Tälimçiler baradaky täzelikler

16 Iýun 2024
108

Geçen hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň güýçli klublarynyň birnäçesi täze tälimçilerini yglan etdiler

Has takygy, Dortmundyň «Borussiýasy» Edin Terziç bilen hoşlaşyp, onuň ornuna Nuri Şahini bellän bolsa, «Milany» mundan beýläk Paulu Fonseka, «Ýuwentusy» bolsa Tiagu Motta türgenleşdirer. Mundan başga-da, tälimçiler barada gürrüň gozgalanda, «Mançester Ýunaýtediň» ýolbaşçylarynyň Erik ten Hagy işden boşatman, oňa ýene bir möwsümlik mümkinçilik bermek baradaky karara gelendigini bellemek gerek.

Taýýarlan: Atajan AKMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.