Gara sazakly jülgede

16 Sentýabr 2023
723

«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň tutýan meýdany 34 müň 600 gektar bolup, ol öz içinde birnäçe tebigy meýdanlara bölünýär. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesi, «Çarlak tokaýy», «Demirgazyk jülgesi», «Günorta jülgesi», «Repetek Saharasy» — bular goraghananyň düzümindäki düzüm bölekleri, bolup geçýän tebigy hadysalary bilen tapawutlanýan meýdanlardyr.

«Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesiniň «ýaman» ady käbir ylmy çeşmelerde «äpet uly, deňi-taýy bolmadyk tokaý» diýlip terjime edilýär. Bu meýdan başgaça, «hakyky çöl tokaýy» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi gür ösüp oturan ululy-kiçili gara sazaklaryň emele getirýän tokaýa meňzeş keşbi dünýäniň başga künjünde gaýtalanmaýan ajaýyp tebigaty döredýär. Goraghananyň tebigy meýdany onuň merkezi bagyndan 12 kilometr demirgazyk-günbatar ugurda ýerleşip, günbatardan gündogara 8 — 10 kilometre uzalyp gidýär. Bu sebit oý ýerdäki aklaň çäge-çöl ulgamydyr. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesine gara ýol arkaly aňsatlyk bilen barmak bolýar. Bu jülgäniň meýdany takmynan, 1000 gektara golaýdyr.

Aziza FURKATŽANOWA,
«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.