Türkmenistan — TÜRKSOÝ: döredijilik hyzmatdaşlygy berkidilýär

25 Iýun 2023
695

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar.

Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamyny hem ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda dürli medeni çäreleri, şol sanda bäsleşikleri, Medeniýet hepdeligini, şeýle hem dostlukly ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, dürli ýurtlaryň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini, halkara festiwallary, maslahatlary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli dowam edýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr.

«Mugallymlar gazeti».