"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). «Ýer ala — ýurt ala» diýlen ýörgünli sözi eşidensiňiz. Türkmeniň Garagum sährasy Gyzylgum çölünden, Köpetdagy Köýtendagdan, Amyderýasy Murgapdan, Bathyz belentlikleri Üstýurt gyryndan, Kelif köli Sarygamyş kölünden tapawutly. Hersiniň öz täsinligi, diňe öz daş-töweregine muwapyk aýratynlygy, özboluşly owadanlygy bar.

Gara sazakly jülgede

«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň tutýan meýdany 34 müň 600 gektar bolup, ol öz içinde birnäçe tebigy meýdanlara bölünýär. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesi, «Çarlak tokaýy», «Demirgazyk jülgesi», «Günorta jülgesi», «Repetek Saharasy» — bular goraghananyň düzümindäki düzüm bölekleri, bolup geçýän tebigy hadysalary bilen tapawutlanýan meýdanlardyr. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesiniň «ýaman» ady käbir ylmy çeşmelerde «äpet uly, deňi-taýy bolmadyk tokaý» diýlip terjime edilýär. Bu meýdan başgaça, «hakyky çöl tokaýy» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi gür ösüp oturan ululy-kiçili gara sazaklaryň emele getirýän tokaýa meňzeş keşbi dünýäniň başga künjünde gaýtalanmaýan ajaýyp tebigaty döredýär. Goraghananyň tebigy meýdany onuň merkezi bagyndan 12 kilometr demirgazyk-günbatar ugurda ýerleşip, günbatardan gündogara 8 — 10 kilometre uzalyp gidýär. Bu sebit oý ýerdäki aklaň çäge-çöl ulgamydyr. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesine gara ýol arkaly aňsatlyk bilen barmak bolýar. Bu jülgäniň meýdany takmynan, 1000 gektara golaýdyr.

«Damja suwdan tal çykar»

Ata-babalarymyz suwa hemişe mukaddeslik hökmünde seredipdirler. Suw — ýaşaýşyň gözbaşy. Edebi çeşmelerde suw bilen baglanyşykly birnäçe maglumatlar duş gelýär. XI asyrda ýaşan meşhur türkmen dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» diýen işinde suw bilen baglanyşykly nakyllara uly orun berilýär. Olaryň hatarynda «Dag arkasyny egmez, deňiz gaýyk bilen beklenmez», «Akar suw köprüsiz bolmaz», «Balyk suwda, gözi gyrda», «Damja suwdan tal çykar» ýaly birnäçe nakyllary mysal getirmek bolar.

Gözel tebigatyň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýokary ösüşlere eýe bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna uludan taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşky gurşawy goramak we ekologiýa syýasatynyň netijesinde, tebigy baýlyklarymyzy geljek nesillerimize ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak ägirt uly işler amala aşyrylýar. 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini bölmek, onuň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek baradaky taryhy Kararlary kabul etdi.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +25... +30 gradus maýyl bolar.

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). Gyzylgumda sapardakam şu zatlar ýadyma düşdi. Soňam Garagumuň gollaryny söküşim, Gyzylgumda alaw bolup ýanýan gazly ýataklar, ojar-sazakly depeler, wyşkalar... hakda oýlana-oýlana, özüm üçin açyş etdim. Hudaý türkmen kowumyna gezek gelende gaty ezmaýyşlyk — elaçyklyk edipdir. Biziň howamyzyň gaty gyzgynlygy topragymyzyň astyndaky gudrat bilen bagly bolsa nätjek?! Depen ýeriňden güwläp gaz, gazan ýeriňden çogup nebit çykyp dursa, eýsem, saňa başga näme gerek?! Sowuk ýurtlarda gür tokaýam, çaýkanyp ýatan durnagöz kölem kän. Aram guşaklykdaky ýurtlarda agaçdan-jeňňelden ýaňa üsti görünmeýän dagam bar, hemişe suwa düşüp ýörmeli deňzem. «Mawy ýangyç» diýlip atlandyrylýan Alla beren baýlyk bolsa hemişe, gyş-u-ýaz, hemme ýerde gerek. Onsuz ýaşamagam, ykdysady taýdan öňe gitmegem müşgil. Şükür, türkmen topragynyň asty bolsa «mawy ýangyçdyr» «gara altyndan» ýaňa deňiz bolup çaýkanýar.

