UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi

21 Iýun 2024
91

Klub­la­ryň ara­syn­da­ky iň esa­sy bäs­le­şik ha­sap­lan­ýan UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy tä­ze möw­süm­de tä­ze for­mat­da ge­çi­ri­ler. Umu­my­lyk­da 70-nji UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ady­ny ala­nyn­dan bä­ri-de 33-nji ge­zek ge­çi­ril­jek ýa­ry­şyň ta­ry­hyn­da 3-nji ge­zek for­ma­ty üýt­gär. Ir­ki ýyl­lar­da di­ňe her ýur­duň çem­pio­ny­nyň gat­na­şan bäs­le­şi­gi utu­lan-çyk­dy tap­gyr­la­ry esa­syn­da gu­ral­ýar­dy. 1992/93 möw­sü­min­den baş­la­bam ýa­ryş il­ki to­par­ça­la­ýyn, soň­ra utu­lan-çyk­dy tap­gyr­lar esa­syn­da ge­çi­ri­lip gel­ýär­di. 1990-njy ýyl­la­ryň ahyr­la­ryn­da ýa­ry­şa di­ňe çem­pi­on klub­lar däl, eý­sem, çem­pio­nat­da öň­dä­ki 4 or­ny (ýur­du­na gö­rä üýt­ge­ýär) eýe­län­ler hem go­şu­lyp ug­ra­dy. Ine, in­di bol­sa utu­lan-çyk­dy hem-de to­par­ça­la­ýyn for­mat­la­ryn­dan soň, tä­ze for­mat­da, ýagny li­ga for­ma­tyn­da ge­çi­ri­ler.

Tä­ze möw­süm­de klub­la­ryň, şol san­da ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­la­ryň sa­ny hem art­dy­ry­lar. Li­ga ýa-da ozal­ky for­mat­da aý­dy­lan­da, to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ra 32 däl-de, 36 klub gat­na­şar. Şol 36 klu­buň 29-sy gö­nü­mel, has ta­ky­gy, saý­la­ma du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­mez­den ýa­ry­şa we­kil­çi­lik eder­ler. Olar klub­la­ryň çem­pio­nat­lar­da­ky ga­za­nan ne­ti­je­le­ri esa­syn­da ýurt­la­ryň reý­tin­gi­ne gö­rä kes­git­le­nil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýa­ry­şyň li­ga tap­gy­ryn­da çy­kyş et­jek klub­la­ryň 29-sy bel­li­. Ga­lan 7 orun üçin bol­sa 52 klub 4 tap­gyr­ly utu­lan-çyk­dy saý­la­ma du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çi­rer­ler. Şol saý­la­ma du­şu­şyk­la­ry­ň 1–2-nji tap­gy­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. Ýa­ry­şa je­mi 53 ýurt­dan 81 klub we­kil­çi­lik eder. Bil­şi­ňiz ýa­ly, UEFA-nyň 55 ag­za ýur­dy bo­lup, şo­lar­dan di­ňe Lih­tenş­teýn­de mil­li çem­pio­nat ge­çi­ril­me­ýär. Ýur­duň klub­la­ry Şweý­sa­ri­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ry­na we­kil­çi­lik edip, Lih­tenş­teýn­de ku­bok bäs­le­şi­gi gu­ral­ýar. Onuň ýe­ňi­ji­si-de Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­sy­na gat­naş­ýar. Eý­sem, li­ga tap­gy­ry­na ýol­lan­ma alan 29 klu­buň ara­syn­da haý­sy to­par­lar bar.