Köpetdag kyssalary

8 Sentýabr 2023
630

Gaýadaky aýak yzy we çeşmeden çykýan alma

Şri-Lankada bir dag bar. Dag — adaty dag. Oty ot ýerinde, suwy suw ýerinde, tropiki agaçlar bar — gözel ýer. Howasy-da gowy. Iň beýik nokady 2524 metr. Bu babatda ol Köpetdagdan pesräk: Köpetdagyň iň beýik ýeri deňiz derejesinden 3191 metr ýokarda. Şri-Lankadaky dagda kebelek şeýle bir kän welin, ol daga «Kebelekli dag» hem diýýän ekenler.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.