Na­har­y gyz­gynlygyna so­wa­dy­ja salmaň!

24 Maý 2024
331

Köp adam na­har­la­ny­lan des­si­ne ar­tyk­maç iý­mit­le­ri so­wa­dy­ja sal­ma­gy en­dik ed­ýär. Bu ada­ty ýag­daý ýa­ly bo­lup gö­rünse-de, gyz­gyn iý­mit­le­riň so­wa­dy­ja salynmagy oňaý­syz ne­ti­je­le­re ge­ti­rip bil­ýär. Na­har­lar so­wa­­manka gyz­gyn­ly­gy­na so­wa­dy­ja salnan­da iý­mit­le­niş gym­mat­ly­gy­nyň ýit­me­gi­ne we so­wa­dy­jy­nyň za­ýa­lan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li na­hary ma­za­ly so­wan­dan soň so­wa­dy­ja sal­ma­ly. Mun­dan baş­ga-da, gyz­gyn iý­mit so­wa­dy­jy­nyň için­dä­ki tem­pe­ra­tu­ra­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar we beý­le­ki iý­mit­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Şeý­le hem so­wa­dy­jy­nyň komp­res­so­ry içer­dä­ki gyz­gyn­ly­gy pe­selt­mek üçin köp iş­le­me­li bol­ýar we bu ýag­daý yzy­gi­der­li do­wam eden­de en­ja­ma ag­ram düş­ýär.

Bi­ler­men­ler gyz­gyn iý­mi­ti so­wa­dy­ja sala­nyň­da bak­te­ri­ýa­la­ryň has çalt kö­pel­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu bak­te­ri­ýa­lar iý­mi­ti çalt za­ýa­lap, ýu­murt­ga, et önüm­le­ri­ne hem-de gök önüm­le­re hem tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Şonuň üçin hem bi­ler­men­ler iý­mit zä­her­len­me­sin­den go­ran­mak üçin, şeý­le hem so­wa­dy­jy­da­ky azyk önüm­le­ri­ni uzak sak­la­mak üçin gyz­gyn na­ha­ry 2 sa­gat­dan soň so­wa­dy­ja sal­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.