Tebigat — ýaşaýşyň çeşmesi

15 Noýabr 2023
586

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek babatynda öňe sürlen maksatnamalaýyn işler, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen üstünlikli dowam etdirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklary ylmy esasda, milli mirasymyz bilen sazlaşykly döwrebap ösdürilýär. Her bir pudakda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bolsa, diňe bir ýurdumyzyň däl, sebitiň, dünýäniň ýaşaýjylarynyň abadan, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halkara giňişligindäki at-abraýy, sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty dabaralandyrýan döwlet hökmünde barha belende göterilýär. Ata Watanymyz BMG we onuň iri guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu gazanylýan belent sepgitler, üstünlikler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň müdiri.