Çempionlyk ugrunda ýiti göreş

21 Iýun 2024
78

Ame­ri­ka­nyň Mil­li hok­keý li­ga­sy­nyň Sten­li Ku­bo­gy ug­run­da­ky fi­nal du­şu­şyk­la­ry ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. «Flo­ri­da Pan­ters» bi­len «Ed­mon­ton Oý­ler­siň» ara­syn­da­ky fi­nal du­şu­şyk­la­ry­nyň 5-nji­si ge­çi­ri­lip, çem­pi­on­lyk in­di­ki du­şu­şy­ga gal­dy. Il­kin­ji 3 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry il­kin­ji ta­ry­hy çem­pi­on­ly­gy­na bir ädim go­laý­lap­dy. Ýö­ne 4–5-nji du­şu­şyk­lar­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.

1-2-nji du­şu­şyk­lar Flo­ri­da­da ge­çi­ri­lip, ýer eýe­le­ri 3:0 hem-de 4:1 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. 3-nji du­şu­şyk Ka­na­da­da oý­na­lyp, bu oýun­da-da «Flo­ri­da Pan­ters» 4:3 ha­sa­byn­da gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy. Ýö­ne 4–5-nji oýun­lar ju­da baş­ga­ça bol­dy. 4-nji du­şu­şyk Ka­na­da­da ge­çi­ri­lip, ýer eýe­le­ri 8:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şyk­da 1 gol ge­çi­rip, 2 asist eden Kon­nor Mak­De­wid ta­ry­hy re­kor­dy tä­ze­le­di. Ol pleý-off tap­gy­ryn­da bir möw­süm­de 32-nji asis­ti­ni edip, bu ugur­da NHL-iň ro­wa­ýa­ty ýyl­dy­zy, ka­na­da­ly Weýn Grets­ki­niň 1988-nji ýyl­da­ky re­kor­dy­ny tä­ze­le­di.