Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirýän işleri bagtyýar halkymyzyň röwşen geljegini üpjün edýär. Ýeňişli menzillere barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bilim binalary obadyr şäherleriň gözelligine gözellik goşup, gurulýan binalaryň ep-esli bölegini tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren giň mümkinçilikleri netijesinde häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalar biziň gündelik hemramyza öwrüldi. Mähriban Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan beýik işleri türkmen ýaşlaryna baky bagtyýarlyk paýlaýar. Bu bagtyýarlykdan ykbaly şuglaly ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almaklary, eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagy, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilýän uly tagallalar her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär.
Gahryman Arkadagymyz her bir çykyşynda biz — ýaşlarda Watançylyk, ahlaklylyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi we tebigata aýawly garamak häsiýetlerini terbiýelemegi nygtaýar. Aýratyn hem, ýaşlaryň tebigy zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin medeni-köpçülik, çeper-döredijilik bäsleşiklerini geçirip durmagy ündeýär.