Ýaşaýyş çeşmesi

24 Awgust 2023
655

Alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde:  «Toprak, howa, gyzgynlyk, suw, bular ýaşaýşyň dowam etmeginiň hökmany şertleri. Adam tebigatyň sazlaşykly guralan ýaşaýyş akymynyň dowam etmegine täsirini ýetirýär»  diýip nygtamak bilen, adam bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyga aýawly çemeleşmegiň wajyplyklary barada juda täsirli ündewlerini beýan edýär. Ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, suw — ynsan üçin ýaşaýyş çeşmesi. Suw bar ýerinde ýaşaýyş bar, täzeleniş, janlanyş bar. Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy, bereket çeşmesi bolan suwuň her damjasyny ata-babalarymyz altyna deňäpdir. Suw tebigaty janlandyrýar. Mukaddes hasaplanýan suw ýurdumyzyň ýaýylyp ýatan giň sähralyklaryny gülzarlyga, keramatly topragymyzy bolsa bereket mekanyna öwürýär. Şu nukdaýnazardan hem biziň halkymyz suwuň gadyryny bilip, ony sarpalap, suw bilen bagly «Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar», «Çöl görki suw, köl görki guw» ýaly peder pentlerini öz nesillerine miras galdyryp, suwuň asla ýok ýerinde guýy ýa-da käriz gazmak, jykyr gurmak arkaly ol ýerlere suw eltmegiň, suwy tygşytly ulanmagyň dürli ýollaryny gözläp, olary has-da kämilleşdiripdirler.

«Paýhas çeşmesi» nakyllar kitabyndaky:  «Suw ýygnanyp, köl bolar, köp ýygnanyp — il» diýen parasatly jümle, häzirki döwürde-de ata-babalarymyzyň bina gurmak, guýy gazmak, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda suwy aýawly saklamak, ondan rejeli peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işleri yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň dabaralanmasydyr. Suw hojalyk desgalarynyň we suw hojalyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, oba hojalygynda ekinleriň damjalaýyn suwarylmagy, şeýle-de Garagum sährasynyň jümmüşinde gurlan «Altyn asyr» Türkmen köli adam eli bilen döredilen gudratly desgalaryň biridir.

Sähragül AŞYROWA,
Balkan welaýatynyň prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.