Hurma

20 Noýabr 2023
577

Şu günler saçaklaryň bezegi bolan hurmanyň ýygymy dowam edýär. Hurmanyň watanynyň Hytaýdygy, erigiň tagamyny ýatladýandygy üçin oňa «hytaý erigi» hem diýlipdir.

Hurma sahawatly güýzüň ýene bir nygmatydyr. Ol ýurdumyzda öňden bäri meşhurdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda Alma, Üzümgül atlaryň bolşy ýaly, Hurma atlylar-da az däldir. Hurma Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýurtlarynyň arasynda «süýji» hyzmatdaşlygyň bolandygyny ýatladyp duran ajaýyp bir miwedir. Türkmen daýhanlary bu miwäni öz topragymyzda ösdürip ýetişdirmegiň abyny-tabyny ele alypdyrlar.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.