Dadran — täsin jandar

23 Awgust 2023
930

Köýtendag etrabyndaky Hojagaýnar çeşmesi tebigatyň täsin we ajaýyp tebigy ýadygärligidir. Ol Köýtendagyň günbatar tarapyndan öz gözbaşyny alýar. Dagyň aşagyndan çogup çykýan kükürtwodorodly suw köp dertleriň dermany. Onuň suwy şorrak, özi hem gyzgynlygy mydama 22 gradus derejede saklanýar. Çeşmäniň jandarlarynyň arasynda ýura döwründen galan mollýuskalar, ýer gurçuklary we beýleki oňurgasyz jandarlar gabat gelýär. Alymlar bu çeşmäni jandarlaryň hakyky muzeýi diýip hem atlandyrýarlar.

Belli dilçi alym Soltanşa Atanyýazow özüniň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda: «Hojagaýnar — kükürtli çeşme (oňa Gaýnarbaba hem diýilýär). Hoja — bu ýerde «mukaddes» diýen manydadyr, ata, baba sözleri ýaly, öwlüýäleriň, duzly ýerleriň, kükürtli çeşmeleriň atlarynda köp duş gelýär (ol, köplenç, adyň öňünden goşulýar) gaýnar sözi bolsa gaýnap çykýan çeşmeleri aňladýar» diýip ýazýar.

Oral TEMIROW,
Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň işjeň agzasy.