Ça­ga­ – durmuşyň güli

24 Maý 2024
199

1-nji iýun­da dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­de bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da hem Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni giň­den bel­le­nil­ýär. Bu se­ne dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len raý­daş­ly­gyň, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry we bäh­bit­le­ri ba­bat­da esas go­ýu­jy mak­sat­la­ry­na, ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­ly­gyň be­ýa­ny hök­mün­de ýur­du­my­zyň res­mi baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.

Ýur­du­myz­da ýaş ra­ýat­lar üçin has oňaý­ly şert­le­ri üp­jün et­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­re jo­gap­kär­li çe­me­le­şil­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­niň 190 döw­le­ti­niň ha­ta­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­sy­ny tas­syk­lap, ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň üp­jün edil­me­gi­ne we ola­ryň bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy­na de­giş­li borç­na­ma­la­ry ber­jaý ed­ýär.