"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

To­tu­la­ryň nä­çe gör­nü­şi bar?

Köp öý­ler­de be­zeg mak­sa­dy bi­len sak­lan­ýan to­tu­la­ryň Ýer ýü­zün­de 400-e go­laý gör­nü­şi bo­lup, bu guş­lar gep­läp bil­ýän­di­gi bi­len ta­nal­ýar. To­tu­lar üç uly to­pa­ra (ha­ky­ky to­tu­lar, ko­ka­to we Tä­ze Ze­lan­di­ýa to­tu­la­ry) bö­lün­ýär. To­tu­la­ryň esa­sy bö­le­gi Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da we Awst­ra­li­ýa­da ýa­şa­ýar. Bi­ri-bi­rin­den owa­dan, dür­li reňk­de öw­şün at­ýan to­tu­lar ara­gat­na­şyk sak­la­mak üçin bir­nä­çe ses­le­ri ulan­ýar­lar. Ada­ma öý­kü­nip bil­ýän, di­ýe­ni­ňi yzyň­dan gaý­ta­la­ýan to­tu­lar dün­ýä­dä­ki iň akyl­ly guş­lar ha­sap­lan­ýar. Öý­ler­de sak­lan­ýan to­tu­la­ryň kö­pü­si öza­ra gür­rüň­le­ri ýat­da sak­lap, gep­leş­ýän şe­kil­de dür­li söz­le­ri aý­dyp bil­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, to­tu­lar müň tö­we­re­gi sö­zi ýat tu­tup, müň­ler­çe se­se hem öý­kü­nip bil­ýär­ler. To­tu­lar uzak ýa­şa­ýan­dy­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Bi­ler­men­ler bu guş­la­ryň uzak ýa­şa­ma­gy­nyň sy­ry­ny akyl­ly­dy­gy we ugur­ta­py­jy­ly­gy bi­len dü­şün­dir­ýär­ler. Ýag­ny to­tu­lar dür­li te­bi­gy howp­la­ra gar­şy gö­re­şip, çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­dan baş alyp çy­kyp bil­ýär­ler. Şeý­le hem iý­ýän zat­la­ry­na üns­li çe­me­leş­ýär­ler. To­tu­la­ryň uly göw­re­li gör­nüş­le­ri ki­çi­le­ri­ne gö­rä has uzak ýa­şa­ýar. To­tu­la­ryň iň ulu­la­ry­nyň ag­ra­my 15-18 ki­log­ra­ma çen­li ýe­týär, iň ki­çi­le­ri bol­sa, 10 gram­dan geç­

Na­har­y gyz­gynlygyna so­wa­dy­ja salmaň!

Köp adam na­har­la­ny­lan des­si­ne ar­tyk­maç iý­mit­le­ri so­wa­dy­ja sal­ma­gy en­dik ed­ýär. Bu ada­ty ýag­daý ýa­ly bo­lup gö­rünse-de, gyz­gyn iý­mit­le­riň so­wa­dy­ja salynmagy oňaý­syz ne­ti­je­le­re ge­ti­rip bil­ýär. Na­har­lar so­wa­­manka gyz­gyn­ly­gy­na so­wa­dy­ja salnan­da iý­mit­le­niş gym­mat­ly­gy­nyň ýit­me­gi­ne we so­wa­dy­jy­nyň za­ýa­lan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li na­hary ma­za­ly so­wan­dan soň so­wa­dy­ja sal­ma­ly. Mun­dan baş­ga-da, gyz­gyn iý­mit so­wa­dy­jy­nyň için­dä­ki tem­pe­ra­tu­ra­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar we beý­le­ki iý­mit­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Şeý­le hem so­wa­dy­jy­nyň komp­res­so­ry içer­dä­ki gyz­gyn­ly­gy pe­selt­mek üçin köp iş­le­me­li bol­ýar we bu ýag­daý yzy­gi­der­li do­wam eden­de en­ja­ma ag­ram düş­ýär. Bi­ler­men­ler gyz­gyn iý­mi­ti so­wa­dy­ja sala­nyň­da bak­te­ri­ýa­la­ryň has çalt kö­pel­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu bak­te­ri­ýa­lar iý­mi­ti çalt za­ýa­lap, ýu­murt­ga, et önüm­le­ri­ne hem-de gök önüm­le­re hem tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Şonuň üçin hem bi­ler­men­ler iý­mit zä­her­len­me­sin­den go­ran­mak üçin, şeý­le hem so­wa­dy­jy­da­ky azyk önüm­le­ri­ni uzak sak­la­mak üçin gyz­gyn na­ha­ry 2 sa­gat­dan soň so­wa­dy­ja sal­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.

