Garagyş döwri geldi

22 Noýabr 2023
450

Halkymyz irki döwürlerden başlap ýylyň pasyllaryna, aýlaryň gelşine, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna örän ünsli syn edipdir. Munuň özi olaryň ýerine ýetirýän kesbi-käri, ýaşaýşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda edilen gözegçilikleriň netijesinde tebigatyň pasyllary barada kesgitli garaýyşlar emele gelipdir. Ýyldyz, ýagny, milli senenamamyza laýyklykda şu gün garagyşyň ilkinji güni. Ol 15 günläp, 8-nji dekabra çenli dowam eder.

Hawa, 23-nji oktýabrdan 22-nji noýabr aralygynda dowam eden akrap döwri öz ornuny garagyşa berdi. Atalar sözleriniň birinde «Akrap geler gygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýilse-de, şu ýylyň güýzi, şol sanda, noýabr aýy adatdakylardan ýyly we ygalsyz geldi. Munuň özi oba hojalyk ekinleriniň hasylyny yrýasyz ýygnap almakda ähmiýetli boldy. Daýhanlarymyz pagta ýygymyny, ak ekinlere ideg etmek işlerini gyzgalaňly alyp barmak bilen birlikde gök we bakja ekinleriniň hasylyny, miweleri hem ýygnap alýarlar.

Ogulşat ŞABERDIÝEWA,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň laboranty.