Ýurdumyzda durmuş-ykdysady ulgamda baý tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmakda, içerki mümkinçilikleri daşary syýasat bilen utgaşdyryp ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda ägirt uly möçberli we giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gülläp ösüşiň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly derejede goşulyşmak ugruna eýermek bilen, Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýär.
Ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak we öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, indi birnäçe ýyl bäri «EKSPO» sergilerine işjeň gatnaşyp gelýäris.