To­mus­ky dynç al­şy nä­hi­li ge­çir­me­li?!

Üs­tü­miz­dä­ki okuw ýy­ly hem ta­mam­la­nyp bar­ýar. Ýe­ne-de bir­nä­çe gün­den okuw ders­le­rin­den sy­nag­lar gu­ta­ryp, to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi baş­lan­ýar. Gö­räý­mä­ge in­di­ki okuw möw­sü­mi­ne köp wagt bar ýa­ly. Em­ma to­mus­ky dynç alyş der­rew geç­ýär. Eý­sem, to­mus­ky dynç al­şy nä­hi­li ge­çir­me­li?! To­mus­ky dynç al­şy peý­da­ly we gy­zyk­ly ge­çir­mek üçin is­le­ýän zat­la­ry­ňy­zy me­ýil­leş­dir­me­li. El­bet­de, me­ýil­leş­dir­ýän iş­le­ri­ňi­zi özü­ňi­ze gö­rä edip bil­mer­si­ňiz. Mu­nuň üçin ene-ata­ňyz bi­len mas­la­hat­laş­mak ze­rur­dyr. Ýur­du­my­zyň owa­dan kün­jek­le­ri­ne ge­ze­lenç et­mek, dost­la­ryň bi­len oý­na­mak ýa­ly dynç alyş çä­re­le­ri­niň ha­ta­ry­na ki­tap oka­mak, sport bi­len meş­gul­lan­mak we öý iş­le­ri­ne kö­mek­leş­mek ýa­ly çä­re­le­ri hem goş­ma­ly.

Sa­çyňyzyň agaran taryny go­par­maň!

Kä­te şar ga­ra sa­çy­my­zyň ara­syn­da ýe­ke­je aga­ryp du­ra­ny­ny gör­ýä­ris hem-de ba­da-bat go­par­mak ka­ra­ry­na gel­ýä­ris. Halk ara­syn­da sa­çyň agy­ny go­par­saň, onuň sa­ny­ has-da kö­pel­ýär di­ýen gür­rüň­ler bar. Eý­sem, sa­çyň aga­ran ta­ry­ny go­par­mak zy­ýan­ly­my? Sa­çyň her gün 50-100 tö­we­re­gi ta­ry­nyň dö­kül­me­gi ada­ty ýag­daý ha­sap­lan­ýar. Em­ma sa­çyň agar­ma­gy sa­çyň dö­kül­me­gi bi­len bag­ly ýag­daý bol­man, mu­nuň aý­ra­tyn se­bäp­le­ri bar. 28-40 ýaş ara­ly­gyn­da saç­da­ky pig­ment­le­riň sa­ny te­bi­gy ýag­daý­da aza­lyp ug­ra­ýar. Se­bä­bi me­la­nin ön­dür­ýän öý­jük­leriň (me­la­no­sit) işleýşi ha­ýal­lap baş­la­ýar we bu ýag­daý sa­çyň te­bi­gy reň­ki­ni ýi­tir­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şeý­le­lik­de, me­la­nin ýet­mez­çi­li­gin­de sa­çyň her ýe­rin­de ak ýa-da çal gyl­lar peý­da bol­ýar. Sa­çyň ak gy­ly­ny go­par­mak kel­le de­ri­si­niň öý­jük­le­ri­ne ze­per ýe­ti­rip, sa­çyň beý­le­ki ýer­le­rin­de hem ak sa­pa­jyk­la­ryň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bol­ýar.

Ga­ra äý­nek da­kyn­mak: mo­da­my ýa-da zerur­­lyk?

Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de äý­nek meş­hur ak­ses­su­ar­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Köp­ler äý­ne­gi ýag­ty­lyk­dan go­ran­mak üçin da­kyn­ýan bol­sa, kä­bir adam ow­nuk hat­la­ry oka­mak we uzak­da­ky za­dy saý­gar­mak üçin, kä­bir­le­ri gel­şik­li gö­rün­mek üçin äý­nek da­kyn­ýar. Gel­şik­li gö­rün­mek üçin da­ky­nyl­ýan hem bol­sa ga­ra äý­nek­ler Gün şöh­le­sin­den, beý­le­ki ýi­ti ýag­ty­lyk çeş­me­le­rin­den we to­zan­dan go­ran­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Uzak wagt­lap Gün şöh­le­si­ne se­ze­war bol­mak gö­ze çyn­la­kaý ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Ga­ra äý­nek Gün­den gel­ýän ult­ra­me­lew­şe (UV) şöh­le­le­ri­ni yzy­na ser­pik­di­rip, gö­züň ze­per­len­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Mun­dan baş­ga-da, äý­nek da­kyn­mak inf­ra­gy­zyl şöh­le­le­ri­niň tä­si­ri­ni hem azald­ýar. Nä­hi­li äý­nek saý­la­ma­ly?

Tramp ynam­ly öň­de bar­ýar

ABŞ-nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp äh­li mö­hüm ştat­lar­da ge­çi­ri­len pi­kir so­ra­ly­şyk­lar­da hä­zir­ki Pre­zi­dent Jo­zef Baý­den­den ynam­ly öň­de bar­ýar. Bu ba­ra­da «The New York Ti­mes» ga­ze­ti ha­bar ber­di. Ga­zet beý­le­ki ne­şir­ler bi­len bir­lik­de Pen­sil­wa­ni­ýa, Ari­zo­na, Jor­ji­ýa, Mi­çi­gan, Ne­wa­da we Wis­kon­sin ştat­la­ryn­da so­sio­lo­gik bar­lag ge­çir­di. Bu ştat­lar «ikir­jiň­len­ýän» ştat­lar ha­sap­lan­ýar, çün­ki saý­law­lar­da ola­ryň gol­da­wy de­mok­rat­lar­dan res­pub­li­kan­la­ra ge­çip, saý­law­la­ryň umu­my ne­ti­je­le­ri­ne tä­sir edip bi­ler.

Söw­da do­la­ny­şy­gy artýar

2023-nji ýyl­da Rus­si­ýa bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy 44 mil­liard dol­lar­dan geç­di. Bu ba­ra­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Mi­ha­il Ga­lu­zin mä­lim et­di. – Rus­si­ýa ge­çen ýyl Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň esa­sy söw­da we yk­dy­sa­dy hyz­mat­da­şy bo­lup, se­bi­t ýurt­la­ry bi­len da­şa­ry söw­da­nyň möçberi 33 gö­te­ri­me deň boldy – di­ýip, M.Ga­lu­zin Ufa şä­he­rin­de gu­ra­lan «Wal­dai» Hal­ka­ra dis­kus­si­ýa klu­bu­nyň 4-nji Mer­ke­zi Azi­ýa kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da wi­deo bag­la­ny­şy­gy ar­ka­ly eden çy­ky­şyn­da aýt­dy.

Se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ ös­düriler

Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry 9-njy aw­gust­da Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­tyn­da du­şu­şar­lar. Bu ba­ra­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew As­ta­na­da­ky se­bit ýurt­la­ry­nyň Howp­suz­lyk Ge­ňeş­le­ri­niň sek­re­tar­la­ry bi­len du­şu­şy­gyn­da aýt­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. Pre­zi­den­tiň söz­le­ri­ne gö­rä, se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len «Mer­ke­zi Azi­ýa – 2040» stra­te­gi­ýa­sy iş­le­nip dü­zül­di.

Wýet­namyň tä­ze Pre­zi­denti

Wýet­nam So­sia­lis­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li mas­la­ha­ty ýur­duň tä­ze Pre­zi­den­ti­ni saý­la­dy. Bu ba­ra­da TASS ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­di. 21-nji maý­da Ha­noý­da Mil­li mas­la­ha­tyň mej­li­si ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da 472 de­pu­tatyň hemmesi döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne Wýet­na­myň do­lan­dy­ry­jy Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi ko­mi­te­ti­niň Sy­ýa­sy býu­ro­sy­nyň ag­za­sy, jem­gy­ýet­çi­lik howp­suz­ly­gy mi­nist­ri, go­şun ge­ne­ra­ly To La­myň da­laş­gär­li­gi­ni gol­da­dy.