Köpetdag kyssalary

Gaýadaky aýak yzy we çeşmeden çykýan alma Şri-Lankada bir dag bar. Dag — adaty dag. Oty ot ýerinde, suwy suw ýerinde, tropiki agaçlar bar — gözel ýer. Howasy-da gowy. Iň beýik nokady 2524 metr. Bu babatda ol Köpetdagdan pesräk: Köpetdagyň iň beýik ýeri deňiz derejesinden 3191 metr ýokarda. Şri-Lankadaky dagda kebelek şeýle bir kän welin, ol daga «Kebelekli dag» hem diýýän ekenler.

Baly melhem balary

Dünýäde arylaryň 20 müňe golaý görnüşi bar. Olardan toýun gülarysy, melewşe balarysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Olar san taýdan azalýan görnüşleriň biridir. Bu arylar Günbatar Köpetdagda kösükli ösümlikleri tozanlandyrýarlar, uly bolmadyk maşgala bolup ýaşaýarlar. Maşgalada arylaryň 50-den 100-e çenlisi bolýar. Balarylar ösümlikleriň güllerini tozanlandyrmakda, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmakda, gymmatly azyk önümlerini öndürmekde uly ähmiýete eýedir. Arylar ösümlikleriň güllerini biri-birinden tapawutlandyrýarlar. Olar öň gonan gülüni ýadynda saklap, ikinji gezek şol güle gonmaýarlar. Balarylar güllerden toplan nektaryny bala öwürýärler. Ýygnalýan möwsümine we ösümligiň görnüşine görä balyň hili üýtgeýär.

Gözel tebigatymyz — mukaddes baýlygymyz

Ýurdumyzyň gözel tebigatyny, ondaky hemme janly-jandarlary, derýadyr deňizleri, çeşmeleri, çaýlary, daglyklary, düzlükleri, ýabany we adam eli bilen döredilen tokaýlyklary, bagy-bossanlyklary, umuman aýdanyňda, tebigatda bar bolan baýlyklary geljekki nesillerimize asyl durkunda miras galdyrmak esasy wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň ähli ýerinde tebigaty has hem gözelleşdirmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda köp işler şundan ugur alýar. Sähralardaky, daglardaky ajaýyp ýerlerde tebigy ýagdaýda ösüp oturan üzärlikleri, itburunlary, yşgynlary, buýanlary ýa-da çopantelpekleri görýäris. Paýtagtymyzyň günortasyna baryp seretseň, goja Köpetdagyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ajaýyp arça tokaýlyklaryna nazaryň düşýär. Şeýle hem Ýanbaş çeşmesini hem öz içine alyp, gadymy Bagyr obasynyň günortasy bilen, tä Gökdere çaýynyň demirgazyk gädiginden çykýan ýerine çenli ýüzlerçe gektar meýdany tutup oturan tokaýlar uzakdan gözleriňi nurlandyryp, kalbyňy joşdurýar.

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). Biziň halkymyzyň gudratly suwa bolan garaýşy, hormat-sylagy gadymydyr hem haýran galarlykdyr. Muňa nusgawy edebiýatda-da, agyzdan-agza geçip gelen rowaýatdyr tymsallarda-da, aýdymdyr lälelerde-de, monjugatdylardyr hüwdülerde-de, dessanlarda-da gabat gelmek bolýar.

