Sa­çyňyzyň agaran taryny go­par­maň!

24 Maý 2024
172

Kä­te şar ga­ra sa­çy­my­zyň ara­syn­da ýe­ke­je aga­ryp du­ra­ny­ny gör­ýä­ris hem-de ba­da-bat go­par­mak ka­ra­ry­na gel­ýä­ris. Halk ara­syn­da sa­çyň agy­ny go­par­saň, onuň sa­ny­ has-da kö­pel­ýär di­ýen gür­rüň­ler bar. Eý­sem, sa­çyň aga­ran ta­ry­ny go­par­mak zy­ýan­ly­my?

Sa­çyň her gün 50-100 tö­we­re­gi ta­ry­nyň dö­kül­me­gi ada­ty ýag­daý ha­sap­lan­ýar. Em­ma sa­çyň agar­ma­gy sa­çyň dö­kül­me­gi bi­len bag­ly ýag­daý bol­man, mu­nuň aý­ra­tyn se­bäp­le­ri bar. 28-40 ýaş ara­ly­gyn­da saç­da­ky pig­ment­le­riň sa­ny te­bi­gy ýag­daý­da aza­lyp ug­ra­ýar. Se­bä­bi me­la­nin ön­dür­ýän öý­jük­leriň (me­la­no­sit) işleýşi ha­ýal­lap baş­la­ýar we bu ýag­daý sa­çyň te­bi­gy reň­ki­ni ýi­tir­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şeý­le­lik­de, me­la­nin ýet­mez­çi­li­gin­de sa­çyň her ýe­rin­de ak ýa-da çal gyl­lar peý­da bol­ýar. Sa­çyň ak gy­ly­ny go­par­mak kel­le de­ri­si­niň öý­jük­le­ri­ne ze­per ýe­ti­rip, sa­çyň beý­le­ki ýer­le­rin­de hem ak sa­pa­jyk­la­ryň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bol­ýar.