Şwe­si­ýa dört gün­lük iş hep­de­si­ne geç­mek­çi

Şu ýy­lyň güý­zün­den baş­lap, Şwe­si­ýa­da­ky bir­nä­çe kär­ha­na­lar al­ty aý möh­let bi­len zäh­met ha­ky­ny üýt­get­män, dört gün­lük iş hep­de­si­ne ýa-da gys­gal­dy­lan iş gü­nü­ne geç­mek­çi. Bu tek­lip tä­jir­çi­lik mak­sat­ly bol­ma­dyk «4 Day We­ek Glo­bal» gu­ra­ma­sy­nyň we­ki­li An­na-Ka­rin Al­de­rin ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­di. – Me­niň pi­ki­rim­çe, zäh­met bi­ziň özü­mi­zi go­wy duý­ma­gy­myz we go­wy iş­le­me­gi­miz üçin az wag­ty öz içi­ne al­ma­ly­my­ka diý­ýä­rin. Hä­zir­ki wagt­da nä­hoş­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy köp­lenç uku­syz­lyk we stres bi­len bag­la­ny­şyk­ly – di­ýip, An­na-Ka­rin Al­de­rin bel­le­di.

Ýel turbinasy par­ky işe girizildi

Finl­ýan­di­ýa­nyň «For­tum» we «He­len» ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry ýur­duň gün­ba­ta­ryn­da iň uly ýel ge­ne­ra­tor­la­ry­nyň park­la­ry­nyň bi­ri­ni işe gi­riz­di­ler. Bu park 56 sa­ny ýel tur­bi­na­syn­dan yba­rat bo­lup, ýyl­da 1 TWt/sa­gat­dan gow­rak ener­gi­ýa ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr. Bu ýurt­da­ky ýel ener­gi­ýa­sy­nyň umu­my önüm­çi­li­gi­niň 5 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. «For­tum» ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne, «He­len» bol­sa, 40 gö­te­ri­mi­ne eýe­çi­lik ed­ýär. Soň­ku­sy elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň hyz­mat ediş möh­le­ti­niň do­wa­myn­da ön­dü­ril­ýän ener­gi­ýa­nyň, tak­my­nan, 50 gö­te­ri­mi­ni sa­tyn al­mak is­le­ýär. Äpet ýel tur­bi­na­la­ry­ny da­şa­mak iş­le­ri uly göw­rüm­li ýük­le­re ni­ýet­le­nen Kas­ki­nen por­ty ar­ka­ly ama­la aşy­ry­lyp, ýel tur­bi­na­la­ry­ny gur­nal­ýan ýe­ri­ne elt­mek üçin 728 gat­naw ge­rek bol­dy.

Iň uly eme­li to­ka­ý dö­re­di­ler

Du­baý­da ke­nar ýa­ka­sy­nyň ug­ry bi­len 72 ki­lo­met­re uzap gid­ýän dün­ýä­niň iň uly eme­li to­ka­ýy peý­da bo­lar. «Du­bai Mang­roves» (Du­ba­ýyň mang­ro to­ka­ýy) at­ly bu tas­la­ma 100 mil­li­on mang­ro aga­jy­nyň otur­dyl­ma­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, de­ňiz ot­la­ry­nyň we mer­jen ga­ýa­la­ry­nyň muk­da­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer. Bu eme­li to­kaý 10 müň iş or­nu­ny dö­re­dip, se­bit­de eko­sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­me­gi­ne ýardam berer. Adat­ça, kö­mür­tur­şy ga­zy­ny siň­dir­mä­ge ukyp­ly­dy­gy bi­len ta­nal­ýan mang­ro to­kaý­ly­gy ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, ýyl­da 1,23 mil­li­on ton­na kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne siň­di­rer. Bu bol­sa, 260 müň sa­ny ben­zin ýak­ýan aw­tou­la­gyň zy­ýan­ly zy­ňyn­dy­sy­na ba­ra­bar­dyr.

