Garagyş

22 Noýabr 2023
516

Adyndan belli bolşy ýaly, garagyş möwsümi gyş paslynyň başlanýandygyny duýdurýar. «Gara» bilen «gyş» sözüniň goşulyp gelmegi bu döwürde örän hüşgär bolmalydygyny aňladýar.

22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli aralygy öz içine alýan bu möwsüm güýzüň öz ornuny gyşa berýän döwri bolansoň, howanyň duýdansyz üýtgemegi ýaly ýagdaýlar köp ýüze çykýar. Bu ýyl akrabyň agzy aýazly bolsa-da, ol maýyl geldi. Daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň, aýratyn-da, aralyk ekinleriň hasylyny howlukman, arkaýynlykda ýygnadylar. Netijede, olar mäş, noýba, şaly, dary ýaly ekinlerden bol hasyl aldylar. Maldarlar hem şu döwürde meýdanlardan ot taýýarlamak we olary mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşamak işlerini utgaşykly alyp bardylar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).