"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Guşlar dünýäsinden

Dag meýnesi Dag meýnesi Günorta Aziýada, Hindistanyň demirgazygynda Günorta Gimalaý daglaryna çenli hem-de Türkmenistanyň Gündogarynda giňden ýaýrandyr. Dag meýnesi — öz watanynyň çäklerinde oturymly ýaşaýan guş. Bu guş biziň ýurdumyzda ilkinji gezek 1963-nji ýylda Köýtendagyň eteginde hasaba alyndy hem-de Owganystandan tötänden uçup gelen görnüş hasap edilýär. Daglyk sebitlerde dag meýnesi 120 — 150 metr beýiklikde ýaşaýar, ýöne dag eteklerinde bolsa onuň ekerançylyk ýerlerinde hem duşmagy mümkin.

Repetegiň reňbe-reň düzlüginde

Garagum sährasynyň iň gözel ýerleriniň biri Repetek döwlet biosfera goraghanasy diňe Türkmenistanda däl, eýsem, çöllük zonada döredilen ilkinji goraghanadyr. Ol welaýatymyzyň merkezi — Türkmenabat şäherinden 70 kilometr uzaklykda Garagum çölüniň jümmüşinde ýerleşýär. Repetek çöl stansiýasy 1912-nji ýylda «Rusgeografiýa» jemgyýeti tarapyndan Garagum çölüni yzygiderli öwrenmek, 1927-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa Repetegiň daş-töweregindäki çölüň täsin we ajaýyp ojar tokaýlaryny goramak maksady bilen döredildi. Onuň tutýan meýdany 34600 gektara barabar. 1979-njy ýylda Repetek goraghanasy halkara biosfera goraghanalarynyň hataryna goşuldy. 1977-nji ýylda goraghananyň düzümine Ýerajy tebigy çäkli goraghanasy hem girizilýär. Ol Repetek döwlet biosfera goraghanasyndan 90 kilometr Günbatarda ýerleşýär. Ol, esasan, gara sazakly tokaýlary, ýerde we suwda ýaşaýan guşlary, olaryň höwürtgeleýän çäklerini gorap saklamak, köpeltmek maksady bilen döredilendir. Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň çäginde süýdemdirijileriň 29 görnüşi, süýrenijileriň 22 görnüşi, oňurgasyzlaryň 1343 görnüşi we guşlaryň 200-den gowrak görnüşi duş gelýär. Dünýäniň iň uly çägeli çölleriniň biri çäge ulgamlarynyň, aklaň çägeleriň we jülge şekilli peslikleriň gezekleşip ýerleşmegi döwlet biosfera goraghanasynyň landşaft dürlüligini emele getirýär. Goraghananyň ösümlik dünýäsinde gandymlyklar, ak we gara sazaklyklar

Öý haýwanlarynyň täsin ukyby

Pişik Pişikler arassaçyl jandar bolup, olar wagtynyň dörtden bir bölegini tüýlerini arassalamak bilen geçirýärler. Olar tüýlerinde saglyk we ýaşaýyş üçin zerur bolan D ýokumynyň bardygy sebäpli şeýle edýärler. Haýwanlaryň hemmesi diýen ýaly azaşanlarynda, öz öýlerini tapyp bilmeýärler. Bu ukyp diňe pişiklere mahsusdyr. Olar ultrases barlaglary arkaly bu işiň hötdesinden gelýärler. Pişikleriň ýene-de bir duýgur synasy olaryň murtlarydyr. Murtlarynyň kömegi bilen olar uzak aralykdaky awlaryny hem duýup bilýärler.

Garagyş döwri geldi

Halkymyz irki döwürlerden başlap ýylyň pasyllaryna, aýlaryň gelşine, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna örän ünsli syn edipdir. Munuň özi olaryň ýerine ýetirýän kesbi-käri, ýaşaýşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda edilen gözegçilikleriň netijesinde tebigatyň pasyllary barada kesgitli garaýyşlar emele gelipdir. Ýyldyz, ýagny, milli senenamamyza laýyklykda şu gün garagyşyň ilkinji güni. Ol 15 günläp, 8-nji dekabra çenli dowam eder. Hawa, 23-nji oktýabrdan 22-nji noýabr aralygynda dowam eden akrap döwri öz ornuny garagyşa berdi. Atalar sözleriniň birinde «Akrap geler gygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýilse-de, şu ýylyň güýzi, şol sanda, noýabr aýy adatdakylardan ýyly we ygalsyz geldi. Munuň özi oba hojalyk ekinleriniň hasylyny yrýasyz ýygnap almakda ähmiýetli boldy. Daýhanlarymyz pagta ýygymyny, ak ekinlere ideg etmek işlerini gyzgalaňly alyp barmak bilen birlikde gök we bakja ekinleriniň hasylyny, miweleri hem ýygnap alýarlar.