Olim­pia­da­dan gel­jek gir­de­ji

Fran­si­ýa 2024-nji ýy­lyň Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­dan 6,7 – 11,1 mil­liard ýew­ro möç­ber­de sap yk­dy­sa­dy peý­da ga­zan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu ba­ra­da Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň (HOK) res­mi saý­tyn­da ha­bar ber­il­ýär. Sport hu­ku­gy we yk­dy­sa­dy­ýe­ti mer­kez ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra la­ýyk­lyk­da, oýun­lar ýur­da 2,3 – 3,1 mil­li­on ada­my çe­kip, ola­ryň 64 gö­te­ri­mi fran­si­ýa­ly­lar bo­lar. Myh­man­la­ryň çyk­da­jy­la­ry­nyň 2,6 mil­liard ýew­ro deň bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. 7 mil­liard ýew­ro­nyň me­dia-hu­kuk­la­ryň sa­tu­wyn­dan, he­ma­ýat­kär­lik­den, pe­tek­ler­den we uzak möh­let­le­ýin inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ryn­dan, şeý­le-de Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­tin­den gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Döw­let, esa­san hem, ýer­li jem­gy­ýet­ler üçin tas­la­ma­la­ra 3 mil­liard ýew­ro ma­ýa goý­mak­çy.

Möh­le­tin­den öň Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler

28-nji iýun­da Eý­ran­da no­bat­dan da­şa­ry Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu ba­ra­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň saý­law mer­ke­zi­niň met­bu­gat sek­re­ta­ry Moh­sen Es­la­mi mä­lim et­di. – 28-nji iýun­da Eý­ra­nyň ta­ry­hyn­da on dör­dün­ji Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler – di­ýip, Moh­sen Es­la­mi bel­le­di. Es­la­mi da­laş­gär­le­riň ha­sa­ba alyn­ma­gy­nyň 28-nji maý­da baş­la­jak­dy­gy­ny aýt­dy.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Mol­do­wa­nyň mej­li­si 20-nji okt­ýabr­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­ny ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şol gün ýur­duň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne go­şul­ma­gy ba­ra­da sa­la sal­şyk hem ge­çi­ri­ler. Bu ka­rar do­lan­dy­ry­jy «He­re­ket we raý­daş­lyk» par­ti­ýa­sy­nyň de­pu­tat­la­ry ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di. We­ne­sue­la buz­luk­la­ry­ny ýi­tir­di. We­ne­sue­la öz çä­gin­dä­ki iň soň­ky buz­lu­gy­ny ýi­tir­di. Bu ba­ra­da «Fo­bos» me­teo­ro­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň hü­när­men­le­ri mä­lim et­di­ler. Buz­luk şeý­le­bir ki­çel­di we­lin, alym­lar oňa «buz meý­da­ny» di­ýen de­re­jä­ni ber­di­ler. Ol ga­ra­şy­ly­şyn­dan çalt ere­di, ýag­ny buz­lu­gyň meý­da­ny iki gek­tar­dan hem az boldy.

MAGTYMGULY PYRAGY – ÝOKARY MEDENIÝETLILIGIŇ NUSGASY

Hal­kyň me­de­ni­ýe­ti asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la gel­ýär hem-de onuň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da şöh­le­len­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­ny oka­nyň­da, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň äh­mi­ýet­li maz­mu­ny has giň­den açyl­ýar. Şo­nuň üçin hem türk­men me­de­ni­ýe­ti diý­len­de, Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si öňüň­de açyl­ýar hem mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň gym­mat­ly­gy­na öw­rül­ýär. Umu­man, hal­ky­my­zyň yl­my we me­de­ni­ýe­ti Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şah­sy­ýe­ti bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Se­bä­bi mil­li me­de­ni­ýe­tiň, yl­myň göz­baş­la­ry­ny, onuň do­wa­my­ny şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de gör­mek bol­ýar. Me­de­ni­ýe­tiň ýö­rel­ge­le­ri­ adam­zat me­de­ni­ýe­ti di­ýlen dü­şün­jäni ke­ma­la getir­ýär. Adam­yň dü­şün­je­si­ne, bi­li­mi­ne we özü­ni alyp bar­şy­na se­re­di­lip, onuň me­de­ni­ýet­li­li­gi ha­kyn­da ne­ti­je çy­ka­ryl­ýar. Mil­li me­de­ni­ýet bi­len me­de­ni­ýet­li­lik aý­ry-aý­ry dü­şün­je­ler bol­sa-da, adam­zat me­de­ni­ýe­tin­de hal­kyň öz­leş­di­ren gym­mat­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň bel­li bir dü­zü­mi sak­lan­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­men me­de­ni­ýe­ti» at­ly ki­ta­byn­da me­de­ni­ýet mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýet di­ýen to­pa­ra bö­lün­ýär. Ada­myň ru­hy me­de­ni­ýe­ti onuň dö­re­di­ji­li­ge dü­şü­ni­şin­den, sö­züň ma­ny­sy­ny tes­wir­le­mek we ne­ti­je çy­kar­mak m

