Sagdyn durmuş — bagtly geljek

19 Iýun 2024
139

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň bolelin, abadan, asuda durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty has giň gerime eýe etmek, jemgyýetde, esasan hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak babatdaky işlere aýratyn üns berilýändigi guwandyrýan ýagdaýdyr. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde Watanymyzyň halkara sport abraýy belende galýar.

Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleri tarapyndan hem sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize mäkäm ornaşdyrmak, adamlarda sporta bolan söýgini artdyrmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Wagyz-ündew çäreleri, sport ýaryşlary hem şolaryň arasynda mynasyp orun eýeleýär.

Muhammet Amanow,
Etrek etrap polisiýa bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň kapitany.