp, gören, tanşan ýerlerinde ýanynda habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bolmagy, bizi hem tolgundyran, hem buýsandyran waka boldy. Mähriban zenanyň her bir edaly hereketi nusgalyk görelde bolup, gaýry ýurtda: «Ynha, türkmen zenanlarynyň edebi, edasy, paýhasy, pikiri şeýledir» diýdirdi. Türkmen zenanlarynyň ýüzi bolup, döwletimiziň abraýyna, derejesine, milli ýörelgelerine buýsanyp, şol beýiklikleri görkezip bilmek ýaly uly bagt ýok bolsa gerek. Tähran şäherinde saparyň çäginde geçirilen duşuşyklarda bu ýörelgelerimiz öz aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Tähranyň medeni ojaklaryna baryp gördi. Her bir barlan, görlen ýerler, täsir galdyrmak bilen birlikde, iki halkyň taryhy, ruhy, medeni kökleriniň özeninde saklanýan milli ýörelgeler söhbetdeşlikleriň, duşuşyklaryň çäklerinde öz aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Türkmen halky myhmanparaz halk. Şol babatda, myhman bolup baran ýerinde myhman hormaty bilen olary serpaýlamak däplerimiz hem hiç wagt ýatdan çykarylanok. Halypamyzyň derejeli myhman sarpasy bilen baran ýerlerinde her bir medeni ojagyň wekillerine sowgat-serpaý bilen halkymyzyň asylly ýörelgelerini görkezmegi Watanymyzyň abraýyna ygrarly mähriban zenanyň beýik adamkärçiligini ýene bir ýola ýüze çykardy. Halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa ussat halyçy. Onuň halyçylyk ugrunda bitiren işlerini, bu ugra goşan saldamly goşandyny göz öňüne tutup, geçen ýyl Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at berildi. Senetçilikde ussatlyk görkezýän zenanlarymyz el zähmeti bilen sungat döredýärler. Gudrat hökmünde seredilip, sungat derejesine göterilen türkmen gelin-gyzlarynyň el işleri häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan sarpalanyp, Arşa göterilýär. «Türkmen halyçylyk sungatynyň», «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» ugurlar boýunça dünýä gymmatlyklarynyň sanawyna girmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Iş saparynyň çäklerinde halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy, hanym Jamile Alamolhoda bilen duşuşdy. Duşuşyk zenanlara mahsus mähribanlyk, ýürekdeşlik, birek-birege ynanyşmak häsiýetinde geçdi. Elbetde, eýranly ýolbaşçy zenanlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Berlen sowallaryň ählisine halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa paýhaslylyk bilen, her bir jogabyň öz inçeligine görä, sadadan-saldamly jogap berdi. Türkmen gelin-gyzlarynyň el işleri eýranly zenanlary özüne çeken, türkmen tarapyndan bu duşuşyga gatnaşýan zenanlaryň milli lybaslary olarda täsir galdyran bolmaga çemeli. Her bir berilýän sowal el işleri, zenanlaryň durmuşy, olaryň jemgyýetde tutýan orny barada boldy. Hanym Jamile Alamolhoda haly nusgalary bilen bagly özüni gyzyklandyran sowal bilen ýüzlenende, halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa stoluň üstünde duran ýaşyl Baýdagymyzda ýerleşdirilen haly göllerini görkezip, nusgalaryň aýratynlygyny inçelik bilen düşündirdi. Şeýle-de häzirki wagtda gelin-gyzlarymyzyň lybaslarynyň — keteniniň, panbarhatlaryň, öýmeleriň ählisiniň öz ýurdumyzda öndürilýändigini, hatda zenanlarymyzyň öz dakynýan şaý-sepleriniň zenanlar tarapyndan ýasalýandygyny buýsanç bilen belledi. Islendik döwletiň wekili bolup, dil aýratynlygyna garamazdan, zenanlar ähli babatda dil tapyşmaga, ýürekdeşlik bilen söhbetdeş bolmaga ymtylýarlar. Saçak başynda hanym Jamile Alamolhodanyň: «Biz öňden bäri tanyş, edil bir maşgala ýaly» diýip bellemegi duşuşygyň has ýürekdeşlik bilen geçendiginden habar berýär.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby».