Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Körpelere terbiýe bermekde aýdym-sazyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillere aýratyn üns berilýär. Ýaş nesilleriň milli terbiýede terbiýelenmegi, watansöýüji we kämil bolup ýetişmekleri esasy ugurlaryň biridir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, olaryň pikirlenişiniň, dünýägaraýşynyň giňelmeginde, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularynyň kämilleşmeginde çagalar baglarynda geçirilýän aýdym-saz sapaklarynyň ähmiýeti uludyr. Bu babatda Serdar şäherindäki «Gülälek» atly 9-njy çagalar bakja-bagymyzda hem talabalaýyk işler alnyp barylýar. Körpeler şadyýan sazlary gowy görýär. Olar sada dilde ýazylan aýdymlaryň sözlerini uly höwes bilen öwrenýärler, çalt özleşdirýärler. Aýdymyň sözlerini körpeler bilen bilelikde gaýtalap öwretmek olaryň ünsüni çekýär. Soňra şol aýdym saz bilen öwrenilende körpeler ony çalt ýerine ýetirip bilýärler. Has zehinli çaga aýdymy ýekelikde ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredilse, onda beýleki körpeler hem onuň bilen deňleşjek bolup, yhlas edýärler.

Eşretli eýýamyň eýeleri biz

Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda bedew bady bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenilen geçen ýyly Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda taryhy özgertmelere hem-de tutumlara beslän agzybir halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem uly üstünliklere ýetmek üçin zähmetsöýerligiň nusgasyny görkezýär. Sebäbi 2021-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda aýratyn möhüm, aýratyn ähmiýetli ýyldyr. ªu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 30 ýyl dolýar. Taryhy jähetden alanyňda, bu ujypsyz möhlet bolsa-da, Arkadag Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan ösüşleri asyrlara barabar bolup, döwletimiziň dünýädäki at-abraýy arşa göterildi. Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan hemişe uly godawa eýe bolup gelýär. Ýurdumyzyň islendik ulgamyny alyp görenimizde-de, onda ýylba-ýyldan täze sepgitlere ýetilýändigine biziň her birimiz şaýat bolup ýörüs. Obalarymyzyň, şäher

Berkarar Watanyň kuwwaty

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bagtyýarlyk döwrümiziň üns berilýän meseleleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda edýän aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, onuň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmakda, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly sanly bilime geçmekde ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Örän gysga döwür içinde ulgamda amala aşyrylan hem-de üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeler, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin durmuşa geçirilen anyk çäreler bilim işgärlerini örän guwandyrýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleriň hyzmatyndan peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda yzygiderli alnyp barylýan tutumlaryň ählisi bagtyýar nesle döwrüň ýokary talapla-

Bagtdan paýly nesiller

Gahryman Prezidentimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, edep-ekramly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen milli maksatnamalar, giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaş nesliň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin bilim-terbiýe edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde täze bilim ojaklary gurulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtly durmuşyň goýnunda ösüp-ulalýan çagalar ýurdumyzyň nurana geljegidir. Şonuň üçin hem ruhy we beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, bilim--terbiýeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ene-atanyň, bilim işgärleriniň yhlasyna baglydyr.

Zehinli ýaş­la­ryň şowly ga­dam­la­ry

Bir ge­zek akyl­dar­la­ryň bi­rin­den yly­ma kes­git­le­me ber­me­gi­ni so­rap­dy­lar. Şon­da ol: «Ylym ― ha­sy­ly­ny çöp­läp bol­ýan ekin, ho­şa­sy­ny ýyg­nap bol­ýan gal­la, mi­we­si­ni dadyp bol­ýan da­ragt­dyr, em­ma ol peý­wag­ty­na ös­ýän dü­me eki­ni däl­dir. Ylym ― deňziň düý­bün­dä­ki dür, çölüň as­tyn­da­ky ha­zy­na, dagyň gur­sa­gyn­da­ky göw­her­dir, ýö­ne ol aň­sat ga­za­nyl­ýan genç däl­dir. Ylym ― be­ýik­li­ge gö­te­ril­ýän bas­gan­çak, mak­sa­da ýa­kyn­laş­dyr­ýan müm­kin­çi­lik, men­zil­le­re ýetirýän ýodadyr, ýö­ne ol ýa­daw­syz ötül­ýän ýol däl­dir» di­ýip jo­gap be­rip­dir. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da ylym-bilim edaralarynyň işini kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler oňyn mi­we­le­ri­ni ber­ýär. Bi­lim dün­ýä­sin­de ga­nat ýa­ýyp, ukyp-ba­şar­ny­gy­ny ylym-bi­li­me sarp ed­ýän ýaş­la­ry gö­re­niň­de, ola­ra bo­lan buý­san­jyň art­ýar. Şeý­le ze­hin­li, bi­lim­li ýaş­la­ryň ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­niň mun­dan beý­läk-de beý­ge gö­te­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant­ goş­jak­dyklary­na bo­lan yna­myň pug­ta­lan­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da yl­ymy we bi­li­mi ös­dür­mek ba­ba­tyn­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň aja­ýyp mi­we­si­ni eçil­ýän­digi­ türk­men ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki in­ter­net ul­ga­my ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän ders, tas­la­ma bäs­le­şik­le­rin­de ga­zan­ýa

