Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Baldan datly gawunlar

Dünýä ýüzünde türkmeniň ajaýyp gawunlaryndan süýji, bir gezek datsaň, ömürboýy unudylmajak şirin tagamly gawun tapylmasa gerek. Türkmen gawuny türkmeniň mähri, azaby bilen ýugrulyp, tenekara öwrülen nygmatdyr. Biziň gawunlarymyza topragymyzyň üýtgeşik sahawaty, durnagöz suwumyzyň ýokumy, sergin howamyz, gurakdan ýakymly güneşimiz, iň esasy bolsa, işjanly daýhanyň alyn deri siňendir. Türkmen gawunlary türkmen daýhanlarynyň uly azaplarynyň şirin rehnedidir. Geçmişde häzirki ýaly ýyndam ulaglaryň ýok wagtlary hem, ata-babalarymyz türkmen gawunynyň owazasyny dünýä derejesine ýetirip bilipdirler. Türkmen gawuny Çyn-Maçyn ilinde, Hindistan, Arap ýurtlarynda gyzyldan gymmat bahalanypdyr. Häzirki wagtda-da şirin-şeker tagamly gawunlarymyz şol ýurtlardan bu ýerlere gelýän myhmanlary haýran edýär. Türkmen gawunlary biziň üçin edil tamdyrdan çykan nan ýaly mukaddesdir. Ata-babalarymyz gawuny ýörite sebetlere salyp, zaýalanmaz ýaly, gapdallarynda sowuk suw goýup, uzak ýurtlara äkidipdirler.

Siz bulary bilýärsiňizmi?

— Gawun kädiler maşgalasyna degişlidir. Gawunyň ilkinji watany Merkezi we Kiçi Aziýa hasaplanýar.

Nurly daşyň ýalkymy

Paraiba turmalin daşynyň bir görnüşi bolup, onuň mawy, asman gök reňklisi paraiba diýlip atlandyrylýar. Paraiba zergärçilik bazarynda dessine özüni aldyran gymmat bahaly daşlaryň biridir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda aýratyn bir görnüş hökmünde tanalyp başlananlygyna seretmezden, paraiba köp sanly hususy kolleksiýalaryň täji hasaplanýar. Bu daşyň ady Braziliýanyň Paraiba ştaty bilen bagly bolup, ol Günorta Amerikanyň gündogarynda ýerleşýär. Paraiba ýataklary bir asyrdan gowrak wagt bäri özleşdirilip gelinýär. Bu ýerlerde ýaşyl turmalinler we uly ametistler köpden bäri gazylyp alynýar. Bu ýataklaryň ähli gözleýjileri bu ýerlerde indi üýtgeşik bir mineralyň bolup biljekdigine ynanmandylar. Diňe Heýtor Dimas Barboz atly adam şol pikiriň ýesiri bolupdyr. Ol XX asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda özi bilen pikirdeş adamlardan topar düzüp, gymmat bahaly daşyň gözlegine çykýar. Bu ýerden hiç kimiň görmedik daşyny tapyp boljakdygyna çyn ýürekden ynanýar we onuň umydy wysal tapýar. Emma täleýiň bu adam bilen ýowuz oýun gurandygyny aýdýarlar. «Ajaýyp gök daşlaryň kiçijik ýatagyny tapdym» diýende, Barboz hassahana düşýär. Şatlykly, bagtly pursatlar onuň ýüregine, saglygyna ýaramaz täsir edýär. Soňra sagalyp, hemme zat gowulanýaram welin, magdançy hassahanadan çykýança, ýatak boşaýýar.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Awgust 2023

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04 Ýyldyzlar hamallary durmuş gowulyklary bilen sylajakdyklaryna söz berýärler. Hamallar geljek üçin meýilleşdirýän etsem-goýsamlarynyň binýadyny hem şu döwürden tutsalar, işleri şowuna bolar. Olar täze mümkinçiliklerden peýdalanyp, işlerini jäht tutmalydyrlar. Bu aýda hamallar özlerini ruhubelent we keýpiçag alyp bararlar. Şonuň üçin hem başlan işleri şowlulygyň üstünden elter. Olar ýokary tejribeli adamlar bilen maslahatlaşsalar, hünärlerine degişli edebiýatlardan peýdalanyp, gözýetimlerini baýlaşdyrsalar, işlerinde uly üstünlik gazanarlar. Durmuşlarynda ýakynlary bilen käbir meselede sowallaryň ýüze çykmagy mümkin. Ýyldyzlar hamallara ýaramaz pikirlerden daşda durup, olar bilen dil tapyşmaklaryny maslahat berýärler.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 20-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Yssydan goranmagyň düzgünleri

Tomus — howanyň aşa gyzýan möwsümi. Bu günlerde Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. Tomsuň yssy günlerinde açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan ulanmak, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär. Günüň dowamynda gerekli mukdarda arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdana gezelençleri guramazlyk, meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek we başgaply bolmak maslahat berilýär. Gartaşan we dowamly keselli adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Gan basyşyny, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly, lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini ulanmaly hem-de bejeriji berhizi doly we dogry berjaý etmeli. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan wagty daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Gyzgylt gotan

Gyzgylt gotan Türkmenistanyň çäginde Sarygamyş, Gyzylburun, Soltandag köllerinde, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň garamagyndaky Ýerajy tebigy çäkli goraghanasyna degişli bolan köllerde, Hanhowuz, Saryýazy suw howdanlarynda, Hazar deňziniň kenarlarynda duş gelýär. Gyzgylt gotanyň bedeniniň uzynlygy 185, ganatlarynyň gerimi 380 santimetre çenli bolup, agramy 5,5 — 15 kilogram töweregidir. Guýrugy gönüräk bolup, 24 sany aýlawly ýelekden ybarat. Guýrugynyň uzynlygy, takmynan, 23 santimetre golaýdyr. Çüňki uzyn hem ýogyn bolup, uzynlygy 35 — 46 santimetre ýetýär. Gotanyň boýny uzyn, aýaklary bolsa gysgadyr. Uly boýunhaltasy süýnmek şekillidir.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30... +35 gradus maýyl bolar.

Tebigatyň aýdymy (Şahyrana oýlanma)

Biziň daşymyzy gurşap alan tebigat barada ýeke sözde pikiriňi beýan etmeli bolsa, men oňa «gözellik» diýerdim. Sebäbi islendik zatda özboluşlylygyň, gaýtalanmaýan täsinligiň bolmagy bizi ilkinji bakyşdan özüne imrindirýär. Onsoň günüň-gününe gözümiz düşüp ýören şol täsinligiň içine tutuş süňňümiz bilen siňip gidýäris. Şeýdibem oňa örkümiz baglanýar. Aslynda, biziň özümiz tebigatyň bir bölegi. Şonuň üçinem şatlykdan göwnümiz göterilende-de tebigaty küýseýäris. Şonda daş-töweregimiz öňküsindenem has gözelleşen ýaly bolýar. Şeýdip tebigat seniň bilen begenjiňi paýlaşýar. Bir gezek, näme sebäpdendigi ýadyma düşenok, kalbymy şeýle bir gussa gaplady. Eden işim tersine, gürleşenim bilenem sözüm alşanok. Garaz, tutuş dünýä şol gün meniň garşyma çykana döndi. Onsoň öýde oturyp takat tapman, hemişekije gaçybatalgama özümi atdym. Gaçybatalga diýýänim — çagalygymdan deň-duşlarymyz bilen dürli oýunlara gümra bolup, wagtymyzy geçiren gözel künjegim. Ol gözelligiň kalba eçilýän melhemini, süýjüligini dünýäniň hiç bir künjeginden tapyp bilerin öýdemok. Wagt geçdigiçe-de ol ýeriň täsirliligi artyp barýan ýaly. Megerem, munuň sebäbi ol ýerde çagalygymyň iň süýji pursatlarynyň geçendiginde bolsa gerek. Setirlenişip oturan söwütleriň täsin ygşyldysyna ses goşýan ýaly, bärden bardygyň ene ýabam hemişeki owazyna başlar. Onsoň guşlaryň günüň-gününe haýsydyr bir konserte taýýarlyk görýän ýaly, iň bir

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 144, 160-njy sanlarynda). Gaba daşlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 13-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 12-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Müşki-anbar ysly güller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, öndürilýän önümleriň hiliniň gowulandyrylmagy hem-de mukdarynyň artdyrylmagy, ýerden, suwdan, mineral dökünlerden netijeli peýdalanylmagy obasenagat toplumynyň öňünde anyk wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şol möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bu pudakda amala aşyrylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Oba hojalygy çalt depginler bilen ösdürilýär we ol ýurdumyzda girdejili pudaklaryň birine öwrüldi. Sebäbi daýhanlaryň öndürijilikli we bökdençsiz işlemekleri, halal gazanç edip baýamaklary, döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýylyň-ýylyna daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary satyn alynýar. Mineral dökünler bilen üpjünçilik barha gowulanýar. Şeýle bolansoň, ekerançylygy ösdürmäge niýetlenilen daýhan hojalyklaryny döretmäge isleg bildirýän adamlaryň sany hem barha köpelýär.

Mazy

Türkmeniň bereketli topragynda bitýän bakja önümleriniň biri-de mazydyr. Mazynyň baldagy togalak bolup, ýere ýazylyp ösýär we goly töwerege ýaýraýar. Miwesi tüýjümek, daşy besse-besse nagyşly, eliň aýasynda ýerleşip duran, gyzgylt-goňras reňkli mazy güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde diýen ýaly ösýär. Onuň miwesi ysgamak we bezeg üçin ulanylýar. Maza halk dilinde dessemmaýa diýilýär. Onuň ysyny ysgap doýup bolmaýandygyny söz ussady Magtymguly Pyragy «Güli, destembili ysgan doýunmaz» diýip beýan edipdir. Ýakymly ysly mazy hakda halk döredijiliginde birnäçe setirler hem bar. «Gawun gowusy — mazy, it gowusy — tazy» diýen nakyl muňa mysaldyr.

