Ýarymgeçiriji önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Intel Corp.» 14 sany ýapon kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Şeýlelikde, amerikan we ýapon kompaniýalary çip üpjünçilik zynjyrlaryny güýçlendirmegi maksat edinýärler. Kompaniýalar Tokioda «Ýarymgeçiriji montaž synag awtomaty we standartlaşdyrylmagy barlag bileleşigi» (SATAS) atly edara döretdiler. SATAS «Intel»-iň Ýaponiýadaky şahamçasynyň we ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda çip önümçiliginde awtomatlaşdyrylmagyny we standartlaşdyrylmagyny maksat edinýär. Bu kompaniýalar çipleriň gaplanmagy, birikdirilmegi we synagdan geçirilmegi ýaly işleri awtomatlaşdyrarlar. Muňa «Omron Corp.», «Murata Machinery», «Yamaha Motor» we «Resonac Holdings» ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan ýapon kompaniýalary hem ýardam eder.
Bu başlangyç bilen önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, täze standartlaryň kesgitlenmegi, kompaniýalaryň global bäsdeşliginiň artdyrylmagy maksat edinilýär.