Tokaý sugunlary

Amyderýanyň kenarlarynyň tokaýlar bilen jäheklenen gorag meýdançalarynda owadan hem gelşikli sugunlar ýaşaýarlar. Owadanlygy üçin olara, başgaça, «hangül» hem diýýärler. Sugunlar Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň nyşany hasap edilýär. Biziň ýurdumyzda asylly sugunyň buhar ýa-da tokaý aşaky görnüşi duş gelýär. Ol asylly sugunyň beýleki görnüşlerinden göwresiniň kiçiligi we şahlarynyň görnüşi bilen tapawutlanýar. Bu uly hem gelşikli haýwanlar oturymly ýaşaýarlar, olar toraňňy jeňňelliginden çykmaýarlar. Tokaýlyklarda dürli otjumak ösümlikleriň köp bolmagy, şeýle-de ösümlikleriň bol hasyl getirmegi olaryň asuda ýaşamagyna, köpelmegine amatly şertleri döredýär. Tokaý sugunlary örän duýgur, ys alyş we görüş agzalary güýçli ösen süýdemdiriji haýwanlardyr. Olar tokaýlarda petde, igde we beýleki ösümlikleriň şahalary, güli we miweleri bilen iýmitlenýärler. Tokaý sugunynyň boýy 120 santimetr, agramy 280-300 kilograma çenlidir.

Garagyş

Adyndan belli bolşy ýaly, garagyş möwsümi gyş paslynyň başlanýandygyny duýdurýar. «Gara» bilen «gyş» sözüniň goşulyp gelmegi bu döwürde örän hüşgär bolmalydygyny aňladýar. 22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli aralygy öz içine alýan bu möwsüm güýzüň öz ornuny gyşa berýän döwri bolansoň, howanyň duýdansyz üýtgemegi ýaly ýagdaýlar köp ýüze çykýar. Bu ýyl akrabyň agzy aýazly bolsa-da, ol maýyl geldi. Daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň, aýratyn-da, aralyk ekinleriň hasylyny howlukman, arkaýynlykda ýygnadylar. Netijede, olar mäş, noýba, şaly, dary ýaly ekinlerden bol hasyl aldylar. Maldarlar hem şu döwürde meýdanlardan ot taýýarlamak we olary mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşamak işlerini utgaşykly alyp bardylar.

Suw — ýaşaýşyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanyň suw diplomatiýasy suw we suw energetika ulgamlarynda hereketleri utgaşdyrmak maksady bilen, beýleki döwletler, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen işjeň we gyzyklanma bildirilip hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, Türkmenistan öz esasy wezipesini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, birek-birege hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda sebit ylalaşygyny gazanmakda görýär. Şu aýdylanlardan ugur alnyp, suw diplomatiýasyna Türkmenistanyň daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň düzüm bölegi hökmünde garalýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan suwdan peýdalanmagyň we suw serişdeleriniň döwletler üçin deň derejede elýeterli bolmagynyň adalatly, köptaraplaýyn bähbitlerini nazara almaga esaslanan ählumumy we sebit ulgamlaryny döretmek boýunça halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna suw diplomatiýasynyň esasy maksady hökmünde garaýar.

Leýland

Häzirki döwürde pürli agaçlaryň dürli görnüşleri ýurdumyzyň bezeg-bagçylygynda ulanylyp, ähli şäherlerimizdir etraplarymyzyň, obalarymyzyň gözelligini artdyrýar. Şeýle pürli agaçlaryň biri leýlanddyr. Leýland mydam ýaşyl öwsüp oturan owadan pürli agaç. Onuň konus şekilli dykyz gabarasy, gür şahalanyşy bezeg-bagçylyk ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Leýlisaç – gadymy agaç

Leýlisaç agajy söwütler maşgalasyna degişli bolup, özüniň daşky owadan keşbi bilen beýleki ak söwüt, tal, garasöwüt ýaly agaçlardan düýpgöter tapawutlanýar. Uzyn saçyny çöşläp, ýere döküp oturan gyzy ýadyňa salýan leýlisaç agajyna köplenç ýollaryň gyralarynda, seýilgählerde, akar suwly ýaplaryň boýunda duşmak bolýar. Tebigatyň ajaýyp gözellikleriniň biri bolan bu agajyň adynyň «Leýlisaç» diýlip atlandyrylmagy bilen bagly birnäçe rowaýatlar halk arasynda agyzdan-agza geçip gelýär. Şol rowaýatlaryň birinde aýdylmagyna görä, ýedi aşygyň biri hasaplanýan Mejnunyň magşugy Leýli gyzyň saçy şeýle bir owadan, şeýle bir uzyn bolupdyr welin, ýere ýetip duranmyş. Günleriň birinde Mejnun öz söwer ýary bilen duşuşmaga gaýdýar. Seretse, akar suwly ýabyň boýunda onuň Leýlisi uzyn, owadan saçyny ýuwup dur diýýär. Bu ýagdaýa aňk bolan Mejnun birbada özüni ýitiripdir, soňra öz bolşundan özi utanyp, gelenini duýdurman yzyna dolanypdyr. Birnäçe wagt geçirip, ýene-de akar ýabyň boýuna Leýlisiniň oturan ýerine dolanyp gelse, eýýäm gyz ýok diýýär. Ol ýerde Leýlä derek näzijek şahajyklary ýere sallanyp duran, saçyny döküp oturan gyza çalymdaş örän owadan bir agaç gögerip otyrmyş. Bu ahwalata geň galyp, näderini bilmedik Mejnun ol agajyň ýere ýetip duran baldajyklaryny sypalap, «Leýlim, Leýlim» diýip uzak wagtlap gözýaş döküp oturypdyr. Şol günden soň, bu agajy «Mejnunyň agajy», «Mejnun taly», «Leýlin

