«Gaplaňgyryň» gözellikleri — halkymyzyň baýlygy

8 Noýabr 2023
661

Hormatly Prezidentimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasyndan şatlykly habaryň gelip gowşandygy barada aýdyp, şeýle diýdi: «Bu guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä mirasy komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklygyndaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizmek hakynda çözgüt kabul edildi. Bu sanawa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary hem girizildi. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösüşine goşýan goşandydyr». Bu ýakymly habar diňe bir mejlise gatnaşyjylary däl, eýsem tutuş halkymyzy, şol sanda welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny örän guwandyrdy.

Belli bolşy ýaly, şu sanawa goşulan «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasy welaýatymyzyň günorta-günbatar çäklerinde ýerleşýär. 1979-njy ýylda Üstýurt dag goçuny hem-de gulany, keýigi, itaýyny goramak maksady bilen döredilen bu goraghananyň tutýan meýdany 275 müň 735 gektardan ybaratdyr. Şonuň ýaly-da, onuň hasabyna Sarygamyş we Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanalary hem girýär. Bu döwlet tebigy çäkli goraghanalaryň öňünde tebigatyň ähli ulgamlary bilen birlikde Sarygamyş kölüniň suw giňişliklerinde ýaşaýan, uçup geçýän guşlary, şu töwerekde gabat gelýän keýikleri, dag goçuny we beýleki haýwanlary goramak, sanyny köpeltmek wezipesi-de goýulýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».