Öý haýwanlarynyň täsin ukyby

22 Noýabr 2023
557

Pişik

Pişikler arassaçyl jandar bolup, olar wagtynyň dörtden bir bölegini tüýlerini arassalamak bilen geçirýärler. Olar tüýlerinde saglyk we ýaşaýyş üçin zerur bolan D ýokumynyň bardygy sebäpli şeýle edýärler. Haýwanlaryň hemmesi diýen ýaly azaşanlarynda, öz öýlerini tapyp bilmeýärler. Bu ukyp diňe pişiklere mahsusdyr. Olar ultrases barlaglary arkaly bu işiň hötdesinden gelýärler. Pişikleriň ýene-de bir duýgur synasy olaryň murtlarydyr. Murtlarynyň kömegi bilen olar uzak aralykdaky awlaryny hem duýup bilýärler.