"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Iň ys­sy ap­rel aýy

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň kli­ma­ty öw­re­niş gul­lu­gy (C3S) Ýer ýü­zün­de iň ys­sy ap­rel aýy­nyň ha­sa­ba al­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le hem soň­ky 11 aýyň äh­li­sin­de aý­ra­tyn­lyk­da ys­sy re­kor­dy­nyň tä­ze­le­nen­di­gi mä­lim edil­di. Şeý­le­lik­de, ge­çen ýy­lyň iýu­nyn­dan bä­ri her aý ozal­ky ýyl­lar­da­ky şol aý­dan has ys­sy bo­lup­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da ho­wa bi­len bir ha­tar­da de­ňiz ýü­zün­dä­ki su­wuň tem­pe­ra­tu­ra­sy hem ýo­kar­lan­ýar. Ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ho­wa­nyň gyz­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi hök­mün­de gör­ke­zil­ýär. Şeý­le-de bol­sa, bi­ler­men­ler Ýu­waş um­ma­ny­nyň gün­do­ga­ryn­da su­wuň gyz­ma­gy­na se­bäp bo­lan «El Ni­no» ýy­ly ho­wa aky­my­nyň hem ho­wa­ny gyz­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Hin­dis­tan­da ka­gyz pu­luň ula­ny­ly­şy azal­dy

Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hin­dis­tan­da elekt­ron tö­leg ul­ga­myn­dan has köp peý­da­la­ny­lyp baş­lan­dy. Bi­ler­men­ler elekt­ron tö­le­giň ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin hem bähbitlidigini bel­le­ýär­ler. Dün­ýä­de yk­dy­sa­dy taý­dan bä­şin­ji ýer­de dur­ýan Hin­dis­tan­da Bir­le­şen tö­leg in­ter­feý­si (UPI) at­ly tö­leg ul­ga­my 2016-njy ýyl­da ula­ny­lyp baş­lan­dy. Bu tö­leg ul­ga­my 15 ýyl ozal ta­nyş­dy­ry­lyp, şol wagt ýurt­da tö­le­giň 96 gö­te­ri­mi nagt görnüşde ama­la aşy­ryl­ýar­dy. Bu ul­gam ra­ýat­la­ra el te­le­fon­la­ry­ny karz pe­te­gi hök­mün­de ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ula­ny­jy­lar goş­ma­ça tu­tum bol­maz­dan, 600 tö­we­re­gi bank­dan öz ha­sap­la­ry­na pul ge­çi­rip bil­ýär­ler. Tö­leg ul­ga­my işe gi­ri­zi­len­den soň­ra 500 we 1000 ru­piýalyk bank­not­lar do­la­ny­şyk­dan aý­ryl­dy. Şol wagt nagt pu­luň 86 gö­te­ri­mi­ni bu 2 bank­not eme­le ge­tir­ýär­di. Soň­ra bol­sa, 2 müň ru­pi­ýalyk pul­lar do­la­ny­şy­ga goý­be­ri­lip­di. Em­ma ge­çen ýy­lyň maý aýyn­da bu pul­lar hem do­la­ny­şyk­dan aý­ryl­dy. Bu bol­sa ýurt­da nagt pu­la bo­lan ze­rur­ly­gyň gör­ne­tin aza­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Re­kord de­re­je­de ulag ön­dür­di

Ýa­po­ni­ýa­nyň «Toyo­ta» kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ýe­niň hüm­me­ti­niň peselmeginiň hem-de gib­rid ulag­la­ra is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň tä­si­ri bi­len 4,94 tril­li­on ýen (31,9 mil­liard dol­lar) aras­sa peý­da ga­za­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le­lik­de, bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den iki es­se ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Ýa­pon bren­di­niň gir­de­ji­si bol­sa, mart aýyn­da ta­mam­la­nan ma­li­ýe ýy­lyn­da ge­çen ýy­lyň ma­li­ýe ýy­lyn­da­ky­dan 21,4 gö­te­rim ar­typ, 45,1 tril­li­on ýe­ne ýe­tip, ta­ry­hyn­da­ky iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji ha­sa­ba alyn­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň glo­bal sa­tu­wy soň­ky ma­li­ýe ýy­lyn­da De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da­ky hem-de Ýew­ro­pa­da­ky gib­rid ulag­la­ra bo­lan ýo­ka­ry is­le­giň ne­ti­je­sin­de 10,3 mil­li­on bir­li­ge ýe­tip­dir. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa bu ugur­da öz re­kor­dy­ny tä­ze­läp­dir. Aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si­niň gib­rid ulag­la­ry­nyň sa­tu­wy 31 gö­te­rim ar­typ, 3,7 mil­lio­na ýe­tip­dir. Şa­gel­di MY­RA­DOW,

Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny art­dyr­ýar

Ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «In­tel Corp.» 14 sa­ny ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­dy. Şeý­le­lik­de, ame­ri­kan we ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry çip üp­jün­çi­lik zyn­jyr­la­ry­ny güýç­len­dir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler. Kom­pa­ni­ýa­lar To­kio­da «Ýa­rym­ge­çi­ri­ji mon­taž sy­nag aw­to­ma­ty we stan­dart­laş­dy­ryl­ma­gy bar­lag bi­le­le­şi­gi» (SA­TAS) at­ly eda­ra dö­ret­di­ler. SA­TAS «In­tel»-iň Ýa­po­ni­ýa­da­ky şa­ham­ça­sy­nyň we ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da çip önüm­çi­li­gin­de aw­to­mat­laş­dy­ryl­ma­gy­ny we stan­dart­laş­dy­ryl­ma­gy­ny mak­sat edin­ýär. Bu kom­pa­ni­ýa­lar çip­le­riň gap­lan­ma­gy, bi­rik­di­ril­me­gi we sy­nag­dan ge­çi­ril­me­gi ýa­ly iş­le­ri aw­to­mat­laş­dy­rar­lar. Mu­ňa «Om­ron Corp.», «Mu­ra­ta Machi­ne­ry», «Ya­ma­ha Mo­tor» we «Re­so­nac Hol­dings» ýa­ly dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry hem ýar­dam eder. Bu baş­lan­gyç bi­len önüm­çi­li­giň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, tä­ze stan­dart­la­ryň kes­git­len­me­gi, kom­pa­ni­ýa­la­ryň glo­bal bäs­deş­li­gi­niň art­dy­ryl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär.

Da­na şa­hy­ry dün­ýä ta­na­ýar

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy türk­men hal­ky­nyň me­de­ni gym­mat­ly­gy, ru­hy ha­zy­na­sy hök­mün­de dün­ýä halk­la­ry­na giň­den ýe­ti­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­ti­mi­ziň kö­pu­gur­ly ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de dün­ýä halk­la­ry hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň oky­jy­sy­na öw­rül­di. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry häzire çenli dürli dil­le­re ter­ji­me edil­di. Ýa­ňy-ýa­kyn­da bol­sa, bu goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň gyr­gyz di­li­ne ter­ji­me edi­len­di­gi­niň şa­ýa­dy bol­duk. Tä­ze oky­jy­la­ryň äh­li­si be­ýik akyl­da­ryň be­ýan eden umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na, dur­muş ha­ky­ka­ty­na, dur­mu­şa dü­şün­mek üçin öňe sür­ýän yn­san­per­wer tag­ly­ma­ty­na iç­gin ara­laş­ýar­lar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta kün­je­gin­dä­ki Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan hä­zir­ki gün­ler­de akyl­da­ryň za­ma­na­nyň ösü­şi­ne, halk­la­ry, dö­wür­le­ri we ne­sil­le­ri bir­leş­dir­mä­ge go­şan go­şan­dy­na dü­şün­mä­ge oňaý­ly tä­sir ed­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da be­ýik türk­men şa­hy­ry­nyň ýa­dy­gär­li­gin­den baş­ga-da, 25 tö­we­re­gi da­şa­ry ýurt­ly ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň heý­kel­le­ri otur­dy­lar. Mu­nuň özi hem da­na şa­hy­ryň yn­san­per­wer tag­ly­mat­la­ry­nyň hä­zir­ki dö­w

Täze banknotlar dolanyşyga goýberildi

Ar­gen­ti­na­da il­kin­ji ge­zek 10 müň pe­so gym­ma­ty bo­lan bank­not­lar do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­di. 11 ame­ri­kan dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lan tä­ze bank­not­lar adam­la­ryň köp nagt pul gö­ter­me­gi­niň öňü­ni alar. Ýur­duň Mer­ke­zi ban­ky nagt ula­ny­ly­şy­ny aň­sat­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len hüm­me­ti has ýo­ka­ry pu­ly taý­ýar­la­dy. Şeý­le hem bank ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 20 müň pe­so­lyk bank­not­la­ryň hem do­la­ny­şy­ga goý­be­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Täze banknotlaryň çykmagy puluň daşalmagynda hem-de töleg edilende peýdaly bolar. Tä­ze pul­lar Hy­taý­da çap edi­lip­dir. Ýurt­da bank­not çap et­mä­ge müm­kin­çi­lik bar. Em­ma bu is­le­gi ka­na­gat­lan­dy­ryp bil­män­di­gi se­bäp­li Hy­taý, Bra­zi­li­ýa we Is­pa­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar­da pul çap edil­ýär.

