Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasy bilen Daşoguz welaýat kitaphanasynyň arasynda sanly ulgam arkaly «Kitaphana ulgamynyň sazlaşykly ösüşi» atly iş-tejribe maslahaty geçirildi. Oňa iki welaýatyň kitaphana hünärmenleri gatnaşdy.
Maslahatda kitaphana gaznalarynyň goraglylygynyň usulyýeti, kitaplary abatlamagyň we kitap ýygyndylaryny sanlylaşdyrmagyň meseleler barada gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda medeniýet we aň-bilim ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kitaphana işiniň ösdürilmegine aýratyn üns gönükdirýär. Döwlet Baştutanymyzyň elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we kitaplarynyň sanyny yzygiderli artdyrmak, sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek babatdaky tagallalary hem muňa aýdyň subutnamadyr.