Sazaklar — Garagumuň gymmatly ösümlikleri

Garagumda janly tebigatyň dürli wekilleri ýaşaýar. Dünýäniň beýleki çägeli çöllerinden tapawutlylykda, Garagumuň şeýle gazaply tebigy şertlerine uýgunlaşan ösümlikleriň sany az däldir. Şonuň üçin-de, Garaguma çöl däl-de, sähra diýilýär. Onuň ösümlik örtüginiň öwrenilmegi XIX asyryň ikinji ýarymynda başlandy. Häzirki wagtda alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, Garagumda 73 maşgala we 321 uruga degişli bolan ýokary derejeli gülli ösümlikleriň 757 görnüşi hasaba alnandyr. Cölde ösýän agaç ösümlikleriň 11 görnüşinden diňe 5-si: Konolliniň sözeni, gulanguýruk, gara sazak ýa-da ojar, gara we ak gandymlar hakyky çöl agaçlarydyr. Agaçlaryň galan 6 görnüşi Garagumuň çäginde ýerleşýän derýalaryň we kölleriň boýlarynda duşýar.

Täsin gülli liana

Bezeg ösümlikleri ähli döwürlerde ýaşaýşyň hil görkezijisi bolup, häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde tehnikanyň we tehnologiýanyň depginli ösýän döwründe olara bolan gyzyklanma gün-günden artýar. Jaýlaryň içini ösümlikler — güller bilen bezemek otaglaryň içinde tebigatyň bir bölegini döretmek arzuwyny amala aşyrmak maksady bilen ýüze çykypdyr. Watany tropiki ýurtlar bolan bezeg ösümliklerini otag şertlerinde ulanmak ýaşaýşy bezeýär, kähalatlarda ol bejeriş häsiýetine hem eýedir. Bu sebäpden otag ösümlikleriniň bioekologiýa aýratynlyklary, olaryň ulanylyş we ösdürilip ýetişdiriliş usullary ylmy esaslarda öwrenilýär. Bu işe S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň ylmy işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Botanika bagynda ylmy taýdan öwrenilen ösümlikler gül-bezeg ösümlikleriniň görnüşlerini baýlaşdyrýar. Tropik we subtropik ösümlikleriň gazna ýyladyşhanasynda ösümlik görnüşleri biologik aýratynlyklaryna laýyklykda, ekologo-geografik usulda ýerleşdirilýär. Kolleksiýanyň esasyny düzýän arumlar maşgalasynyň wekilleriniň ýyladyşhana şertlerindäki morfologik üýtgemeleri, barlagdaky ösümlikleriň uýgunlaşma ýagdaýynda ösüş, boý alyş, gülleýiş, miweleýiş döwürlerini öwrenmek boýunça gözegçilik işleri geçirilýär. Geçirilen fenologik gözegçilik işlerinden alnan maglumatlar bu ösümlikleriň içki bezeg işlerinde giňden ulanylmaga m

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

Türkmenistan döwletimiz özbaşdaklygyny alanynyň yzýany Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzüm bölekleriniň biri hasaplanýan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Taryh sahypasynda galan 30 ýyl içinde mähriban Watanymyzyň milli medeni hem-de tebigy mirasyny öwrenmekde, dikeltmekde hem-de olary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmakda juda tutumly işler amala aşyryldy. Şu ýazgylar kagyza geçjek wagty şahyr Kakamyrat Rejebowyň aşakdaky goşgy setirleri ýada düşdi durdy. Garşy ýatan gara daglar daýym gorag-penaň bolsun!

