Be­ýik Ýeň­şiň şan­ly da­ba­ra­la­ry

10 Maý 2024
225

1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň baý­ram edil­me­gi her bir türk­men ra­ýa­ty üçin şat­lyk­ly wa­ka­dyr. Ikin­ji Ja­han ur­şu­nyň al­dym-ber­dim­li sö­weş­le­rin­de beý­le­ki mil­let­ler bi­len bir ha­tar­da, türk­men ýi­git­le­ri hem hal­ky­my­za mah­sus bo­lan mert­lik, gaý­duw­syz­lyk bi­len sö­we­şip, gah­ry­man­çy­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Ola­ryň gah­ry­man­çy­lyk­la­ry ýur­du­my­za ab­raý, de­re­je, mer­te­be ge­ti­ren mert­lik­­den ny­şan­dyr. Hut şo­nuň üçin hem bu uruş­da gör­ke­zi­len gah­ry­man­çy­lyk, eder­men­lik mil­le­tiň ha­ky­da­syn­da ba­ky orun tut­dy.

Paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň bi­na edil­me­gi, ol ýer­de «ba­ky oduň» alaw­lap dur­ma­gy, ýur­du­myz­da uruş we­te­ran­la­ry ha­kyn­da döw­let de­re­je­sin­de yzy­gi­der­li ala­da edil­me­gi, ola­ryň pen­si­ýa­la­ry­nyň do­wam­ly kö­pel­dil­me­gi, ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy bi­ziň ýur­du­myz­da Wa­tan ger­çek­le­ri­ne be­ril­ýän üns-ala­da­nyň döw­let de­re­je­sin­de­di­gin­den ha­bar ber­ýär.