Hurma

Şu günler saçaklaryň bezegi bolan hurmanyň ýygymy dowam edýär. Hurmanyň watanynyň Hytaýdygy, erigiň tagamyny ýatladýandygy üçin oňa «hytaý erigi» hem diýlipdir. Hurma sahawatly güýzüň ýene bir nygmatydyr. Ol ýurdumyzda öňden bäri meşhurdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda Alma, Üzümgül atlaryň bolşy ýaly, Hurma atlylar-da az däldir. Hurma Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýurtlarynyň arasynda «süýji» hyzmatdaşlygyň bolandygyny ýatladyp duran ajaýyp bir miwedir. Türkmen daýhanlary bu miwäni öz topragymyzda ösdürip ýetişdirmegiň abyny-tabyny ele alypdyrlar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20... +25 gradus maýyl bolar.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň goragy üpjün edilýär

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan, ony geljekki nesillerimize ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barmakdan ybaratdyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarymyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmeginiň, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň, Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagynyň hem-de ýerleriň zaýalanmagynyň we çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň diňe bir ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, tutuş sebit üçin hem örän uly ähmiýeti bardyr.

Tebigat — ýaşaýşyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek babatynda öňe sürlen maksatnamalaýyn işler, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklary ylmy esasda, milli mirasymyz bilen sazlaşykly döwrebap ösdürilýär. Her bir pudakda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bolsa, diňe bir ýurdumyzyň däl, sebitiň, dünýäniň ýaşaýjylarynyň abadan, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halkara giňişligindäki at-abraýy, sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty dabaralandyrýan döwlet hökmünde barha belende göterilýär. Ata Watanymyz BMG we onuň iri guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu gazanylýan belent sepgitler, üstünlikler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.

Gülzarly geljegimiziň meselesi

Dogrusy, ene topragymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe aladasy edilmegi derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Güneşli Diýarymyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, köpdürlüligini aýawly goramak bilen geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. Şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigatymyzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar. Gürrüňi edilýän ugruň kanunçylyk-hukuk kadalaryny kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda kanunlaryň we hukuk namalarynyň 50-den gowragy kabul edildi. “Tebigaty goramak hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki Kanunlarda hem-de Kodekslerde gürrüňi edilýän meseläniň kämil kanunçylygy kesgitlenendir. Tebigaty goramakda, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmakda, ýerasty baýlyklar gazylyp alnanda ekologiýa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almakda we beýleki gurluşyk-gurnama işlerinde kanunçylygyň berjaý edilmeginiň ähmiýeti uludyr.

Reýhan

Türkmen topragy ösümlik dünýäsine baýdygy bilen tapawutlanýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem reýhandyr. Reýhan — gök ekinlere degişli bolup, iýmitlik we dermanlyk häsiýeti boýunça gadymy döwürlerden bäri bellidir. Reýhan ösümligi irki döwürlerde Eýranyň, Hindistanyň we Aziýanyň tropiki etraplarynda 5 müň ýyl mundan ozal giňden ulanylyp, XVI asyrlarda Ýewropa döwletlerinde giňden ýaýrapdyr. «Reýhan» ösümliginiň ady grek dilinde «patyşa» diýen sözden gelip çykyp, oňa ysly otlaryň şasy diýipdirler. Hindistanda bolsa reýhan ösümligini keramatly hasaplapdyrlar. Şol döwürler aşpezler bu ösümligi terligine we guradylan görnüşde dürli tagamlary taýýarlamakda peýdalansalar, lukmanlar ys beriji, bezeg, dermanlyk we reňk almak üçin giňden ulanypdyrlar. Häzirki döwürde ylmyň, tehnikanyň ösmegi bilen reýhan ösümliginiň dürli häsiýetleri giňden öwrenildi. Aýratyn hem reýhanyň dermanlyk häsiýetleri barada dürli edebiýat çeşmelerinde ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar.

Tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň kepili

Ýakynda Lebap welaýat Kärdeşler arkalaşyklarynyň agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň we Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynda «Tebigaty goramak — sagdyn durmuşyň kepili» atly okuw maslahat geçirildi. Okuw maslahatyň çäklerinde «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň sözde wasp edip bolmajak gözel tebigatyna gezelençler guralyp, ondaky janly-jandarlara, haýwanat dünýäsine syn edildi we olar dogrusyndaky goraghananyň ylmy işgärleriniň täsirli çykyşlary diňlenildi. Okuw-maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni çeken şatlykly wakalaryň biri hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde ýurdumyzyň «Repetek» döwlet biosfera, «Bereketli — Garagum», «Gaplaňgyr» goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky buýsançly çykyşlar boldy. Bulardan başga-da, çykyşlaryň dowamynda «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Ýerajy döwlet goraghanasynyň kölüniň haýwanat we tebigat dünýäsiniň aýratynlyklary barada gyzykly, täsirli gürrüňler berildi. Okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmeklerini arzuw etdiler.

Gül­le­riň tä­sin dün­ýä­si

«7/24. tm» № 47 (182) 13.11.2023 Gül­ler hoş­boý ys­la­ry we aja­ýyp gö­zel­li­gi bi­len yn­san­la­ry haý­ran gal­dyr­ýar, ýö­ne gül­le­riň giz­lin hä­si­ýet­le­ri hem bar. Gül­ler we ösüm­lik­ler müň­ler­çe ýyl bä­ri der­man taý­ýar­la­mak­da ula­ny­lyp ge­lnip­dir. Lo­tus ýa­ly kä­bir gül­ler di­ni ýa-da ta­ry­hy taý­dan äh­mi­ýe­ti bar. Gül­le­riň kö­pü­si üýt­ge­şik aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de gör­nüş­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gül­le­riň owa­dan dün­ýä­si­ne ser sa­lyp, ola­ra tä­ze­den ba­ha be­riň.

«Gaplaňgyryň» gözellikleri — halkymyzyň baýlygy

Hormatly Prezidentimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasyndan şatlykly habaryň gelip gowşandygy barada aýdyp, şeýle diýdi: «Bu guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä mirasy komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklygyndaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizmek hakynda çözgüt kabul edildi. Bu sanawa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary hem girizildi. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösüşine goşýan goşandydyr». Bu ýakymly habar diňe bir mejlise gatnaşyjylary däl, eýsem tutuş halkymyzy, şol sanda welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny örän guwandyrdy. Belli bolşy ýaly, şu sanawa goşulan «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasy welaýatymyzyň günorta-günbatar çäklerinde ýerleşýär. 1979-njy ýylda Üstýurt dag goçuny hem-de gulany, keýigi, itaýyny goramak maksady bilen döredilen bu goraghananyň tutýan meýda

Tebigaty goramak — borjumyz

Tebigat ähli janly-jandarlaryň öýi hasaplanýar. Şol sebäpli daşky gurşawa aýawly çemeleşmek her bir ynsanyň borjudyr. Daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek, tebigatyň adamzada eçilen gymmatlyklaryny, ýagny agyz suwuny, topragy tygşytly ulanmak, şeýle hem ýitip ýok bolmak howpy abanýan jandarlary, ösümlikleri gorap saklamak wajyp wezipe hasaplanýar. Häzirki wagtda ekologiýa dünýäde esasy meseleleriň biri bolup, daşky gurşawy abat saklamaga gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda netijeli işler alnyp barlyp, daşky gurşawy goramagyň hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň kanunçylyk binýady düýpli kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň «Tebigaty goramak hakyndaky» Kanuny daşky gurşawy goramak babatdaky kanunçylygymyzda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu kanun tebigaty goramagyň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigata zyýanly täsirini ýetirmezligine, biologik köpdürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda howanyň arassalygyny, daş-töweregimizi gurşap alýan «gök guşaklaryň» ösdürilmegini, suw, ýer we tokaý serişdeleriniň berk goraglylygyny üpjün etmekde, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň dürlüligini gorap saklamakda alnyp barylýan işler oňyn netijeleri berýär. Şonuň netijesinde, häzirki wagtda daşky gurşa

Täsin ösümlikler...

Ekwador döwletiniň tropiki tokaýlarynda ösýän palma agajynyň aýratynlygy her ýylda öz oturan ýerinden 20 metr gapdala süýşýänligidir. Başgaça aýdylanda, bu agaç öz ýaşaýşyny dowam etdirmek üçin her günde 2-3 santimetr süýşmeli bolýar. Sebäbi ol oturan ýerindäki topragyň gurby kemelse oňup bilmeýär. * * *