Abraýly ýaryşyň medallary

21 Iýun 2024
121

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri Merkezi Aziýanyň çempionatynyň

4 altyn, 3 kümüş hem-de 2 bürünç medallaryna mynasyp boldular. 8 – 16-njy iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen bu ýaryşa 5 döwletden 300-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 12 türgen wekilçilik etdi.

Öwlüýäguly MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.