Finlýandiýanyň «Fortum» we «Helen» energiýa kompaniýalary ýurduň günbatarynda iň uly ýel generatorlarynyň parklarynyň birini işe girizdiler. Bu park 56 sany ýel turbinasyndan ybarat bolup, ýylda 1 TWt/sagatdan gowrak energiýa öndürmäge ukyplydyr. Bu ýurtdaky ýel energiýasynyň umumy önümçiliginiň 5 göterimini emele getirýär.
«Fortum» ýel elektrik stansiýasynyň 60 göterimine, «Helen» bolsa, 40 göterimine eýeçilik edýär. Soňkusy elektrik stansiýasynyň hyzmat ediş möhletiniň dowamynda öndürilýän energiýanyň, takmynan, 50 göterimini satyn almak isleýär. Äpet ýel turbinalaryny daşamak işleri uly göwrümli ýüklere niýetlenen Kaskinen porty arkaly amala aşyrylyp, ýel turbinalaryny gurnalýan ýerine eltmek üçin 728 gatnaw gerek boldy.