Sport

21 Iýun 2024
58

Mekdep okuwçylarynyň welaýat birinjiligi

Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdebiň sport eýwanynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» ady bilen sportuň woleýbol we tanap çekmek görnüşleri boýunça oglanlaryň arasynda, küşt görnüşi boýunça oglan-gyzlaryň arasynda ýaryşlar geçirildi. Ýaryşy «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölümi welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, welaýat Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde gurady. Oňa Akdepe, Görogly, Şabat, Boldumsaz, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndan we Daşoguz şäherinden toparlar gatnaşdylar. Sportuň woleýbol görnüşi boýunça okuwçy oglanlaryň arasynda birinji orny Akdepe etraby, ikinji orny Daşoguz şäheri, üçünji orny Boldumsaz etrabynyň toparlary eýelediler. Tanap çekmek boýunça oglanlaryň arasynda birinji orny Akdepe etraby, ikinji orny Boldumsaz, üçünji orny bolsa Daşoguz şäheriniň toparlary eýelemegi başardylar. Küşt boýunça oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda birinji orny Akdepe etraby, ikinji orny Şabat etraby, üçünji orny bolsa Daşoguz şäheriniň toparlary eýelediler. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Bibi PALTAÝEWA,
«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmeni.