Türkmenistan — TÜRKSOÝ: köpöwüşginli baýramçylyk ruhy

24 Iýun 2023
866

Şu gün Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi açylýar. Bu medeni forum Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Halkara çäräniň ýurdumyzda dowam edýän Medeniýet hepdeligi bilen utgaşykly guralmagynda aýratyn many-mazmun bar. Çünki Türkmenistan TÜRKSOÝ guramasy, türki dünýäniň ýurtlary bilen gatnaşyklary, şol sanda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär, üstesine, bu ýurtlary gadymy dost-doganlyk ýörelgeleri, taryhy-medeni kökler, hoşniýetli däpler birleşdirýär.

Türki döwletleriň 24 — 29-njy iýun aralygynda paýtagtymyzda geçirilmegi bellenen Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasy uly we baý çäreleri göz öňünde tutýar. Çäreler köpöwüşginli baýramçylyk ruhuny wada berýär. Olara Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri bolar. Soňra hepdelik paýtagtymyzyň köp sanly medeni ojaklarynda, hususan-da, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde we elbetde, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dowam eder.

Oraz ABDYÝEW.
“Türkmenistan”.