Kämilligiň berk binýady

21 Fewral 2021
1214

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda eşretli zamananyň bagtyýar ýaşlary ylmyň, bilimiň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşaýşy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ähli ulgamlarda il bähbitli, ýurt ähmiýetli möhüm işleriň üstünlikli çözülmegi üçin giň mümkinçilikler bar. Şol sanda hormatly Prezidentimiz bilim, ylym ulgamynyň ösüşi, ýaşlaryň has kämil tehnologiýalardan baş çykaryp, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary amala aşyrýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, sanly bilim ulgamynyň durmuşa giňden ornaşdyrylýandygyny görkezmek bolar.

Gahryman Arkadagymyz “Häzirki döwürde ylma daýanmazdan, islendik döwletiň durnukly öňe gitmegini we hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini gazanmak, sözüň doly manysyndaky ýokary tehnologiýalary, önümçilikleri döretmek asla mümkin däldir. Jemgyýeti ösdürmegiň hereketlendiriji güýji hökmünde ylym ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär, Berkarar Watanymyzyň dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynda esasy şertleriň biri bolup durýar” diýip nygtamak bilen, döwletiň ösmegi üçin ylmyň, bilimiň esasy ugurdygyny belleýär. Hut şonuň üçin ýurdumyzda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy” tassyklanyldy.

Dünýägözel ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar