Gotan

23 Awgust 2023
688

Gotan suw guşy bolup, onuň bedeniniň uzynlygy 1,4 metr, ganatynyň uzynlygy 600 — 770 millimetr, agramy 8 — 12 kilogram, uzyn çüňküniň aşagynda holtumy bolýar. Bu guşuň ganatlary uzyn, guýrugy gysga, ýelekleriniň reňki, esasan, agymtyl-gyzgylt ýa-da çal, ganatlarynyň iri ýelekleri goňras ýa-da gara bolýar. Gotanyň aýaklarynyň barmaklarynyň arasy ýüzgüç perdelidir.

Gotanyň 8 görnüşi bolup, şolardan Türkmenistanda gyzgylt we buýraly gotan görnüşleri duşýar. Olar, köplenç, Hazar deňziniň we derýalaryň kenarlarynda mesgen tutýarlar. Olara ýaz we güýz aýlarynda Amyderýada, Murgap, Tejen, Etrek, Garagum derýalarynda duş gelmek bolýar. Gotanlar süri bolup höwürtgeleýärler. Olar balyk bilen iýmitlenýärler. Gyzyl we buýraly gotan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

(Metbugat maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).