Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Maý baly — melhem

Türkmen topragynyň üstüniň-de, astynyň-da hazynadygy hemmä aýan hakykat. Ýurdumyzyň köp ýerini Garagum sährasy tutýar. Onuň ösümlik dünýäsi köpdürlüligi bilen tapawutlanýar we ekologik taýdan iň arassa önümleri berýär. Şol önümleriň biri-de ary balydyr. Eýýäm aprel aýynda akly-gyzylly güllere beslenen Garagum sährasy gyş ukusyndan oýanan arylaryň nektar ýygnaýan meýdanyna öwrülýär. Sebäbi, gülleýän wagty çöl ösümlikleriniň köpüsi iň bir arassa nektary emele getirýär. Ösümlik olary özünde birnäçe wagtlap saklap bilýär. Balary gelip, nektary sorup alandan soňra bu ösümliklerde nektaryň emele gelmesi dowam edýär. Şondan bolsa gerek, lebaply balçylar eýýäm mart aýynda arylaryny Garagum sährasyna çykarýarlar. Arynyň ýygnaýan nektarlary sähel wagtyň içinde arassa bala öwrülýär. «Maý baly» diýlip atlandyrylýan bal özüniň ýokumlylygy babatda has tapawutlydyr. Muny bal önümleriniň halkara sergi-ýarmarkalaryna gatnaşýan balçylar guwanmak bilen belleýärler. Balçylar öz işleriniň hysyrdylydygyna garamazdan, örän gyzyklydygyny, özboluşly lezzet berýändigini aýdýarlar. Farap etrabyndan Röwşen, Zyýadulla, Perman Durdyýewler, Kerki etrabyndan Amangeldi we Rahmanguly Gurbankulowlar ýaly agzybir doganlar balary maşgalalarynyň 100-e golaýyny idetseler, Köýtendag etrabyndan Işkuwat Abdynazarow maşgalasy bilen balarylaryň 60 maşgalasyny idedýär. Olardan bu käriň inçe tilsimlerini öwrenýän ýa

Tebigat — bahasyz baýlyk

Ajaýyp tebigatymyzy aýamak, ony ýangyn howpundan goramak ählimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Gözel tebigatymyzda ýangyn howpunyň öňüni almak maksady bilen, ministrliklerdir pudak edaralaryna degişli tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangyn howply möwsüm başlanmazdan öň, ýangyna garşy ähli möhüm çäreleri ýerine ýetirmek zerurdyr. Golaýda hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem-de sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda bu barada degişli ýolbaşçylara möhüm tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz tomsuň gelmegi bilen howanyň gyzýandygyny, onuň adam saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyny belledi. Howanyň gyzmagy we meýdan otlarynyň guramagy sebäpli, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmegi, obalarda, ekin meýdanlarynda, köpçülik ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Tokaý zolaklarynda işledilýän tehnikalar ilkinji ýangyn söndüriji enjamlar bolan keçe, pil, palta, çäge we beýlekiler bilen üpjün edilip, başga maksatlar üçin ulanylmazdan, abat ýagdaýda saklanmalydyr. Tokaý zolaklarynda aýna, çüýşe gaplary galdyrmak hem howpludyr. Sebäbi Gün şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi netijesinde, ýangynyň döräp biljekdigini

Göwünler gözellige göterilip gezsin!

...Biziň şäherimizde iýeni aýra gitmeýän üç adam bar. Olar aram-aram arkalary goşhaltaly, elleri çaklaňja pilli Balkan dagyna ugraýarlar. Dostlar hem-ä dynç alýarlar, hem-de biedep adamlaryň galdyran hapalaryny ýygnap, gazylan çukurlara gömýärler. Indi, gör, näçe ýyl bäri şeýdip ýörler! Ýogsam bolmanda, muny olardan hiç kim haýyş edenok. Men üýtgeşik ýürekli adamlary tanaýandygyma begenýän...