Spor­tuň giň ge­rim­de ös­dü­ril­ýän me­ka­ny

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň alyp bar­ýan döw­let äh­mi­ýet­li, il-gün bäh­bit­li ta­gal­la­la­ryn­da sport sy­ýa­sa­ty mö­hüm orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Ýur­du­myz­da bi­na edi­lip, ula­nyl­ma­ga ber­len döw­re­bap sta­di­on­lar, sport mek­dep­le­ri we sport des­ga­la­ry ýaş tür­gen­le­riň uly to­pa­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam et­di. In­di olar ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­ýär­ler. Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni, spor­ty, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­my­zy Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na we hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy. Bu ýa­ry­şyň jem­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň «Gal­kan» hok­keý to­pa­ry bi­rin­ji or­na my­na­syp bol­dy.

Ta­ry­hyň öz­bo­luş­ly be­ýa­ny

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Änew­de ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar­dyr du­şu­şyk­lar, mas­la­hat­lar, tä­sir­li çä­re­ler bu ga­dy­my şä­he­riň şöh­rat­ly ta­ry­hy­ny, baý me­de­ni mi­ra­sy­my­zy öw­ren­mek­de hem-de giň­den wa­gyz et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­ta­by bol­sa, bu ugur­da ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk, eg­sil­mez ha­zy­na bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy­nyň öňü­sy­ra­syn­da hal­ky­my­za sow­gat edil­di. Aja­ýyp eser gys­ga wagt­da ulus-ili­mi­ziň söý­gü­si­ni ga­za­nyp, her bi­ri­mi­ziň ýan­ki­ta­by­my­za öw­rül­di.

Parahat durmuşyň goragçylarynyň hormatyna dabaralar

Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi. Häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris. Adamzadyň taryhyndaky iň ýowuz urşuň ýalynly ýyllarynyň uzak geçmişde galandygyna garamazdan, onuň pajygaly wakalaryny, ýüreklerde galdyran ýaralaryny ýatdan çykarmak mümkin däl. Halkymyzyň merdana ogullarynyň müňlerçesi elhenç söweşlerde janyny orta goýdular. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri üçin ildeşlerimiziň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy.

«EKS­PO» ser­gi­le­ri – yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň meý­dan­ça­sy

Ýur­du­myz­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ul­gam­da baý te­bi­gy se­riş­de­ler­den re­je­li peý­da­lan­mak­da, içer­ki müm­kin­çi­lik­le­ri da­şa­ry sy­ýa­sat bi­len ut­gaş­dy­ryp ös­dür­mek­de be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär. Ýur­du­myz­da ägirt uly möç­ber­li we giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz gül­läp ösü­şiň, aba­dan­çy­ly­gyň, bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny­na öw­rül­di. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­ne do­ly de­re­je­de go­şu­lyş­mak ug­ru­na eýer­mek bi­len, Hal­ka­ra ser­gi­ler eda­ra­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän Bü­tin­dün­ýä EKS­PO ser­gi­le­ri­ne üs­tün­lik­li gat­na­şyp gel­ýär. Äh­li ul­gam­lar­da ýe­ti­len be­lent sep­git­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýaý­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak we öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len, in­di bir­nä­çe ýyl bä­ri «EKS­PO» ser­gi­le­ri­ne iş­jeň gat­na­şyp gel­ýä­ris.

Ça­ga­la­ryň sag­ly­gy – döw­le­tiň gym­mat­ly baý­ly­gy

8-nji maýda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Ga­ny ekst­ra­kor­po­ral usul­da aras­sa­la­mak üçin ni­ýet­le­nen bu döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­ja­my do­wam­ly böw­rek ýet­mez­çi­li­gi ke­se­lin­den ejir çek­ýän nä­sag­la­ry has ne­ti­je­li be­jer­mä­ge, şu­nuň esa­syn­da ola­ryň ýa­şaý­şy­ny go­wu­landyr­ma­ga, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Be­ýik Ýeň­şiň şan­ly da­ba­ra­la­ry