Ýaşaýyş çeşmesi

Alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde:  «Toprak, howa, gyzgynlyk, suw, bular ýaşaýşyň dowam etmeginiň hökmany şertleri. Adam tebigatyň sazlaşykly guralan ýaşaýyş akymynyň dowam etmegine täsirini ýetirýär»  diýip nygtamak bilen, adam bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyga aýawly çemeleşmegiň wajyplyklary barada juda täsirli ündewlerini beýan edýär. Ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, suw — ynsan üçin ýaşaýyş çeşmesi. Suw bar ýerinde ýaşaýyş bar, täzeleniş, janlanyş bar. Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy, bereket çeşmesi bolan suwuň her damjasyny ata-babalarymyz altyna deňäpdir. Suw tebigaty janlandyrýar. Mukaddes hasaplanýan suw ýurdumyzyň ýaýylyp ýatan giň sähralyklaryny gülzarlyga, keramatly topragymyzy bolsa bereket mekanyna öwürýär. Şu nukdaýnazardan hem biziň halkymyz suwuň gadyryny bilip, ony sarpalap, suw bilen bagly «Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar», «Çöl görki suw, köl görki guw» ýaly peder pentlerini öz nesillerine miras galdyryp, suwuň asla ýok ýerinde guýy ýa-da käriz gazmak, jykyr gurmak arkaly ol ýerlere suw eltmegiň, suwy tygşytly ulanmagyň dürli ýollaryny gözläp, olary has-da kämilleşdiripdirler. «Paýhas çeşmesi» nakyllar kitabyndaky:  «Suw ýygnanyp, köl bolar, köp ýygnanyp — il» diýen parasatly jümle, häzirki döwürde-de ata-babalarymyzyň bina gurmak, guýy gazmak, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzd

Dirilik çeşmesi

Suw adamzadyň ýaşaýşynda örän möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Hakyň didaryny gören, baran ýerini bereket-bolçulyga, lälezarlyga besleýän suwuň ähmiýeti häzirki döwürde has artýar. Hormatly Prezidentimiz ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini üstünlikli çözmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şular bilen birlikde suw serişdelerini gorap saklamak, olardan netijeli peýdalanmak, önümçilige suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça anyk işler alnyp barylýar. Bu babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary halkara guramalarynda gyzgyn goldawa eýe bolýar. «Suw hakynda» Türkmenistanyň kodeksi suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, olary aýawly saklamagyň hem-de dikeltmegiň, hapalanmakdan we guramakdan gorap saklamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan düzgünlerini işläp taýýarlamak we ulanmak boýunça toplumlaýyn maksatnama üçin esas bolup durýar. Ýakynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda syýasy-ykdysady durmuş ugurlaryny öz içine alýan suw meselesiniň halkara derejesinde bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýägaraýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýändigini, suwa elýeterlik hukugynyň we onuň üçin jogapkärçiligiň üpjün edilmeginiň ähli döwletle

Gotan

Gotan suw guşy bolup, onuň bedeniniň uzynlygy 1,4 metr, ganatynyň uzynlygy 600 — 770 millimetr, agramy 8 — 12 kilogram, uzyn çüňküniň aşagynda holtumy bolýar. Bu guşuň ganatlary uzyn, guýrugy gysga, ýelekleriniň reňki, esasan, agymtyl-gyzgylt ýa-da çal, ganatlarynyň iri ýelekleri goňras ýa-da gara bolýar. Gotanyň aýaklarynyň barmaklarynyň arasy ýüzgüç perdelidir. Gotanyň 8 görnüşi bolup, şolardan Türkmenistanda gyzgylt we buýraly gotan görnüşleri duşýar. Olar, köplenç, Hazar deňziniň we derýalaryň kenarlarynda mesgen tutýarlar. Olara ýaz we güýz aýlarynda Amyderýada, Murgap, Tejen, Etrek, Garagum derýalarynda duş gelmek bolýar. Gotanlar süri bolup höwürtgeleýärler. Olar balyk bilen iýmitlenýärler. Gyzyl we buýraly gotan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Towşanlaryň dünýäsi

Towşanlaryň gözi bäş reňki tapawutlandyryp bilýär: goňur, gök, çal, gülgüne, ak. Towşanlaryň jemi 28 dişi bolýar.