Boýag ösümligi

Türkmeniň behişdi topragy ir-iýmişlere, dermanlyk ot-çöplere baý bolşy ýaly, boýag, dürli reňkleri almak üçin ýabany ösümlikleriň hem mekanydyr. Keteni, sowsany, alaça, göwderi ýaly milli matalary, nepis we owadan halylary dokamak üçin ene-mamalarymyz ilki ýüpekden we ýüňden olaryň sapaklaryny taýýarlapdyrlar. Inçe egrilen sapaklar tebigatdan alnan dürli reňkler bilen has göze ýakymly görnüpdir. Boýag almak üçin çöpboýa, sarygül, naryň we soganyň gabygy, dürli güller ulanylypdyr. Olaryň arasynda adyndan belli bolşy ýaly, çöpboýa hakyky boýaglyk ösümligidir. Çöpboýadan alnan reňkleriň üstünden ençeme asyr geçse-de solmandyr. Çöpboýa, esasanam, dag eteklerinde, suwarymly ýerlerde, derýalaryň ýakasynda, haşal otlaryň arasynda ösýär. Ol Köpetdagyň günorta-günbatarynda, Köýtendagda, Amyderýanyň suwarymly ýerlerinde duş gelýär.

Tebigat — milli baýlygymyz

Mähriban Diýarymyzyň islendik künjegi tebigatyň gaýtalanmajak gözelligi bilen özüne çekýär. Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň daşky gurşawy-da özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Belent daglar uzaklardan howalanyp görünýär. Gözýetime uzap gidýän gök deňiz tolkun atýar. Ýerasty we ýerüsti baýlyklar näçe diýseň bar, sähralar, düzler ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşlerini özünde jemleýär. Bugdaýyň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişiň bol hasyly alynýar. «Altyn asyr» Türkmen kölüni, onuň daş-töweregini göreniňde, adam paýhasy bilen döredilen uly gidrotehniki desganyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti baradaky pikir seriňe dolýar. Bir söz bilen aýdanyňda, tebigatyň gözelligine buýsanmazlyk mümkin däl. Tebigatymyzy goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak bolsa iň wajyp wezipedir. Ýurdumyzda ekologiýa meselesine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Muny tassyklaýan mysallar az däl. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly Konwensiýalarynyň ençemesine goşuldy. Türkmenistan tebigaty goramak boýunça halkara meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejesindäki maslahatlarda howa, suw we beýleki meseleler babatda öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan çuň makullanmak bilen garşylandy.

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Tebigat — diriligiň çeşmesi Türkmen tebigaty diýlende, gözel Diýarymyzyň ak garlara bürenip oturan daglary, ýazyna ýaşyl otlardyr al-elwan öwüsýän baýyrdyr depeleri, durnaň gözi ýaly dury suwly çeşmeleri, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ymgyr çöli göz öňüňde janlanýar. Bu gözelligi wasp etmedik şahyr, bagşy elbetde, ýok bolsa gerek.

Tebigat — umumy öýümiz

Daşky gurşawyň, tebigatyň goraglylygy durmuşymyzyň abadanlygynyň aladasydyr. Ekologiýa sözüniň özeninde öý, ýaşalýan ýer diýen manynyň bolmagy hem her birimize bu babatda çuňňur pikirlenmäge esas bolup durýar. Daşky gurşawdaky her bir özgerişligiň täsiri hem zeminiň ähli janly-jandary üçin deňdir. Şonuň üçin-de daşky gurşawa ýaramaz täsirleriň öňüni almak maksady bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 27-nji mejlisinde 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýip yglan edildi. Bu sene daşky gurşawy goramak boýunça 1972-nji ýylda geçirilen Stokgolm konferensiýasynyň işiniň başlanan güni hökmünde saýlanyp alyndy. Baş Assambleýanyň şol sessiýasynda BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy  (ÝUNEP) hem döredildi. Häzirki zaman ekologiýasy «Ähli zat bir-biri bilen bagly», «Hiç zat ýitip gitmeýär», «Tebigatyň özi gowy bilýär — bu kanunyň iki manysy bar — tebigata ýakyn bolmaly, şol bir wagtyň özünde-de oňa seresap çemeleşmeli», «Bihasap zat ýok» ýaly 4 sany esasy kanuna eýerýär. Şulardan hem görnüşi ýaly, edýän işlerimiziň, hereketlerimiziň ählisi daşky gurşawa täsirini ýetirýär. Muňa howanyň, töwerek-daşyň hapalanmagy, janly tebigata, ösümliklere, baglara... ýetirilýän zyýanlardan başlap uly-uly meseleleri mysal getirip bolar. Şonuň üçin-de tebig

