Bu gojaman dünýäde her ynsan öňünde maksat goýýar we oňa ýetmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Ýüreginde beslän arzuwlarynyň wysal tapmagy ugrunda göreşýär. Özüne hünär saýlaýar, kem-kemden kämilleşýär. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, çaganyň şol döwürde öýde ene-atalar, çagalar bagynda terbiýeçiler, mekdepde mugallymlar tarapyndan mähir, üns-alada bilen gurşalyp alynmagy gerek. Şeýle bolanda, ol öz ukyp-başarnygyny doly açyp görkezmegi, özüne hünär saýlamagy başarýar.
Ýurdumyzda ýaşlaryň çagalygyndan göwün söýen kesp-käri bilen gyzyklanmaklaryny artdyrmak we okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen mekdepden daşary bilim edaralary hereket edýär. Olaryň biri-de Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüdir. Indi otuz bäş ýyldan bäri işläp gelýän bu döredijilik ojagynyň bilim işgärleriniň esasy wezipesi ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olarda milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza hormat-sarpany kemala getirmek, edep-ekramly, bilim-sowatly, ukyp-başarnykly, zehinli hem başarjaň ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Bu ýerde ýaşlara halyçylyk, keşdeçilik — milli nagyş, biçimçi-tikinçi, aýdym-saz, tans, milli miras, çeper eller, ýaş tebigaty söýüjiler, ýaş aşpezler, ýaş suratçylar ýaly ugurlar boýunça hünärler öwredilýär. Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde hem-de etrabyň çägindäki orta mekdeplerde bu ugurlarda sapaklary göwnejaý geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Oňa hünär öwrenmäge höwesek çagalar 5-6 ýaşyndan kabul edilýär. Isleg bildiren çaga höwesine, ukybyna, boş wagtyna görä, birnäçe gurnaga gatnaşyp we olary ýylyň dowamynda çalşyp bilýär. Çagalar esasan hem tans, aýdym-saz, biçimçi-tikinçi, ýaş suratçylar, halyçylyk ýaly gurnaklara uly höwes bilen gatnaýarlar.