Bendesene bendiwanam

Türkmen ülkesiniň her bir künjeginiň ýakymly, şöhratly geçmişiniň bardygyna gojaman taryhyň özi şaýat. Ata-babalarymyz öz şöhratly menzilleriniň beýanyny küti-küti kitaplara ýazypdyrlar. Gazuw-agtaryş işlerini geçirýän arheologlaryň küýze bölejiklerini, diwar syrçalaryny öwrenip, taryhy dikeldişleri ýaly, dürli-dürli maglumatlaryň, çaklamalaryň, degşirmeleriň kömegi arkaly bagrymyz badaşan topragymyzyň, mukaddes ata Watanymyzyň taryhyny dikeltmäge we wagyz etmäge borçludyrys. Bendesen ýurdumyzyň taryhy şan-şöhrata beslenen künjekleriniň biridir. Bu geografik adyň asyl manysyny ýüze çykarmak üçin dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmenistanyň toponimik sözlügi», «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» diýen kitaplaryna ýüzlendik. Alym olarda ýerli oba adamlaryndan eşiden gürrüňleriniň esasynda şol sözüň etimologiýasy boýunça garaýşyny beýan edýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 11-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +41... +43° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Tebigaty goramak – baş wezipämiz

Türkmenistan tebigy baýlyklara baý ýurtdur. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Daşky gurşaw bilen gatnaşygy sazlaşykly guramaga, ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýeti döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Daşky gurşaw, ýagny tebigat adamzadyň iň uly baýlygydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde tebigatyň gözelliklerini goramak, bag nahallaryny oturtmak asylly ýörelgelere öwrüldi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça ylmy işleri alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň esasynda hem tebigaty öwreniji alymlar bu ugurda asylly işlerini alyp barýarlar. Hut şunuň netijesinde daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler ylmy esaslara daýanýar. Tebigaty goramak işleriniň ylmy esasda ýola goýulmagy ekologiýa abadançylygyna, ynsan saglygyna, adamlaryň dynç alşyna oňat ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary tebigaty goramak meselesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda kabul edýän kararlary tebigatyň bize eçilen baýlyklaryny tygşytly peýdalanmaga we olary gorap saklamaga gönükdirilendir. Ylmyň, bilimiň ýokary depginlerde ösýän häzirki döwründe tebigatyň eçilen gymmatlyklaryny adamzadyň bähbitleri üçin ulanmak, bu meseläni üstünlikli çözmek örän derwaýysdyr. Çünki, tebigat bizi döredýär, ekleýär, saklaýar. Ý

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +39... +44 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +34... +39 gradus yssy bolar.

Repetek Saharasy

Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşen «Repetek Saharasy» diýlip atlandyrylýan ajaýyp tebigy ülke Lebap welaýatynyň çägindäki Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň düzümine girýär. Ol goraghananyň merkezi bagyndan 4 kilometr günbatar tarapda, Aşgabat — Türkmenabat gara ýolundan 1,5-2 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Onuň edil başlangyç aklaň çäge depesini Aşgabat — Türkmenabat gara ýolundan «Malaý» gaz känine çenli çekilen ýol kesip geçýär. Şunuň ýaly amatly ýerde ýerleşendigi sebäpli «Repetek Saharasy» ekologik syýahatçylygy guramaga uly mümkinçilik döredýär. Bu tebigy ülke beýikligi 25 — 30 metr aralygyndaky gum gerişlerinden ybarat bolup, ol Amyderýanyň çep kenaryndaky çägeleriň Repetege çenli ýetýän gollarydyr. Bu ýerde ösüp oturan sözendir seline duşaýmasaň, başga ösümlik örtügi ýokdur. Şol depelere uzakdan nazar aýlanyňda, göz öňüňde dünýäde iň uly çöl hasaplanýan Sahara meňzeş keşp peýda bolýar. Şonuň üçinem bu täsin ýer «Repetek Saharasy» diýlip atlandyrylýar.

Tebigatyň tenekary

Taryhda möhüm yz goýan şahsyýetleriň bitiren hyzmatlaryna degişli derejede baha bermek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Orta asyr çeşmelerinden belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň çäginden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherlerde milli lukmançylyk tejribeleri netijeli ösdürilipdir. Köneürgençde ýaşap geçen Mahmyt Omar Çagmin atly alym öz işlerinde milli lukmançylygyň özboluşly tejribesini ulanmagy başarypdyr. Ol dermanlyk ösümlikleriň häsiýetini öwrenmek bilen içgin meşgullanypdyr. Alym Çagmin lukmançylyk ugruny ikä bölüpdir, ýagny nazary lukmançylyk we amaly lukmançylyk ýaly ugurlary esaslandyrmak bilen, tebigy hadysalaryň, ýeriň geografiki ýerleşişiniň, adamlaryň beden gurluşynyň özboluşly aýratynlyklaryna göz ýetiripdir. Şeýle hem ol dermanlyk ösümlikleriň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly pikirleri öz içine alýan «Kanunça» atly kitaby ýazypdyr.