Ýaramaz endigiň zyýany

«Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça 2022–2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy» he­re­ket­de

Türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň berk sü­tün­le­ri

Ýur­du­myz da­şa­ry sy­ýa­sat işin­de dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň iler­le­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Dün­ýä­de yla­laş­dy­ry­jy mer­kez hök­mün­de ta­nal­ýan ýur­du­myz hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da ýü­ze çyk­ýan çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ryň çö­zül­me­gin­de di­ňe sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gu­ral­la­ryň ula­nyl­ma­gy­nyň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. Türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry, se­bit hem-de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da öza­ra dü­şü­niş­mek we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mu­ňa Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de «Rus­si­ýa – Ys­lam dün­ýä­si: Ka­zan­Fo­rum – 2024» XV hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­ma­gy hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr.

BI­LIM­LI ÝAŞ­LAR – ÝUR­DU­MY­ZYň GEL­JE­GI

Is­len­dik ýur­duň gel­je­gi­ni ýaş­lar kes­git­le­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, döw­let­le­riň ag­la­ba­syn­da ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek, ola­ra döw­re­bap bi­lim ber­mek iş­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu bol­sa, il­kin­ji no­bat­da, gel­jek­de dur­nuk­ly jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­de ýaş­la­ra aý­gyt­laý­jy or­nuň de­giş­li­di­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýaş­la­ryň ba­şar­ny­gy­ny, kuw­wa­ty­ny mil­le­tiň, adam­za­dyň bäh­bi­di, dün­ýä­niň pa­ra­hat­çy­ly­gy üçin peý­da­lan­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Ýaş­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ma­ga gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­tyň is­len­dik ýur­duň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni bol­sa dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň tej­ri­be­si do­ly su­but ed­ýär. Şo­nuň üçin ata Wa­ta­ny­my­zyň buý­sanç­ly ösüş­le­ri­ni, öz­ge­riş­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de do­wam et­dir­mek üçin gel­je­gi­miz bo­lan ýaş­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen, ru­hy taý­dan sag­dyn adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri döw­rüň ze­rur me­se­le­le­ri­niň bi­ri­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň uzak ta­ry­hyň do­wa­myn­da top­lan we kä­mil­leş­dir­len ter­bi­ýe­çi­lik, bi­lim ber­mek tej­ri­be­si­ne, yl­myň ga­za­nan­la­ry­na da­ýa­ny­lyp, türk­men ýaş­la­ry­nyň ylym, ru­hy-ah­lak taý­dan saz­la­şyk­ly ös­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le h

Ça­ga­ – durmuşyň güli

1-nji iýun­da dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­de bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da hem Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni giň­den bel­le­nil­ýär. Bu se­ne dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len raý­daş­ly­gyň, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry we bäh­bit­le­ri ba­bat­da esas go­ýu­jy mak­sat­la­ry­na, ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­ly­gyň be­ýa­ny hök­mün­de ýur­du­my­zyň res­mi baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Ýur­du­myz­da ýaş ra­ýat­lar üçin has oňaý­ly şert­le­ri üp­jün et­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­re jo­gap­kär­li çe­me­le­şil­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­niň 190 döw­le­ti­niň ha­ta­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­sy­ny tas­syk­lap, ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň üp­jün edil­me­gi­ne we ola­ryň bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy­na de­giş­li borç­na­ma­la­ry ber­jaý ed­ýär.