Ösüşleriň binýady

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Bu günki gün ýurdumyzyň bilim ulgamyna ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly öňegidişlikler gazanylýar. Täze gurlup ulanylmaga berlen we bar bolan çagalar baglaryndan başlap, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär. Şolaryň netijesinde ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda Konsepsiýa» kabul edildi. Şunlukda ýurdumyzda sanly ulgamyň bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrýandygy ikuçsuzdyr. Muny mugallymlaryň geçýän okuw sapaklarynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar.

Hünäre höwes, geljege ynam

Bu gojaman dünýäde her ynsan öňünde maksat goýýar we oňa ýetmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Ýüreginde beslän arzuwlarynyň wysal tapmagy ugrunda göreşýär. Özüne hünär saýlaýar, kem-kemden kämilleşýär. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, çaganyň şol döwürde öýde ene-atalar, çagalar bagynda terbiýeçiler, mekdepde mugallymlar tarapyndan mähir, üns-alada bilen gurşalyp alynmagy gerek. Şeýle bolanda, ol öz ukyp-başarnygyny doly açyp görkezmegi, özüne hünär saýlamagy başarýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň çagalygyndan göwün söýen kesp-käri bilen gyzyklanmaklaryny artdyrmak we okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen mekdepden daşary bilim edaralary hereket edýär. Olaryň biri-de Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüdir. Indi otuz bäş ýyldan bäri işläp gelýän bu döredijilik ojagynyň bilim işgärleriniň esasy wezipesi ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olarda milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza hormat-sarpany kemala getirmek, edep-ekramly, bilim-sowatly, ukyp-başarnykly, zehinli hem başarjaň ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Bu ýerde ýaşlara halyçylyk, keşdeçilik — milli nagyş, biçimçi-tikinçi, aýdym-saz, tans, milli miras, çeper eller, ýaş tebigaty söýüjiler, ýaş aşpezler, ýaş suratçylar ýaly ugurlar boýunça hünärler öwredilýär. Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde hem-de etrabyň çägindäki orta mekdeplerde bu ugurl

Nurana geljege buýsanjyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirýän işleri bagtyýar halkymyzyň röwşen geljegini üpjün edýär. Ýeňişli menzillere barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bilim binalary obadyr şäherleriň gözelligine gözellik goşup, gurulýan binalaryň ep-esli bölegini tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren giň mümkinçilikleri netijesinde häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalar biziň gündelik hemramyza öwrüldi. Mähriban Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan beýik işleri türkmen ýaşlaryna baky bagtyýarlyk paýlaýar. Bu bagtyýarlykdan ykbaly şuglaly ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almaklary, eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagy, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilýän uly tagallalar her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyz her bir çykyşynda biz — ýaşlarda Watançylyk, ahlaklylyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi we tebigata aýawly garamak häsiýetlerini terbiýelemegi nygtaýar. Aýratyn hem, ýaşlaryň tebigy zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin medeni-köpçülik, çeper-döredijilik bäsleşiklerini geçirip durmagy ündeýär.

Mynasyplar öňe saýlandylar

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen zehinli ýaşlary gözlemekde, ýüze çykarmakda we olary döredijilige höweslendirmekde uly işler bitirilýär. Golaýda şu maksat bilen Wekilbazar etrabyndaky 37--nji orta mekdepde ýaş zehinli okuwçylaryň arasynda ylmy-döredijilik bäsleşiginiň sergisi geçirildi. Bu çäräni welaýat baş bilim müdirligi etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurady. Ylmy-döredijilik bäsleşiginiň sergisine etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Täsirli geçen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň sergisiniň açylyş dabarasynda etrap bilim bölüminiň müdiri Begmuhammet Seýitgulyýew, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Nagmat Hümmedow çykyş etdiler. Olar milli Liderimiziň ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna bitirýän işlerine alkyş sözlerini aýdyp, zehinli ýaşlara bäsleşikde üstünlik arzuw etdiler. Bäsleşigiň jemi jemlenip, gelnen netijä laýyklykda surat çekmek boýunça 1-nji orna 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Täzegül Döwletowa, gyzlaryň arasynda el işleri boýunça 1-nji orna 37-nji orta mekdebiň okuwçysy Bägül Öwezmyradowa, öz düzen goşgularyny labyzly okamak boýunça 1-nji orna 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Söýli Artykowa, sanly tehnologiýalar boýunça 1-nji orna 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Yhlas Şöhradow, robot tehnologiýasy boýunça 1-nji o

