Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda elektron töleg ulgamyndan has köp peýdalanylyp başlandy. Bilermenler elektron tölegiň ýurduň ykdysadyýeti üçin hem bähbitlidigini belleýärler. Dünýäde ykdysady taýdan bäşinji ýerde durýan Hindistanda Birleşen töleg interfeýsi (UPI) atly töleg ulgamy 2016-njy ýylda ulanylyp başlandy. Bu töleg ulgamy 15 ýyl ozal tanyşdyrylyp, şol wagt ýurtda tölegiň 96 göterimi nagt görnüşde amala aşyrylýardy. Bu ulgam raýatlara el telefonlaryny karz petegi hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Ulanyjylar goşmaça tutum bolmazdan, 600 töweregi bankdan öz hasaplaryna pul geçirip bilýärler.
Töleg ulgamy işe girizilenden soňra 500 we 1000 rupiýalyk banknotlar dolanyşykdan aýryldy. Şol wagt nagt puluň 86 göterimini bu 2 banknot emele getirýärdi. Soňra bolsa, 2 müň rupiýalyk pullar dolanyşyga goýberilipdi. Emma geçen ýylyň maý aýynda bu pullar hem dolanyşykdan aýryldy. Bu bolsa ýurtda nagt pula bolan zerurlygyň görnetin azalandygyny görkezýär.