Habarlar halkara giňişlikde

22 Iýun 2023
498

Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçirilen çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde Terrorçylyga garşy ýokary derejeli hepdeligiň çäginde geçirilen çärelere gatnaşdy. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň terrorçylyga garşy göreş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisinde eden çykyşynda W.Hajiýew Merkezi Aziýada BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy göreş strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin täzelenen Hereketleriň meýilnamasynyň mehanizmini güýçlendirmegiň we Duşenbe prosesiniň çäginde sebit ýurtlarynyň tagallalaryny dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».