Italýan dilini öwrenýäris

Ýakynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdepde bolduk. Öňden rus we iňlis dilleri öwredilýän bu mekdepde şu okuw ýylynda italýan dili hem girizilipdir. Italiýa dünýä medeniýetiniň ösen ýurdy hasaplanylýar. Islendik halkyň medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmakda, ilki bilen ol ýurduň dilini bilmek ähmiýetli bolup durýar. Biz okuwçylaryň okuw kitaplary, iş depderleri bilen gyzyklandyk. Italýan dili 5-nji synpdan okadylyp başlanýar. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 5-nji synpy üçin «Italýan dili» okuw kitaby, italýan dili iş depderi Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli çaphana usulynda taýýarlanypdyr. Bu mekdepde bolanymyzda, italýan dilini öwrenýän okuwçylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Nurgözel ÝOMUTBAÝEWA,5-nji synp okuwçysy:

Ylym-bilim — ýolumyzyň şamçyragy

Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, şolaryň hatarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hem ileri tutulýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Ylym-bilim — beýik daragt. Olar ýolumyza şugla saçýar. Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini işe ornaşdyrmak üçin hemme şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlara ýokary tizlikli elýete

Röwşen geljegiň eýeleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda körpe nesliň sazlaşykly ösmegi, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagy hem-de ähli taraplaýyn bilim-terbiýeli bolup ýetişmegi ugrundaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň aň-paýhas taýdan ösmegi, amatly dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin döredilen giň şertlerdir amatlyklar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. «Çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi durnukly döwlet ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip, çaga hakdaky alada aýratyn ähmiýet gönükdirýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglarynyň ýüzlerçesi guruldy, ozaldan hereket edýänleriň durky döwrebaplaşdyrylyp, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu bolsa, körpe nesilleriň doly derejeli sazlaşykly ösüşi we terbiýelenilmegi, zehinlerini açyp görkezmegi üçin örän ähmiýetli bolup durýar.

Iş-tejribe maslahaty

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasy bilen Daşoguz welaýat kitaphanasynyň arasynda sanly ulgam arkaly «Kitaphana ulgamynyň sazlaşykly ösüşi» atly iş-tejribe maslahaty geçirildi. Oňa iki welaýatyň kitaphana hünärmenleri gatnaşdy. Maslahatda kitaphana gaznalarynyň goraglylygynyň usulyýeti, kitaplary abatlamagyň we kitap ýygyndylaryny sanlylaşdyrmagyň meseleler barada gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda medeniýet we aň-bilim ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kitaphana işiniň ösdürilmegine aýratyn üns gönükdirýär. Döwlet Baştutanymyzyň elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we kitaplarynyň sanyny yzygiderli artdyrmak, sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek babatdaky tagallalary hem muňa aýdyň subutnamadyr.

Halkara bäsleşiginiň ýeňijileri

Ýanwar aýynyň 7-12-si aralygynda Gazagystan döwletinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça halkara ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň paýtagtyndan hem-de welaýatlaryndan mekdep okuwçylary uzak aralykdan internet arkaly gatnaşyp, ýeňişli orunlara mynasyp boldular. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde dünýä bilen aýakdaş ösýän ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek üçin döredilýän mümkinçilikleriň oňyn miwesidir. Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Süleýman Ataýew bu bäsleşige informatika dersi boýunça gatnaşyp, ýeňişli orna mynasyp boldy. Ol öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

Sanly bilim ulgamy we döwrebaplyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar, täze üstünlikler bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ulgama aýratyn üns berilýär, döwrüň iň täze gazananlary durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi ösüşleriň has-da ýokary bolmagyny üpjün edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösýär. Ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanatmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini öňküden-de ýokarlandyrmak babatynda uly möçberli taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu günki gün eziz Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Şeýle ösüşleriň hatarynda bilim ulgamynda ýetilen belent üstünlikleri hem aýratyn bellemegimiz gerek. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bilimiň ýokary hilini üpjün etmek, sanly bilimi işjeň durmuşa ornaşdyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň döwrebap bilimini üpjün edýär, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna ýardam berýär. Sebäbi aýdanyňda ýaşlar döwrüň iň täze gazananlaryny, innowasion tehnologiýalaryny oňat özleşdirýärler, bu ugurda köp ylmy çeşmeleri öwrenýärler. Munuň özi hem olaryň kämil hünärmenler bolmagyna hem oňat mümkinçilikleri döredýär.

