Gözel tebigatymyz — mukaddes baýlygymyz

6 Sentýabr 2023
539

Ýurdumyzyň gözel tebigatyny, ondaky hemme janly-jandarlary, derýadyr deňizleri, çeşmeleri, çaýlary, daglyklary, düzlükleri, ýabany we adam eli bilen döredilen tokaýlyklary, bagy-bossanlyklary, umuman aýdanyňda, tebigatda bar bolan baýlyklary geljekki nesillerimize asyl durkunda miras galdyrmak esasy wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň ähli ýerinde tebigaty has hem gözelleşdirmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda köp işler şundan ugur alýar.

Sähralardaky, daglardaky ajaýyp ýerlerde tebigy ýagdaýda ösüp oturan üzärlikleri, itburunlary, yşgynlary, buýanlary ýa-da çopantelpekleri görýäris. Paýtagtymyzyň günortasyna baryp seretseň, goja Köpetdagyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ajaýyp arça tokaýlyklaryna nazaryň düşýär. Şeýle hem Ýanbaş çeşmesini hem öz içine alyp, gadymy Bagyr obasynyň günortasy bilen, tä Gökdere çaýynyň demirgazyk gädiginden çykýan ýerine çenli ýüzlerçe gektar meýdany tutup oturan tokaýlar uzakdan gözleriňi nurlandyryp, kalbyňy joşdurýar.

Mira ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.