Söwda mümkinçilikleri giňeldiler

26 Iýun 2023
512

17-18-nji iýunda Eýranyň Maşat şäherinde ýerleşýän Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy edarasynda geçirilen «Eýranyň we Türkmenistanyň eksport we söwda mümkinçilikleri» atly maslahatynda Türkmenistanyň we Eýranyň telekeçileri özara söwda mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Iki gün dowam eden işewürlik maslahatyna Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri, Horasan Razawi welaýatynyň resmi wekilleri, eýran-türkmen bilelikdäki söwda edarasynyň başlygy Mohammed Nejad, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, şeýle hem Eýranyň işewür we söwda guramalarynyň agzalary gatnaşdylar.

Çeşme: www.business.com.tm