Ýewropa Bileleşiginiň klimaty öwreniş gullugy (C3S) Ýer ýüzünde iň yssy aprel aýynyň hasaba alnandygyny mälim etdi. Şeýle hem soňky 11 aýyň ählisinde aýratynlykda yssy rekordynyň täzelenendigi mälim edildi. Şeýlelikde, geçen ýylyň iýunyndan bäri her aý ozalky ýyllardaky şol aýdan has yssy bolupdyr.
Soňky ýyllarda howa bilen bir hatarda deňiz ýüzündäki suwuň temperaturasy hem ýokarlanýar. Gazylyp alynýan energiýa çeşmeleri howanyň gyzmagynyň esasy sebäbi hökmünde görkezilýär. Şeýle-de bolsa, bilermenler Ýuwaş ummanynyň gündogarynda suwuň gyzmagyna sebäp bolan «El Nino» ýyly howa akymynyň hem howany gyzdyrýandygyny belleýärler.