1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň baý­ram edil­me­gi her bir türk­men ra­ýa­ty üçin şat­lyk­ly wa­ka­dyr. Ikin­ji Ja­han ur­şu­nyň al­dym-ber­dim­li sö­weş­le­rin­de beý­le­ki mil­let­ler bi­len bir ha­tar­da, türk­men ýi­git­le­ri hem hal­ky­my­za mah­sus bo­lan mert­lik, gaý­duw­syz­lyk bi­len sö­we­şip, gah­ry­man­çy­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Ola­ryň gah­ry­man­çy­lyk­la­ry ýur­du­my­za ab­raý, de­re­je, mer­te­be ge­ti­ren mert­lik­­den ny­şan­dyr. Hut şo­nuň üçin hem bu uruş­da gör­ke­zi­len gah­ry­man­çy­lyk, eder­men­lik mil­le­tiň ha­ky­da­syn­da ba­ky orun tut­dy. Paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň bi­na edil­me­gi, ol ýer­de «ba­ky oduň» alaw­lap dur­ma­gy, ýur­du­myz­da uruş we­te­ran­la­ry ha­kyn­da döw­let de­re­je­sin­de yzy­gi­der­li ala­da edil­me­gi, ola­ryň pen­si­ýa­la­ry­nyň do­wam­ly kö­pel­dil­me­gi, ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy bi­ziň ýur­du­myz­da Wa­tan ger­çek­le­ri­ne be­ril­ýän üns-ala­da­nyň döw­let de­re­je­sin­de­di­gin­den ha­bar ber­ýär.

Rowaçlygyň hem agzybirligiň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan özüniň iň täze taryhynda ozal hiç mahal ýetilmedik belentliklere ýeten kuwwatly ülkä öwrüldi. Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

Parahat durmuşyň goragçylarynyň hormatyna dabaralar

Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi. Häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris. Adamzadyň taryhyndaky iň ýowuz urşuň ýalynly ýyllarynyň uzak geçmişde galandygyna garamazdan, onuň pajygaly wakalaryny, ýüreklerde galdyran ýaralaryny ýatdan çykarmak mümkin däl. Halkymyzyň merdana ogullarynyň müňlerçesi elhenç söweşlerde janyny orta goýdular. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri üçin ildeşlerimiziň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy.

«Güneşli hem rahat günleň hakyna...»

Bize etmeli işleri we ýagşylyklary ýöriteläp öwretseler, etmesiz zatlardyr ýamanlyklar bilen durmuş we hakyda sataşdyrýar. Olary görmän-duýman, gizläp-ýaşyryp bolanok, her halatda ýagşy-ýamanyň parhyny we serhedini özüň seljermeli. Süýji ömri goramak, amanady abat saklamak üçin agyryly sanjymlary we agzymyzy ajadýan dermanlary kabul edişimiz ýaly, indi dolanyp sataşmazlyk üçin, durmuşyň iň agyr synaglaryny, iň ýowuz sapaklaryny ýatlamaly, öwrenmeli bolýarys. Dünýäniň bir böleginde «Ikinji jahan urşy», beýlekisinde «Beýik Watançylyk urşy» diýlip atlandyrylýan ýigriminji asyryň iň eýmenç wakasy hem ynsanyň Ýer ýüzünde ýaşap ýörse ýatlamaly we berk sapak edinmeli wakasy.

Weteranlar — halkyň guwanjy

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Daşoguz welaýat, Boldumsaz etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri uruş weteranlarynyň öýlerine baryp, asyrlyk ýaşa gadam goýan ýaşulularyň toý şatlygyny goşalandyrdylar. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary hem-de gymmat bahaly baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Häzir welaýat boýunça bar bolan uruş weteranlarynyň ikisi hem Boldumsaz etrabynda ýaşaýar. Şatlykly pursatlara beslenen toý çäresi, ilki bilen, gubadagly uruş weterany Köşek Soltanmyradowyň döwletli ojagyndan başlandy. Onuň bag-bakja bürenen belent başly öýüniň iç-daşy toý görnüşleri bilen bezenip-beslendi. Bu ojakda dutar-gyjak çalyndy, halypa bagşylaryň hoş owazy belentden ýaňlandy. Köşek Soltanmyradow üçin şu günleriň üýtgeşik gadyr-gymmaty, göwnüni ýagtyldýan şatlygy bar. Ol gutlagly gelenleri mähir bilen garşy alyp, toý saçagynyň başynda oturtdy, hoşallyk sözlerini aýtdy. Ömürboýy sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylyk bilen eýerip gelýän weteran bu baýram gününde gujurlanyp, has daýanan ýaly boldy. Köşek aganyň uruşdan soňky ykbaly hukuk goraýjy edaralar bilen baglanyşykly. Ol bu gulluklaryň düzüminde 40 ýyla golaý wagt abraý bilen işledi. Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň başynda ol hormatly dynç alşa çykdy.

Ýada salyň, baş egiň!

Düýn paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäreler geçirildi. Olara uruş weteranlary, dürli ýaşly ildeşlerimiz gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli weteranlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň çägi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli guralýan dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäresi şanly wakalary many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrdy. Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan ildeşlerimiziň hatyrasyna dikilen ýadygärlige gül goýmak dabarasy welaýatdaky çäreleriň başyny başlady. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Şeýle dabaralar Balkanabat şäherindäki, Daşoguz welaýat merkezindäki belent başly, ak lybasly binalar toplumynyň jümmüşindäki, Türkmenabadyň «Bitaraplyk» seýilgähindäki, Mary welaýat merkezindäki «Baky ot» ýadygärliklerine gül goýmak çäresinden başlandy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýerlerdäki harby bölümleriniň gullukçylary we serkerd

Akyldar şahyry sarpalap

Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligini töwerekleýin öwrenmäge hem-de onuň çuň mazmunly şygyrlaryny halkara jemgyýetçilige ýaýmaga döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan goşgularynyň agramly bölegi ynsanlaryň ahlak terbiýesine, ylymly-bilimli bolmagyna bagyşlanypdyr. Şoňa görä-de, akyldaryň döredijiligi her bir ata-ene, mugallymdyr terbiýeçi üçin gymmatly edep hazynasydyr. Onuň döredijiligi bilen daşary ýurt alymlary-da ir döwürlerden bäri gyzyklanyp gelýär. Magtymgulynyň eserlerini içgin öwrenen Arminiý Wamberi Günbataryň hem Gündogaryň medeniýetine belet alym, Merkezi Aziýa halklarynyň durmuşyny öz gözi bilen gören syýahatçy hökmünde şahyryň şygyrlarynyň dünýä edebiýatynda uly ornunyň bardygyny nygtaýar. «Ruslary Puşkinsiz, Tolstoýsyz göz öňüne getirmek mümkin bolmaýşy ýaly, türkmenlerem Magtymgulusyz göz öňüne getirmek kyndyr. Ol türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň iň ýokary derejede ýüze çykmasydyr» diýip, rus ýazyjysy Ýuriý Surowsew belleýär. Akyldaryň döredijiligi barada bu aýdylanlar onuň edebi mirasynyň gymmatyny has-da artdyrýar. Bular barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sergi binasynda «Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, dünýä dolýar şany Magtymgulynyň» atly maslahatda-da aýdylyp geçildi. Türkmenistanyň at gaza

Aşgabat şäheriniň gününe

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň taryhyndan hem şu gününden 1881-nji ýylda gadymy galaly Ashabatda harby serhet berkitmesi döredilipdir we şäher Zakaspiý oblastynyň dolandyryş merkezine öwrülipdir. 1919 — 1927-nji ýyllarda bolsa şäheriň ady Poltaraskiý diýlip atlandyrylypdyr. 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň paýtagty derejesine eýe bolupdyr. 1927-nji ýylda bolsa oňa «Aşgabat» diýen milli at berlipdir.

Gujagynda ýazlar güllän...

Her gezek şeýle bolýar, gül-gülälekli sähra çyksaň, daş-töweregiňi gurşap alan gyrmyzy, sary, al-ýaşyl gülleri ýekän-ýekän sypalap ezizläberesiň gelýär. Göýä ol güllerem saňa näz edýän ýaly görküni güjeňläp, ülpüldäp oturandyr. Emma olary eliňi uzadyp, ne ýolup bilersiň, ne-de gözelliginden ganyp. Hawa, ol baharyň gujagyndaky güller däl-de, öýüňdäki bahar-ýazy ýatladyp duran gözel halylaryň goýnundaky elwan bägüller hakynda şeýledir. Olar gyş-u-ýazyn seniň öý-ojagyňa hem-de ýüregiňe, kalbyňa gözellik paýlap ýörendir. Türkmen topragynda düşleýän baharyň asla sowulmazlygyny islän ene-mamalarymyz ony nepis türkmen halylarynyň süňňüne siňdiripdirler. Bu gün bahar türkmen halylarynyň gujagynda müdimilik ýer alyp, türkmen kalbyna öwrüldi. Türkmen halylary baharyň sungata siňen keşbi, gözelligiň ýoýulmajak nusgasydyr.