Asylly ýörelgäniň beýany

21 Fewral 2021
1540

Ata-babalarymyz maşgala terbiýesi, onuň bitewiligi, agzybirligi, mizemezligi barada asyrlaryň dowamynda ençeme halk döredijilik eserlerini kämilleşdirip, biziň şu günlerimize ýetiripdirler. Maşgala terbiýesiniň mizemez esaslaryny türkmen akyldarlary, şahyrlary öz eserlerinde içgin we inçeden beýan edipdirler.

Mälim bolşy ýaly, çaga terbiýesi barada has ir alada edilýär. Ene-ata perzendiniň sagdyn bolup dünýä inmegi, onuň gowy, il-güne peýdaly adam bolup ýetişmegi baradaky aladany ilkinji günlerden edip başlaýarlar. Körpe çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn ösüp kemala gelmegi üçin diňe bir maşgalasy däl, eýsem, döwlet tarapyndan hem ägirt uly aladalar edilýär.

Aýjemal RAHIMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar