Da­na şa­hy­ry dün­ýä ta­na­ýar

10 Maý 2024
206

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy türk­men hal­ky­nyň me­de­ni gym­mat­ly­gy, ru­hy ha­zy­na­sy hök­mün­de dün­ýä halk­la­ry­na giň­den ýe­ti­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­ti­mi­ziň kö­pu­gur­ly ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de dün­ýä halk­la­ry hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň oky­jy­sy­na öw­rül­di. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry häzire çenli dürli dil­le­re ter­ji­me edil­di. Ýa­ňy-ýa­kyn­da bol­sa, bu goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň gyr­gyz di­li­ne ter­ji­me edi­len­di­gi­niň şa­ýa­dy bol­duk. Tä­ze oky­jy­la­ryň äh­li­si be­ýik akyl­da­ryň be­ýan eden umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na, dur­muş ha­ky­ka­ty­na, dur­mu­şa dü­şün­mek üçin öňe sür­ýän yn­san­per­wer tag­ly­ma­ty­na iç­gin ara­laş­ýar­lar.

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta kün­je­gin­dä­ki Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan hä­zir­ki gün­ler­de akyl­da­ryň za­ma­na­nyň ösü­şi­ne, halk­la­ry, dö­wür­le­ri we ne­sil­le­ri bir­leş­dir­mä­ge go­şan go­şan­dy­na dü­şün­mä­ge oňaý­ly tä­sir ed­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da be­ýik türk­men şa­hy­ry­nyň ýa­dy­gär­li­gin­den baş­ga-da, 25 tö­we­re­gi da­şa­ry ýurt­ly ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň heý­kel­le­ri otur­dy­lar. Mu­nuň özi hem da­na şa­hy­ryň yn­san­per­wer tag­ly­mat­la­ry­nyň hä­zir­ki dö­wür­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik­li gat­na­şyk­la­ryň aý­dyň my­sa­ly­dyr.