Asylly ýörelgäniň beýany

Ata-babalarymyz maşgala terbiýesi, onuň bitewiligi, agzybirligi, mizemezligi barada asyrlaryň dowamynda ençeme halk döredijilik eserlerini kämilleşdirip, biziň şu günlerimize ýetiripdirler. Maşgala terbiýesiniň mizemez esaslaryny türkmen akyldarlary, şahyrlary öz eserlerinde içgin we inçeden beýan edipdirler. Mälim bolşy ýaly, çaga terbiýesi barada has ir alada edilýär. Ene-ata perzendiniň sagdyn bolup dünýä inmegi, onuň gowy, il-güne peýdaly adam bolup ýetişmegi baradaky aladany ilkinji günlerden edip başlaýarlar. Körpe çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn ösüp kemala gelmegi üçin diňe bir maşgalasy däl, eýsem, döwlet tarapyndan hem ägirt uly aladalar edilýär.

Kämilligiň berk binýady

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda eşretli zamananyň bagtyýar ýaşlary ylmyň, bilimiň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşaýşy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ähli ulgamlarda il bähbitli, ýurt ähmiýetli möhüm işleriň üstünlikli çözülmegi üçin giň mümkinçilikler bar. Şol sanda hormatly Prezidentimiz bilim, ylym ulgamynyň ösüşi, ýaşlaryň has kämil tehnologiýalardan baş çykaryp, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary amala aşyrýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, sanly bilim ulgamynyň durmuşa giňden ornaşdyrylýandygyny görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyz “Häzirki döwürde ylma daýanmazdan, islendik döwletiň durnukly öňe gitmegini we hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini gazanmak, sözüň doly manysyndaky ýokary tehnologiýalary, önümçilikleri döretmek asla mümkin däldir. Jemgyýeti ösdürmegiň hereketlendiriji güýji hökmünde ylym ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär, Berkarar Watanymyzyň dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynda esasy şertleriň biri bolup durýar” diýip nygtamak bilen, döwletiň ösmegi üçin ylmyň, bilimiň esasy ugurdygyny belleýär. Hut şonuň üçin ýurdumyzda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy” tassyklanyldy.

Çagalara sanlary we şekilleri öwretmek

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maksady çagany irki ýaşdan başlap akyl we beden taýdan kämil edip ýetişdirmekdir. Çagalar bagynda guralýan her bir sapagyň netijeli bolmagy üçin terbiýeçiniň taýýarlykly bolmagy hökmandyr. Her bir terbiýeçiniň çaga sowat-terbiýe öwretmegi, sapak guramagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Döwrebap gurlan çagalar edaralarymyzyň otaglarynyň içi kämil derejede gurnalan bolup, onda zerur şertler döredilen. Çagalar bilen sapaklar guralanda multimedia tagtasy, kompýuter we lingafon otaglary terbiýeçileriň işlerini ýeňilleşdirýär. Matematika dersinden uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparymda “Sanlary öwretmek” diýen temany geçenimde ýörite görkezme esbaplary taýýarlaýaryn. Çagalara sanlary, sanamagy öwredeniňde gündelik durmuşda görýän, olaryň halaýan we olary gyzyklandyrýan zatlara ýüzlenmek mümkin. Şonda olar öwredilenler boýunça gaýtalamaga we ýatda saklamaga ukyply bolýar. Bular boýunça käbir mysallara ýüzleneliň!

Sapagy innowasion tehnologiýalar arkaly guramak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, ruhubelent, sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, orta mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işleriniň many-mazmuny baýlaşdyrylýar, okatmagyň hili gowulandyrylýar. Ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi gönüden-göni orta mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň derejesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz orta mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň hemmetaraplaýyn hem-de çuňňur bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny aýratyn belleýär. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini çözmek maksady bilen ýurdumyzda orta mekdepleriň enjamlaýyn binýadyny berkitmek, okuw-terbiýeçilik işlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirip, interaktiw usullardan peýdalanmak, multimedia tilsimatlaryny ulanmak, sanly bilim ulgamyna geçmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Ylym-bilim — üstünlikleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2021-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň sany, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy. Ýurdumyzda bu ugurda bitirilýän işler bilen bagly Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň müdiri Gülälek ANNANEPESOWANYŇ sowallarymyza beren jogaplaryny okyjylarymyza ýetirýäris. — Gülälek Orazmyradowna, şu ýyl aspirantura hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige näçe adam kabul ediler?