Otag gülleri

Iş otaglarynda ýa-da öýlerde küýzejiklerde ekilen gülleri göreniňde, göwnüň göterilýär. Olary ähli otaglarda ekmek amatlydyr.Ýakymly ysly güller rahat dynç almagyňa hem oňyn täsir edýär. Gülli küýzejikler Gün şöhlesi endigan düşüp duran penjiräniň öňünde goýulsa, has-da amatlydyr. Çünki ähli dal-daragtlar ýaly, otag gülleri hem ýapraklarynyň üsti bilen Gün energiýasyndan iýmitlenýärler.

Tebigat gözeldir oda dözerden

Gahryman Arkadagymyzyň: «Esasy wezipeleriň biri hem ilatyň ekologik medeniýetliligini ýokary götermek, ýaş nesliň aňynda daşky gurşawy gorap saklamak düşünjesini terbiýelemek bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, bu işde öňden gelýän milli ýörelgeleri, halkyň aňyna ornaşan ýagşy däp-dessurlary öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr. Gözel tebigatyň ösümlik hem haýwanat dünýäsini aýawly peýdalanmak, onuň baýlygyny bisarpa tutman, geljekki nesillere miras goýmak üçin ata-babalarymyz uly alada edipdirler. Eziz Diýarymyzda tebigaty goramak ugrunda ýetilen sepgitler, bitirilen işler örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa» hem-de «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnama boýunça ýaşaýyş üçin tämiz, arassa howany üpjün etmek, türkmen topragynyň tebigat gözelligini artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde ählihalk ýowaryny ekologik-medeni çäre hökmünde geçirmek bellenildi. Biziň ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri emeli döredilýän tokaý seýilgäh zolaklarydyr.

Ene topraga guwanjymyz

Pasyllaryň soltany baharda ülkämiz has gözel keşbe girýär. Bu pasylda tebigat özüne mahsus dürli reňkler arkaly töwerege ussatlyk bilen gaýtalap bolmajak surat çekýär. Daglaryň, baýyrlaryň, sähralaryň ýüzi ýaşyl begrese bürenýär. Bereketli çölümiz begres don geýene meňzeýär, baglarymyz gülleýär, tebigat janlanýar. Ynsan kalby şeýle ajap görnüşleri synlap, lezzet alýar. Dünýäniň başga bir künjeginde gabat gelip bolmajak gözellik töweregi gurşap alýar. Töwerek asuda, arassa, päk bolanda adam kalby hem päklenýär, onuň adam ruhuna edýän täsiri artýar. Adam öz ýaşaýşynda iň zerur zatlary tebigatdan alýar. Howamyzyň, suwumyzyň arassa, howpsuz, bereketli topragymyzda öndürilýän önümleriň ýokumly, ýaramly, durumly, ýakymly bolmagy üçin döwletimizde tutumly işler amala aşyrylýar. Tebigat biziň durmuşymyza zerur ähli zady bolluk bilen eçilýär. Bize şol baýlyklardan, gözellikden rejeli peýdalanaýmak galýar.