Dadran — täsin jandar

Köýtendag etrabyndaky Hojagaýnar çeşmesi tebigatyň täsin we ajaýyp tebigy ýadygärligidir. Ol Köýtendagyň günbatar tarapyndan öz gözbaşyny alýar. Dagyň aşagyndan çogup çykýan kükürtwodorodly suw köp dertleriň dermany. Onuň suwy şorrak, özi hem gyzgynlygy mydama 22 gradus derejede saklanýar. Çeşmäniň jandarlarynyň arasynda ýura döwründen galan mollýuskalar, ýer gurçuklary we beýleki oňurgasyz jandarlar gabat gelýär. Alymlar bu çeşmäni jandarlaryň hakyky muzeýi diýip hem atlandyrýarlar. Belli dilçi alym Soltanşa Atanyýazow özüniň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda: «Hojagaýnar — kükürtli çeşme (oňa Gaýnarbaba hem diýilýär). Hoja — bu ýerde «mukaddes» diýen manydadyr, ata, baba sözleri ýaly, öwlüýäleriň, duzly ýerleriň, kükürtli çeşmeleriň atlarynda köp duş gelýär (ol, köplenç, adyň öňünden goşulýar) gaýnar sözi bolsa gaýnap çykýan çeşmeleri aňladýar» diýip ýazýar.

Tebigata söýgi — Watana söýgi

Ata Watanymyzda tebigaty we onuň gözelliklerini goramakda hem-de baýlaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyň giňden ýola goýulmagy, orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna ekologiýa dersiniň girizilmegi bilen, ýaş nesliň daşky gurşawy goramak baradaky düşünjeliliginiň artdyrylmagy, ýaz we güýz möwsümlerinde miweli, pürli we saýaly baglaryň ekilmegi munuň subutnamasy bolup durýar. Döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramaga aýratyn uly ünsüň berilmegi geljegimiz baradaky aladadan ugur alýar. Çünki adamyň ýaşaýyş-durmuşy, saglygy tebigat we onuň arassalygy bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek baradaky asylly ýörelgeleri dowam etdirilýär. Bu ugurda döwrebap kanunlar, maksatnamalar kabul edilip, düýpli özgertmelere badalga berilýär. Tebigatymyzy gözel görnüşinde geljekki nesillerimize ýetirmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak, daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirýän ýagdaýlaryň öňüni almak baradaky wezipeleri durmuşa geçirmek olaryň esasy maksadydyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, “Ýurdumyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik

Suw — tebigatyň özeni

...«Essalawmaleýkim, suw aga!». Bu türkmen aganyň suwuň kenaryna baranda zybana getirýän sözleri. Ol ýöne ýerden däl. Ata-baba ýoluny mydama ýagşy arzuw-umytlar bilen dowam etdirýän türkmen suwa hormat goýup gelipdir. Sebäbi suw Hakyň didaryny gören ýeke-täk barlyk hasaplanýar. Şonuň üçin-de, ol keramat derejesine göterilipdir. Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bar. Ol küpürsäp ýatan topraga-da jan berýär. «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl», «Suw — hasylyň enesi» diýilýär. Süýji suw toprak bilen birleşip, bereket, sahawat eçilýär. Ol diňe bir saçaklarymyzy däl, kalbymyzy-da bezeýär. Ýurdumyzyň çäkleriniň köp bölegini Garagum sährasy tutýar. Biz muňa guwanýarys, buýsanýarys. Sebäbi Garagum — durşuna hazyna we baýlyk. Türkmen onuň hözirini-de görüp başlady. Çölüň çägesi kremniý elementiniň esasy gory bolsa, onuň astyndaky çuňlukda nebitdir gazyň ummasyz möçberi bar. Olary özleşdirmek, ýurduň we halkyň bähbidine gönükdirmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň möçberini artdyrmak üçin Amyderýanyň süýji suwuny Garagum derýasy arkaly Balkan welaýatynyň çäklerine eltmek işi geçen asyryň 50 — 60-njy ýyllarynda üstünlikli amala aşyryldy. Netijede, Garagum derýasynyň iki kenarynda ýüz müňlerçe gektar suwarymly ýerler emele geldi. Amyderýadan Garagum derýasyna akdyrylýan suwuň gyrmançalardan arassalanmagy we onuň kadaly akymyny üpjün etmek üçin öňki Zeýit