MAGTYMGULY PYRAGY – ÝOKARY MEDENIÝETLILIGIŇ NUSGASY

24 Maý 2024
182

Hal­kyň me­de­ni­ýe­ti asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la gel­ýär hem-de onuň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da şöh­le­len­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­ny oka­nyň­da, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň äh­mi­ýet­li maz­mu­ny has giň­den açyl­ýar. Şo­nuň üçin hem türk­men me­de­ni­ýe­ti diý­len­de, Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si öňüň­de açyl­ýar hem mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň gym­mat­ly­gy­na öw­rül­ýär. Umu­man, hal­ky­my­zyň yl­my we me­de­ni­ýe­ti Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şah­sy­ýe­ti bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Se­bä­bi mil­li me­de­ni­ýe­tiň, yl­myň göz­baş­la­ry­ny, onuň do­wa­my­ny şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de gör­mek bol­ýar.

Me­de­ni­ýe­tiň ýö­rel­ge­le­ri­ adam­zat me­de­ni­ýe­ti di­ýlen dü­şün­jäni ke­ma­la getir­ýär. Adam­yň dü­şün­je­si­ne, bi­li­mi­ne we özü­ni alyp bar­şy­na se­re­di­lip, onuň me­de­ni­ýet­li­li­gi ha­kyn­da ne­ti­je çy­ka­ryl­ýar. Mil­li me­de­ni­ýet bi­len me­de­ni­ýet­li­lik aý­ry-aý­ry dü­şün­je­ler bol­sa-da, adam­zat me­de­ni­ýe­tin­de hal­kyň öz­leş­di­ren gym­mat­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň bel­li bir dü­zü­mi sak­lan­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­men me­de­ni­ýe­ti» at­ly ki­ta­byn­da me­de­ni­ýet mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýet di­ýen to­pa­ra bö­lün­ýär. Ada­myň ru­hy me­de­ni­ýe­ti onuň dö­re­di­ji­li­ge dü­şü­ni­şin­den, sö­züň ma­ny­sy­ny tes­wir­le­mek we ne­ti­je çy­kar­mak müm­kin­çi­li­gin­den ke­ma­la gel­ýär. Ýo­ka­ry me­de­ni­ýet­li şah­sy­ýet hök­mün­de Py­ra­gy öz goş­gu­la­ryn­da ylym al­mak, oka­mak, sö­ze dog­ry dü­şün­mek ba­ra­­da anyk pi­kir­le­ri­ be­ýan ed­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy «Ogul – Aza­dym» at­ly aý­dy­şyk goş­gu­syn­da ata­syn­dan ylym-bi­lim al­mak hö­we­si­ni gaý­tar­maz­ly­gy­ny ha­ýyş ed­ýär. Ylym-bi­li­mi­ni art­dyr­mak üçin uly ylym mer­kez­le­ri­ne, güýç­li alym-ula­ma­la­ryň hu­zu­ry­na bar­mak şa­hyr üçin gym­mat­ly ze­rur­lyk bo­lup, şol hem goş­ga dart­gyn­ly­lyk hä­si­ýe­ti­ni ber­ýär. Şol şy­gyr­da şa­hyr: