"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Abraýly ýaryşyň medallary

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri Merkezi Aziýanyň çempionatynyň 4 altyn, 3 kümüş hem-de 2 bürünç medallaryna mynasyp boldular. 8 – 16-njy iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen bu ýaryşa 5 döwletden 300-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 12 türgen wekilçilik etdi.

Sport mekdeplerinde

Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň nurana geljegini üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bedenterbiýe we sport ýaşlaryň ähli babatda kämillige ýetmeginiň, durmuşda mynasyp ornuny tapmagynyň esasy serişdeleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap sport düzümleri döredilýär. Ak şäherimiz Aşgabadyň çägindäki sport mekdeplerinde we beýleki iri sport desgalarynda ildeşlerimize, aýratyn-da, ýaşlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň şertler üpjün edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary bolsa beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde netijeli çäreleri alyp barýarlar.

Futbol täzelikleri

Ma­laý­zi­ýa­nyň Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­de 2025-nji ýyl­da Hy­taý­da ge­çi­ril­jek 20 ýa­şa çen­li ýaş­lar ýy­gyn­dy­la­ry­nyň ara­syn­da­ky fut­bol bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­je çe­kiş­li­giň ne­ti­je­si­ne gö­rä Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar ýy­gyn­dy­sy (U20) «I» to­par­ça­da bäs­le­şer. Türk­men fut­bol­çy­la­ry bu to­par­ça­da Ýa­po­ni­ýa­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň (ýer eýe­le­ri) we Mýan­ma­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bi­len du­şu­şarlar.

Talyplar futzal meýdançasynda

Ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp toparlarynyň gatnaşmagynda Halkara Olimpiýa güni mynasybetli «Olimpiýa ýörelgeleri bagtyýar ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýar» ady bilen futzal ýaryşyna badalga berildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän ýaryşyň baş baýragy ugrunda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň futzal toparlarynyň 12-si bäsleşýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilýän ýaryşyň ýeňijisi 23-nji iýunda belli bolar.

Stol tennisi hakynda

Stol tennisi soňky ýyllarda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda örän ýörgünlidir. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryş ýekeleýin, jübütleýin we garyşyk toparlaryň arasynda guralýar hem-de köp ýurtda «ping-pong» ady bilen meşhurdyr. Olimpiýa sportunyň bir görnüşi hasaplanylýan stol tennisi ýapyk binada oýnalýar, onuň dörän ýeri Hytaýdyr. Häzirki wagtda onuň Hytaýyň milli sport görnüşi hasaplanylmagy-da şondan gözbaş alýar.

Taryhda şu gün

Görkezýän oýny hakykatdan hem öz döwründen ep-esli öňe saýlanan Pol ýaryş wagty islendik küştçä pyýada malynyň birini şeýle berip goýberer eken. Haçan-da, ol 1958-nji ýylda küşt oýnuny geçirmek üçin Angliýa gelende hiç kimiň onuň bilen duşuşyk geçiresi gelmändir. Şonuň üçin ol özi bilen duşuşyk geçirmäge razylyk berenler bilen oýny tagta seretmezden geçirmeli bolupdyr. Şonuň ýaly duşuşyklaryň birinde, has takygy, Birmingem şäherinde geçirilen küşt agşamynda ol tagta seretmezden birbada alty duşuşyk geçiripdir. Şol döwürler täsin görlen bu duşuşyklaryň altysy Poluň peýdasyna tamamlanypdyr. Bir duşuşygy deňme-deň oýnan küştçi bir tagtada ýeňlişini boýun alypdyr. Onuň yzysüresi Parižde geçiren duşuşyklarynda ol netijesini has-da gowulandyrypdyr. Şol gezek onuň çykyşy alty ýeňiş hem-de iki deňlik bilen tamamlanypdyr.

Bedenterbiýe we sport

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Milli şaşka merkezi, Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda şaşka boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda «Türkmennebit» geofizika müdirliginiň «Goturdepe» önümçiliginiň hojalyk bölüminiň hünärmeni Umyt Hydyrow 1-nji orny eýeledi. «Türkmennebit» geofizika müdirliginiň pudaklaýyn harbylaşdyrylan goragynyň birleşdirilen otrýadynyň işgäri Baýrammyrat Täşliýew 2-nji, «Goturdepe» tilsimat ulaglar müdirliginiň mehanigi Azat Kiçigulow 3-nji orunlara mynasyp boldular. Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda geçirilen küşt boýunça ýaryşda Lukman Melikow, Tahyr Geldiýew hem-de Wadim Kubrakow dagy öňdäki orunlary eýeledi. Ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan işgärler guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Çempionlyk ugrunda ýiti göreş

Ame­ri­ka­nyň Mil­li hok­keý li­ga­sy­nyň Sten­li Ku­bo­gy ug­run­da­ky fi­nal du­şu­şyk­la­ry ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. «Flo­ri­da Pan­ters» bi­len «Ed­mon­ton Oý­ler­siň» ara­syn­da­ky fi­nal du­şu­şyk­la­ry­nyň 5-nji­si ge­çi­ri­lip, çem­pi­on­lyk in­di­ki du­şu­şy­ga gal­dy. Il­kin­ji 3 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry il­kin­ji ta­ry­hy çem­pi­on­ly­gy­na bir ädim go­laý­lap­dy. Ýö­ne 4–5-nji du­şu­şyk­lar­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. 1-2-nji du­şu­şyk­lar Flo­ri­da­da ge­çi­ri­lip, ýer eýe­le­ri 3:0 hem-de 4:1 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. 3-nji du­şu­şyk Ka­na­da­da oý­na­lyp, bu oýun­da-da «Flo­ri­da Pan­ters» 4:3 ha­sa­byn­da gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy. Ýö­ne 4–5-nji oýun­lar ju­da baş­ga­ça bol­dy. 4-nji du­şu­şyk Ka­na­da­da ge­çi­ri­lip, ýer eýe­le­ri 8:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şyk­da 1 gol ge­çi­rip, 2 asist eden Kon­nor Mak­De­wid ta­ry­hy re­kor­dy tä­ze­le­di. Ol pleý-off tap­gy­ryn­da bir möw­süm­de 32-nji asis­ti­ni edip, bu ugur­da NHL-iň ro­wa­ýa­ty ýyl­dy­zy, ka­na­da­ly Weýn Grets­ki­niň 1988-nji ýyl­da­ky re­kor­dy­ny tä­ze­le­di.

«Milan», «Ýuwentus», «Lasio» toparlarynyň täze tälimçileri

«Serie A»-nyň wise-çempiony «Mi­lan» to­pa­ry-da tä­ze tä­lim­çi­si­ni mä­lim et­di. Ozal­dan bel­li bo­lan por­tu­ga­li­ýa­ly Pau­lo Fon­se­ka «Mi­lan» klu­bu­nyň tä­ze tä­lim­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Ste­fa­no Pio­li­niň or­nu­na bel­le­nen 51 ýa­şyn­da­ky tä­lim­çi mi­lan­ly­lar bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Fon­se­ka «Mi­lan­dan» ýyl­lyk 3,5 mil­li­on ýew­ro hak alar. Ol 2022-nji ýyl­dan bä­ri «Lill» to­pa­ry­na tä­lim ber­ýär­di. «Lill­den» öň «Ro­ma», on­dan öňem «Şaht­ýor Do­nesk» to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si bo­lan Fon­se­ka ýur­dy Por­tu­ga­li­ýa­da «Pa­suş Fer­rei­ra», «Por­to», «Bra­ga» we kar­ýe­ra­sy­nyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­da baş­ga-da 4–5 klu­ba tä­lim ber­di. Fon­se­ka «Por­to» bi­len Por­tu­ga­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny, «Bra­ga» bi­len Por­tu­ga­li­ýa­nyň Ku­bo­gy­ny, «Şaht­ýor Do­nesk» bi­le­nem 3 ge­zek Uk­rai­na­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny, şon­ça-da Uk­rai­na­nyň Ku­bo­gy­ny hem-de 1 gezek Uk­rai­nanyň Su­per Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. Ita­li­ýa­nyň «Ýu­wen­tus» to­pa­ry ozal­da­nam bel­li bo­lan tä­ze tä­lim­çi­si­ni res­mi ýag­daý­da mä­lim et­di. Tu­rin şä­he­ri­niň we­ki­li ge­çen möw­süm­de «Bo­lon­ýa» to­pa­ry­na tä­lim be­ren Tia­go Mot­ta­ny tä­lim­çi­li­ge bel­le­di. «Se­rie A»-nyň ba­şar­nyk­ly klu­by 41 ýa­şyn­da­ky tä­lim­çi bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. As­ly bra­zil bo­lan ita­li­ýa­ly tä­lim­çi «Ýu­wen­tus­dan» ýyl­lyk 5 m

48-nji Ko­pa Ame­ri­ka

Fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da­ky iň ga­dy­my ýa­ryş ha­sap­lan­ýan Ko­pa Ame­ri­ka – Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň çem­pio­na­ty ABŞ-da ge­çi­ril­er. Soň­ky çem­pi­on Ar­gen­ti­na bi­len Ka­na­da­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk 48-nji Ko­pa Ame­ri­ka ýa­ry­şy­nyň il­kin­ji oý­ny bo­lar. Çem­pio­na­ta 16 ýy­gyn­dy – Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň äh­li to­pa­ry (10) bi­len bi­le­lik­de, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­dan hem 6 ýy­gyn­dy we­kil­çi­lik ed­ýär. «A» to­par­ça­da soň­ky çem­pi­on Ar­gen­ti­na­nyň, Pe­ru­nyň, Çi­li­niň, Ka­na­da­nyň, «B» to­par­ça­da Mek­si­ka­nyň, Ek­wa­do­ryň, We­ne­sue­la­nyň, Ýa­maý­ka­nyň, «C» to­par­ça­da ýer eýe­le­ri ABŞ-nyň, Urug­wa­ýyň, Pa­na­ma­nyň, Bo­li­wi­ýa­nyň, «D» to­par­ça­da-da Bra­zi­li­ýa­nyň, Ko­lum­bi­ýa­nyň, Pa­rag­wa­ýyň hem-de Kos­ta Ri­ka­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şu­şar. To­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­lar Aş­ga­bat wag­ty bi­len 03:00-da, 05:00-da hem-de 06:00-da baş­la­nar. Her to­par­ça­da 1-2-nji or­ny eýe­län­ler ýa­ry­şy do­wam eder. Çär­ýek fi­na­lyň oýun­la­ry 5-6-7-nji iýul­da, ýa­rym fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry 10-njy we 11-nji iýul­da oý­na­lar. 3-nji ýer üçin du­şu­şyk 14-nji iýul­da oý­nal­sa, fi­nal 15-nji iýul­da ge­çi­ri­lip, 48-nji Ko­pa Ame­ri­ka­nyň çem­pio­ny bel­li bo­lar.

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi

Klub­la­ryň ara­syn­da­ky iň esa­sy bäs­le­şik ha­sap­lan­ýan UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy tä­ze möw­süm­de tä­ze for­mat­da ge­çi­ri­ler. Umu­my­lyk­da 70-nji UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ady­ny ala­nyn­dan bä­ri-de 33-nji ge­zek ge­çi­ril­jek ýa­ry­şyň ta­ry­hyn­da 3-nji ge­zek for­ma­ty üýt­gär. Ir­ki ýyl­lar­da di­ňe her ýur­duň çem­pio­ny­nyň gat­na­şan bäs­le­şi­gi utu­lan-çyk­dy tap­gyr­la­ry esa­syn­da gu­ral­ýar­dy. 1992/93 möw­sü­min­den baş­la­bam ýa­ryş il­ki to­par­ça­la­ýyn, soň­ra utu­lan-çyk­dy tap­gyr­lar esa­syn­da ge­çi­ri­lip gel­ýär­di. 1990-njy ýyl­la­ryň ahyr­la­ryn­da ýa­ry­şa di­ňe çem­pi­on klub­lar däl, eý­sem, çem­pio­nat­da öň­dä­ki 4 or­ny (ýur­du­na gö­rä üýt­ge­ýär) eýe­län­ler hem go­şu­lyp ug­ra­dy. Ine, in­di bol­sa utu­lan-çyk­dy hem-de to­par­ça­la­ýyn for­mat­la­ryn­dan soň, tä­ze for­mat­da, ýagny li­ga for­ma­tyn­da ge­çi­ri­ler. Tä­ze möw­süm­de klub­la­ryň, şol san­da ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­la­ryň sa­ny hem art­dy­ry­lar. Li­ga ýa-da ozal­ky for­mat­da aý­dy­lan­da, to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ra 32 däl-de, 36 klub gat­na­şar. Şol 36 klu­buň 29-sy gö­nü­mel, has ta­ky­gy, saý­la­ma du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­mez­den ýa­ry­şa we­kil­çi­lik eder­ler. Olar klub­la­ryň çem­pio­nat­lar­da­ky ga­za­nan ne­ti­je­le­ri esa­syn­da ýurt­la­ryň reý­tin­gi­ne gö­rä kes­git­le­nil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýa­ry­şyň li­ga tap­gy­ryn­da çy­kyş et­jek klub­la­

17-nji Ýewropa çempionaty dowam edýär

Fut­bol bo­ýun­ça 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam edip, to­par­ça­lar­da­ky 1-nji aý­la­wyň du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. Çem­pio­na­tyň açy­lyş du­şu­şy­gyn­da ýer eýe­le­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Şot­lan­di­ýa­ny 5–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şy­gyň 10-njy mi­nu­tyn­da ha­sa­by açan Flo­ri­an Wirts çem­pio­na­tyň il­kin­ji go­lu­ny der­we­zä gi­riz­di. Weng­ri­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun­da-da şweý­sar­lar gar­şy­da­şy­ny 3–1 ha­sa­byn­da ýeňmegi başardy.

Sport

Mekdep okuwçylarynyň welaýat birinjiligi Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdebiň sport eýwanynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» ady bilen sportuň woleýbol we tanap çekmek görnüşleri boýunça oglanlaryň arasynda, küşt görnüşi boýunça oglan-gyzlaryň arasynda ýaryşlar geçirildi. Ýaryşy «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölümi welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, welaýat Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde gurady. Oňa Akdepe, Görogly, Şabat, Boldumsaz, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndan we Daşoguz şäherinden toparlar gatnaşdylar. Sportuň woleýbol görnüşi boýunça okuwçy oglanlaryň arasynda birinji orny Akdepe etraby, ikinji orny Daşoguz şäheri, üçünji orny Boldumsaz etrabynyň toparlary eýelediler. Tanap çekmek boýunça oglanlaryň arasynda birinji orny Akdepe etraby, ikinji orny Boldumsaz, üçünji orny bolsa Daşoguz şäheriniň toparlary eýelemegi başardylar. Küşt boýunça oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda birinji orny Akdepe etraby, ikinji orny Şabat etraby, üçünji orny bolsa Daşoguz şäheriniň toparlary eýelediler. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Sagdyn durmuş — bagtly geljek

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň bolelin, abadan, asuda durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty has giň gerime eýe etmek, jemgyýetde, esasan hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak babatdaky işlere aýratyn üns berilýändigi guwandyrýan ýagdaýdyr. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde Watanymyzyň halkara sport abraýy belende galýar. Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleri tarapyndan hem sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize mäkäm ornaşdyrmak, adamlarda sporta bolan söýgini artdyrmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Wagyz-ündew çäreleri, sport ýaryşlary hem şolaryň arasynda mynasyp orun eýeleýär.

Sport. Sport. Sport.

Welaýatymyzyň taekwondoçylarynyň üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gözel Diýarymyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde sport toplumlary, sport mekdepleri, stadionlar gurlup, olarda sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden giňden peýdalanýan sport ussatlary ýurdumyzyň sportda abraýyny dünýä ýüzüne äşgär edýärler.

Taýýarlyk: Bakurianiden Pariže

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy şu günler Gruziýada geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýär. Bu işde tälimçiler toparyna hytaýly hünärmen Lin Şufen hem ýardam berýär. Lin Şufen 1991-nji ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesidir. Ol 1996-njy ýylda Atlanta şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşdy. Tälimçi türkmen ýygyndysy bilen geçen ýylyň güýzünden bäri işleşip gelýär. Onuň ýolbaşçylygynda türkmen agyr atletikaçylary dekabr aýynda Doha şäherinde geçirilen Gran-pri II ýaryşynda, şu ýylyň fewralynda Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda we aprelde Phuket şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda medallara mynasyp boldular.

ÝEWRO- 2024 BADALGA ALDY

Ýewropa çempionaty badalga aldy. Ýewro-2024-iň açylyş oýny Mýunhen şäherindäki «Allianz-Arena» stadionynda geçirilip, onda ýer eýesi Germaniýa Şotlandiýany 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu duşuşykda Şotlandiýanyň milli ýygyndysynyň goragçysynyň oýnuň birinji ýarymynda gyzyl kart bilen jezalandyrylyp, meýdançadan çykarylandygy hem hasabyň aşa uly bolmagyna täsir etdi, emma muňa garamazdan, Germaniýanyň görkezen güýçli oýnyň onuň ýaryşyň çempionlygyna dalaşgärleriň biridigini tassyklady diýmek bolar. 15-nji iýunda «A» toparçanyň beýleki toparlary Wengriýa bilen Şweýsariýa özara güýç synanyşdylar. Bu oýunda 3:1 hasabynda şweýsarlar ýeňiş gazandylar. Şeýle-de şol gün «B» toparçada çykyş edýän Ispaniýa hem Horwatiýany 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Munuň özi düzümi ozalkylardan gowşak görünse-de, Ispaniýanyň hem çempionlyga dalaş etjekdigine ynam döredýär. 15-nji iýundaky soňky oýunda bolsa ýaryşyň häzirki çempiony Italiýa 2:1 hasabynda Albaniýadan üstün çykdy. Ýeri gelende bellesek, Ýewro-2024 14-nji iýula çenli dowam eder. Hünärmenler şu gezekki ýaryşda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Angliýanyň, Ispaniýanyň hem-de Portugaliýanyň ýygyndylaryny çempionlyga esasy dalaşgärler hasaplaýarlar.

Tälimçiler baradaky täzelikler

Geçen hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň güýçli klublarynyň birnäçesi täze tälimçilerini yglan etdiler Has takygy, Dortmundyň «Borussiýasy» Edin Terziç bilen hoşlaşyp, onuň ornuna Nuri Şahini bellän bolsa, «Milany» mundan beýläk Paulu Fonseka, «Ýuwentusy» bolsa Tiagu Motta türgenleşdirer. Mundan başga-da, tälimçiler barada gürrüň gozgalanda, «Mançester Ýunaýtediň» ýolbaşçylarynyň Erik ten Hagy işden boşatman, oňa ýene bir möwsümlik mümkinçilik bermek baradaky karara gelendigini bellemek gerek.

Iň uly hasap boýunça MHL-niň rekordy täzelendi

Aşgabat wagty bilen düýn irden Kanadanyň Edmonton şäherinde Milli hokkeý ligasynyň pleý-off seriýasynyň çäklerinde «Edmonton Oýlerz» «Florida Panterzi» kabul etdi. Duşuşyk ýer eýeleriniň 8:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, bu ýeňiş arkaly «Edmonton Oýlerz» MHL-niň rekordyny täzeledi. Has takygy, mundan ozal hiç bir topar MHL-niň pleý-off seriýasynda 7 şaýba tapawut bilen ýeňiş gazanmandy. Ozalky rekord 1942-nji ýylda pleý-off seriýasynyň 5-nji oýnunda «Detroýt Red Uingzi» 9:3 hasabynda ýeňen «Toronto Meýpl Lifse» degişlidi.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dyň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li «Te­ge­lek sto­luň» ba­şyn­da söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­di.