Bathyzyň jerenleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzy baga-bossanlyga öwürmek hem-de ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, milli tokaý maksatnamasyny amala aşyrmak we ata Watanymyzyň tebigatynyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ylmy esasda öwrenmek işleri goraghananyň işgärleriniň öňünde duran uly wezipeleriň biridir. Ýurdumyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamakda “Bathyz” döwlet tebigy goraghanasynyň ähmiýeti hem örän uludyr. Sebäbi, goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi dürlüligi bilen tapawutlanýar. Goraghananyň ýerüstüniň keşbi üç dürli bolup, ýagny, sähra meýdany, pisse tokaýlygy we gury çöketlik toýnakly haýwanlara ýaşamaga we neslini dowam etdirmäge uly mümkinçilik berýär. Goraghananyň uçut gaýaly daglary, al-ýaşyl öwüsýän sähra meýdanlarynyň gözelligine gözellik goşýan owadan haýwanlaryň birnäçesi bolup, olaryň biri-de Bathyz keýikleridir. Il arasynda olara “jerenler” hem diýilýär. Keýikler süýdemdirjiler klasynyň goşatoýnaklylar otrýadynyň gynşahlylar maşgalasynyň iň gözel wekilleriniň biridir. Keýik daşky keşbi boýunça orta boýly hem-de syratlydyr. Onuň agramy 20-30 kilograma ýetýär. Jereniň inçemik aýagy we ýiti toýnagy bolýar. Ol örän ýyndam jandardyr. Kellesi we gulagy kiçijik, boýny inçeden uzyn, şahynyň uzynlygy 30 santimetre çenli ýetýär. Şahynyň ujy ýylmanak, düýbüne ýakynrak ýer

Tebigatymyzy goralyň!

Tebigaty goramak, onuň köpdürlüligini aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň başyny başlan Türkmenistanyň uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň möhüm ugrudyr. Bu hakda “Tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak barada hemişe alada etmek, Watana, mähriban ojagyna, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp, biziň günlerimize gelip ýeten asylly däplerine bolan hakyky söýgä her bir ýolbaşçy, ýurdumyzyň her bir raýaty doly düşünmelidir!” diýip, Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda nygtap geçýär. Hormatly Prezidentimiziň tebigaty we daşky gurşawy goramak baradaky alyp barýan syýasatyndan ugur alýan Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň işgärleri hem gözel tebigatymyzy gorap saklamaga öz goşantlaryny goşýar.

Okýylan

Ot-çöplere baý, çeşme-çaýly iň gözel ýerleriň eýeleri hasaplanylýan ýylanlar barada näçe gürrüň etseň az. Olaryň owadan keşbi ýa-da peýdaly taraplary, olar bilen baglanyşykly yrym-ynanç adatlarymyz barada gürrüň etdigiňçe gürrüň açylýar. Dünýäde ýylanlaryň üç müňe golaý görnüşi bolup, olar Antarktidadan we Irlandiýadan özge hemme ýerde ýaýrandyrlar. Olaryň köpüsi gury ýerde, käbirleri süýji suwlarda we deňizlerde ýaşaýarlar. Ýumurtga ýa-da içi eýýäm janly ýylanly ýumurtga taşlamak arkaly köpelýärler. Ýylan çagasyna ýylançyr diýilýär.

Yssy günlerde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, ähli ýerlerde otag sowadyjy enjamlar örän köp ulanylýar. Şoňa görä-de, olarda ýangyn döremek howpuny aradan aýyrmak üçin, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaly we ulanmaly. Elektrik akymynyň bir nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly, oňa birbada birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmeli däldir. Elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary goýmak olaryň goraýjylyk ukybyny peseldýär. Öýden, iş ýerleriňizden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda, jaýlary gözden geçirip, elektrik enjamlarynyň öçürilendigini barlaň! Elektrik togy bilen işleýän enjamlar gurnalanda, ulanylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmek bolup biläýjek nogsanlyklaryň öňüni alar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Şa zenan bilen atdaş

Mähriban çagalar, siz Wiktoriýa Amazonka ösümligi barada nämeleri bilýärsiňiz? Tebigatyň iň täsin ösümlikleriniň biri bolan Wiktoriýa Amazonkanyň ady Angliýanyň şa zenany Wiktoriýanyň hormatyna dakylandyr. Bu ösümligiň açylyş taryhy hem sizi gyzyklandyrsa gerek. Aslynda, oňa ilkinji gezek 1801-nji ýylda Boliw kölünde gabat gelnipdir. Aradan ep-esli ýyl geçensoň, ýagny 1832-nji ýylda nemes tebigaty öwrenijisi Eduard Peppig Amazonka derýasyna syýahat edýärkä, bu üýtgeşik ösümligiň üstünden barýar. Şol ýylyň özünde žurnallaryň birinde heniz hiç kime mälim bolmadyk bir ösümligiň tapylandygy baradaky habar çap edilýär. Muňa garamazdan, açyş köpçülik üçin ýene-de nämälim bolup galýar. Ösümligiň üçünji saparky açylyşy 1836-njy ýylda, Britaniýanyň Gwiana sebitinde bolup geçýär. Britan şalygy nemes botanigi Şomburgk Roberte bu sebiti öwrenmek barada tabşyryk berýär. Gözlegleriň dowamynda uly göwrümi we suwda ýüzýändigi bilen tapawutlanýan täsin ösümlik Robertiň ünsüni özüne çekýär. Ol botanika bilen içgin gyzyklanýan iňlis şa zenanynyň hormatyna, bu ösümlige «Wiktoriýa Amazonka» diýip at berýär.

Bilgirjä sowal

— Bilgirje, biz asman hadysalary barada bilmek isleýäris. Näme üçin asman mawy reňkdekä? — Muňa akyl ýetirmek üçin adamzat ägirt uly ylmy açyşlar etmeli bolupdyr. Asmanyň mawy reňke boýalmagynyň esasy sebäbi Ýer şaryny atmosfera gatlagynyň gurşaýanlygydyr. Aslynda, kosmos giňişligine çykan kosmonawtlara Gün şöhlesi ak reňkde görünýär. Emma şol şöhleler Ýeriň töweregindäki atmosfera gatlagyna aralaşanda, döwülme hadysasyna sezewar bolýar we dürli tarapa syçraýar. Ylmy nazaryýete görä, ak reňkiň düzüminde älemgoşaryň ýedi reňki saklanýar. Reňkleriň iň gysga tolkunlary mawy reňke degişli bolansoň, olar beýleki tolkunlara görä has köp ýaýraýar. Emma bulutly günlerde Gün şöhleleri ýeriň ýüzüne ýetip bilmedik ýagdaýynda dürli ululykdaky ähli tolkunlar asmanda gyradeň ýaýraýar we asman çal ýa-da garamtyl reňkde görünýär.

Tebigatyň bezegi

Esaslandyrylanyna140 ýyl bolan Aşgabat köp wakalary başdan geçirdi. Aşgabat şäheriniň taryhy bilen birlikde, tebigatynyň gözelligi täsindir. Aşgabat şäheriniň seýilgählerinde we köçeleriniň ýakalarynda uzak ýaşan agaçlary göreniňde haýran galýarsyň. Ol agaçlara ýerli we biziň howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan görnüşler degişlidir. Aşgabat şäheriniň seýilgähleri şäheriň gözelligine gözellik goşýar. Daşky gurşawymyzyň arassaçylygy we gözelligi adamlaryň saglygy üçin edilýän aladalaryň ýerine düşýänliginiň aýdyň subutnamasydyr. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ekologiki abadançylygy gazanmak esasy meseleleriň biridir. Onuň çözgüdi bolsa tebigat bilen ynsan durmuşynyň sazlaşykly emele getirýän gözellikleridir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15... +20 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradus yssy welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Diýarymyzyň gözel tebigaty

Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan işlere nazar aýlanymyzda, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinen hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän işleriň çäksizdigine göz ýetirýärsiň. Häzirki döwürde ata Watanymyzyň ýaşyl donly bagy-bossanlyga bürenip oturyşyny synlanyňda, türkmen edebiýatynyň meşhur şahyry, Gara Seýitliýewiň: «Her kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen ajaýyp setirleri seriňe gelýär. Hawa, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döredilen tokaý zolaklary diňe bir gözel paýtagtymyzyň daş-töweregini däl-de, eýsem, Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alýar. Bu tokaýlar ata Watanymyzyň howasynyň täzelenmegine, tämizlenmegine ýardam berýär. Bu bagy-bossanlyk eziz Diýarymyzy ýellerdir, şemallaryň üsti bilen ýurdumyza gelýän zyýanly tozanlardan goraýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy hem kabul edildi. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda bag ekişligine badalga berilýär. Geçirilýän bag ekmek dabaralarynda millionlarça düýp agaç nahaly oturdylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda döredilýän tokaý zolaklarynyň sany ýylsaýyn artýar. Bu işleriň amala